Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.Irden döwlet Baştutanymyz bu iri möçberli gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýn ir säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda täze taýçanagyň dünýä inendigi baradaky hoş habary eşidip, bu topluma sowuldy.
Bu ýerde işleýän atşynas milli Liderimizi mähirli garşylap, döwlet Baştutanymyza täze doglan taýy görkezdi.Hormatly Prezidentimiz atşynas bilen salamlaşyp, onuň iş aladalary, maşgala durmuşy, hal-ahwallary bilen içgin gyzyklandy hem-de onuň Döwlet tugramyzda orun alan ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, şöhratly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk däplerini döwrebap derejede ösdürmek ýaly asylly käriň eýesidigini belledi.
Milli Liderimiz bu ugurda mundan beýläk-de zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegi üçin döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada ediljekdigini aýtdy.Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň seýsi, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary O.Annalyýew milli Liderimiziň bu künjege Şa gadamynyň düşen pursatlarynda ady rowaýata öwrülen Pereňiň nesil ugruna degişli Gözbaş we Keýkilhan atly bedewlerden bolan gurtmele reňkli taýçanaga at dakyp bermegini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan haýyş etdi.
Soňra milli Liderimiz asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara eýerip, Ogulabat ejäniň ören alajasyny ýagşy arzuwlar bilen taýçanagyň boýnuna dakdy.Milli Liderimiz atşynaslara alyp barýan döwletli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Atşynasa döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgat gowşuryldy.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine tarap ugrady.Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi.
Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy üçin seçilip alnan ýeriň ähli görkezijiler babatda şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegini öz içine alýan durmuş-ykdysady wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Bu bolsa milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.Döwlet Baştutanymyz welaýatyň häkimliginiň öňündäki meýdançada oturdylýan, beýikligi 40 metr bolan “Ahal” monumentiniň gurluşygynyň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz halkymyz üçin has amatly şertleri döretmegiň şähergurluşyk maksatnamasyny hem-de tutuş döwlet syýasatyny amala aşyrmakda esasy ýörelge bolmalydygyna ünsi çekdi.Milli binagärligiň iň gowy däplerini we dünýäniň şähergurluşyk babatdaky gazananlaryny özünde jemleýän, giň gerimde gurulýan döwrebap desgalaryň ählisi şu ýörelgä laýyk gelmelidir.
Soňra milli Liderimiz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde gurulýan we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary barada ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ahal” monumentiniň hem-de Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň içki we daşky görnüşleriniň, onuň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň taslamalary hödürlenildi. Şekil taslamalaryň hatarynda täze edara ediş merkeziniň çäginde gurulýan 100 we 150 orunlyk çagalar baglarynyň içki bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumat berýän şekiller hem bar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza hususyýetçileriň alyp barýan gurluşyk işleri, aýratyn-da, olaryň dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna gatnaşyşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýeti bolan döwrebap awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna ak pata berip, onda ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desganyň bellenen möhletlerde gurlup, ulanmaga berilmeginiň esasy talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda seýilgäh-dynç alyş zolagynyň ýerleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.Zolagyň çäginde Ahal welaýatynyň taryhy-medeni seýilgähi diýlip atlandyrylan bölekde sebitde bar bolan taryhy ýadygärlikleriň, aramgähleriň we zyýarat edilýän ýerleriň, ýadygärlikleriň şekilleri ýerleşdiriler.
Milli Liderimiz seýilgähiň daş-töwereklerinde dag arçasyny ekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we bu ýerde ekiljek baglaryň ideg işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.Munuň özi bu künjekde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ýerine ýetirilýän gurluşyklaryň potratçylarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bu ýere gelýärkä, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda täze taýçanagyň dünýä inendigini eşidip, oňa baryp görendigini we atşynaslar bilen söhbetdeş bolandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, wise-premýer E.Orazgeldiýewe atçylyk pudagyny döwlet býujetinden daşary serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmek meselelerini öwrenmegi tabşyrdy.Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler babatda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň düzümini gowulandyrmak hem-de mundan beýläk-de ösdürmek boýunça-da netijeli işler alnyp barylýar diýip belledi.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň dowam edýän gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini hem barha ýokarlanýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Bu bolsa ýurdumyzda giň möçberli şähergurluşyk maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, täze edara ediş merkezinde gurluşyk işlerini ýerine ýetirýän hususy kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.Hususan-da, “Birleşme-Gurluşyk” jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasynyň ýolbaşçysy, “Saýaly menzil” hojalyk jemgyýetini, “Ussat inžener” hususy kärhanasyny esaslandyryjylar, “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy, “Dost gurluşyk, söwda önümçilik” hojalyk jemgyýetini esaslandyryjy, “Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň, “Nusaý ýollary” hususy kärhanasynyň direktorlary, “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory, şol jemgyýetiň baş inženeri, “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasyny esaslandyryjy bu ýerde gurluşyk, ýol-ulag, inženerçilik düzümlerine degişli desgalaryň, seýilgähleriň we beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly alyp barýan işleri barada hasabat berdiler. “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew täze edara ediş merkezinde ýola goýulmagy meýilleşdirilýän internet we aragatnaşyk ulgamynyň häzirki zaman görnüşleri, olaryň netijeli işini ýola goýmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz “akylly” şäheriň konsepsiýasynyň öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýandygyny belledi. Şolaryň kömegi bilen şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän bitewi ekologik ulgam emele gelýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ahal welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň başlygy M.Pirgulyýew bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işlerine edilýän gözegçiligiň netijeleri, şeýle hem gurluşygyň üpjünçilik derejesini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow täze merkeziň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki döwrüň talabyna we iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasyna doly laýyk gelýändigi barada hasabat berdi.
Ol şeýle hem welaýat merkeziniň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamak we gurluşykda ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.Soňra gurluşyk we binagärlik ministri G.Orunow merkeziň gurluşygynda, bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler hem-de binalaryň daşky we içki görnüşleriniň aýratynlyklary, şeýle hem gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, welaýatyň senagat düzüminiň işini kämilleşdirmek, gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýändigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ähli tapgyrlarynda alnyp barylýan işler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar.Bu bolsa gurluşygyň depginleriniň artmagyny, olaryň hil derejesiniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmegini şertlendirýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini üpjün etmek, bu işlerde sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ýerli howa hem-de toprak şertlerine laýyk gelýän baglarydyr ösümlikleri ekmek, welaýat merkezinde gurulýan binalarda we desgalarda milli binagärlik aýratynlyklaryny giňden ulanmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän şular ýaly işleriň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigini aýdyp, “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň meseleleri hakynda” Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu günki çärä gatnaşanlara berk jan saglygyny, rowaçlyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.