Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň täze häkimini wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň täze häkimini wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Arkadag şäheriniň täze häkimini bellemek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, Gülşat Sahyýewna Mämmedowa Arkadag şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Şamuhammet Durdylyýewi, saglyk ýagdaýy sebäpli, Arkadag şäheriniň häkimi wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ýene degişli makalalar

7-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Gülşat Mämmedowa Arkadag şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi
Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti
Zenan kalbyndan dörän nepislikler atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi
20-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Magtymguly Pyragy-şygyrýet äleminiň çyragydyr atly aýdym-sazly döredijilik söhbetdeşligi