5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan — ABŞ işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, General Electric Gas Power kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde gazturbina enjamlarynyň satuwy boýunça wise-prezidenti Bris Razany, John Deere kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony, Nicklaus Companies kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Rizi, Smartmatic kompaniýasynyň esaslandyryjysy hem-de Baş ýerine ýetiriji direktory Antonio Mugikany, Westport Trading Europe Limited kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony hem-de UGT Renewables kompaniýasynyň amallar işi boýunça wise-prezidenti Dýuk Gimi kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda, maýa goýum işi, işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — ABŞ işewürlik geňeşiniň ähmiýetli orny aýratyn bellenildi.
Türkmenistanda halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirilen ygtybarly kanunçylyk binýady, dürli ulgamlarda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin has amatly şertler döredildi. Şol ulgamlaryň hatarynda nebitgaz, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumy, dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar ulgamlary bar. Şeýle hem sport ulgamynda, ugurdaş infrastrukturalary döretmek, hususan-da, golf ýaly sportuň dünýäde meşhur görnüşi üçin infrastrukturalary döretmek ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin oňyn mümkinçilikler bar.