Türkmenistanyň Prezidenti 9 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti 9 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi.

Türkmenistan gazetinde habar berlişi ýaly, mejlisiň gün tertibine ýurduň howpsuzlygyny we asudalygyny üpjün etmek, şeýle-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek we olaryň işini kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Mejlisde, ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň geçen dokuz aýynda ýurduň goranmak ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleri üpjün etmek, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň barşy barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň, halkyň abadan, döredijilikli durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýan milli Harby doktrinada kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany ýurduň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýaş serkerdeleriň we esgerleriň şöhratly pederleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine, olaryň nazaryýet we söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini belläp, bu ugurda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işler we olaryň netijeleri, degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabatlary diňläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeler bilen baglylykda, anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Hökümet agzalaryna Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly gowşuryldy
Jemgyýetiň asudalygy raýatlaryň bagtyýarlygy
Prezident: Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär
Halkymyzyň abadan durmuşy üpjün edilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
5 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
4 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi