Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň jemleri barada aýtdy

Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň jemleri barada aýtdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 29-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanda 2023-nji ýylyň netijeleri barada aýtdy. Bu barada TDH ýazýar. Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2023-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhynda hemişelik galjakdygyny belledi.

2023-nji ýylda Ministrler Kabinetiniň 46, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 10 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 44-si geçirildi. Bu mejlislerde, maslahatlarda döwletiň içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm meselelere seredildi. Geçip barýan ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Döwlet Baştutany ýurduň ähli sebitlerinde önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynyň dowam edýändigini kanagatlanma bilen belledi.

2023-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda ilkinji "akylly" şäher --- Arkadag şäheri açyldy. Bu şähere kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi — döwlet ähmiýetli şäher derejesi berildi. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Gurluşygyň tamamlanan birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy bina edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sebitde deňi-taýy bolmadyk “smart-sitiniň” — sanly we “akylly” tehnologiýalar merkeziniň gurulmagy döwletiň ykdysady taýdan örän kuwwatlydygynyň, ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap ynamly barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Aşgabat şäheri “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary syýasatyň meselelerine degip geçip, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Türkmen döwletiniň başlangyjy esasynda şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny, Bütindünýä durnukly ulag güni atly Kararnamalar, şeýle hem Türkmenistanyň dört sany dürli halkara guramanyň düzümine saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri atly milli hödürnamasy bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi, Gazagystan we Özbegistan Respublikalary bilen hödürlän Aram guşaklykdaky Turan çölleri atly köptaraplaýyn hödürnamalary bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryny we ähli watandaşlaryny ÝUNESKO-dan gelen hoş habar bilen gutlady
Aşgabatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi
Ýurdumyzyň täsin çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
Milli mirasymyzyň halkara derejesindäki dabaralanmasy