
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy hökmünde bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz hatynda belledi we bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.