Türkmenistanyň Prezident oba hojalyk meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Prezident oba hojalyk meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi

21-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. TDH-da habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda pagta ýygymy dowam edip, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygymyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar netijeli işledilýär.

Welaýatlarda bugdaý ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar.Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.

Sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.

Hasabatlarda welaýatlaryň çäklerindäki edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň işe girizilip, olaryň kadaly işlemegini üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň görülýändigi barada hem aýdyldy.

Häkimler welaýatlarda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek bilen bagly işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde ýerine ýetirilmelidigini belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragynyň dowam edýändigi, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurduň oba hojalygy pudagynda jogapkärli döwrüň --- pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigine ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegiň, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegiň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany welaýatlarda bugdaý ekişiniň hem dowam edýändigine ünsi çekip, ekişiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň bugdaýyň bol hasylyny almaga, ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmäge ýardam etjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli tabşyryklar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işlerine berk gözegçilik etmegi hem-de Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaga başlamaga gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gyş paslynyň hem golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýurdy 2022 --- 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy
Türkmenisanyň Prezident oba hojalyk meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Oba hojalygynda jogapkärli möwsüm dowam edýär
10 oýunçy bolup ýeňdi, ýene-de awtogollar sebäpli utuldy
Möwsümleýin oba hojalyk işleri gyzgalaňly dowam edýär