Şu gün Oguzkent myhmanhanasynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisiniň dowamynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow ahalteke atçylygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan türkmen atşynaslaryna, şeýle-de assosiasiýanyň agzalary bolan daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlara we assosiasiýanyň Dolandyryş müdiriýetiniň türkmen hem-de daşary ýurtly täze agzalaryny kabul etmek baradaky çözgüdini tassyklamak hakynda Kararlara gol çekdi.
Türkmenistan gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ada mynasyp bolan, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Ýaponiýanyň Akhal-teke Affinity Co.LTD hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Miçiko Aoe mejlisde sanly ulgam arkaly eden çykyşynda hormatly Prezidenti saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna täze kabul edilen, Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň Sport we bedenterbiýe komitetiniň Milli atly sport görnüşleri merkeziniň direktory Amanžol Amandykowiç Hasenow bolsa agzalyga kabul edilmek baradaky haýyşnamasynyň kanagatlandyrylmagynyň özünde ýakymly duýgulary döredendigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle-de, okaň!