Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefonda söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefonda söhbetdeş boldy

Şu gün, amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, dünýä bileleşigi tarapyndan uly ähmiýet berilýän möhüm ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça COP-28 maslahatyna taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatdaky hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary hukuk taýdan berkitmegiň mümkinçilikleri söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy.

Söhbetdeşlikde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanylýandygyny, dünýä döwletleriniň garaýyşlaryna, şol sanda ABŞ-nyň bu babatda halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça geçirýän çärelerine hormat bilen garalýandygyny, öňe sürýän başlangyçlaryna bolsa türkmen tarapynyň oňyn baha berýändigini belledi.

ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili Prezident Serdar Berdimuhamedowa howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly häzirki döwrüň möhüm meselesini çözmek we atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uly ähmiýetli işleri geçirýändigi üçin hoşallyk bildirip, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ählumumy ekologik wehimleriň dünýä döwletleriniň öňünde täze wezipeleri, ozaly bilen, milli meýilnamalaryň hem-de strategiýalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, olara parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça häzirki zaman usullarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly wezipeleri goýýandygy bellenildi. Şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýumlary gönükdirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagynyň öz çözgüdini talap edýändigi barada aýdyldy.

Söhbetdeşlikde Glazgoda geçirilen COP-26 maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasy boýunça başlangyjy goldaýandygyny we onuň düýpli öwrenilmegine gyzyklanma bildirýändigini mälim edendigi barada-da aýdyldy we bu mesele boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri oňyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek baradaky pikiri tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefonda söhbetdeş boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
14-nji oktýabr Elektron zyňyndylaryň halkara güni
152 ýyl ozal şu gün, milli ýygyndylaryň arasynda ilkinji duşuşyk geçirilýär
“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi
“Reýnjers” 11 ýyldan soň 11-nji gezek Çempionlar Ligasynda