Türkmenistanyň polisiýasynda kadrlaryň geldi-geçerligi güýçlenýär

Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň ýokary bolmagyna garamazdan, polisiýanyň rýadowoý we kiçi ofiserler düzüminde kadrlaryň geldi-geçerligi artmasa, kemelmeýär. Ozaly bilen-de patrul-post gullugynyň we uçastok polisiýalarynyň işgärleri kän işden çykýar.

Polisiýada işlemek üçin mekdebi tamamlandygyň hakyndaky şahadatnama bilen goşunda gulluk eden bolmagyň ýeterlik. Ýaş adamlary bu işe gowy aýlyk 17001900 manat bilen bir hatarda ýönekeý adamlaryň üstünden höküm sürmek duýgusy höweslendirýär.

Emma, durmuş ýüzünde polisiýa işgärleriniň diňe garrylara we ownuk-uşak zatlaryň söwdasyny edýän aýallara erki ýetýär. Polisiýa işgärleri olary ellerindäki harytlaryny alyp, jerime salyp, söwda edýän ýerinden kowup bilýärler. Uçastok polisiýasynyň ýene bir başarýan işi özlerine degişli ýerde bolýan durmuş we maşgala dawalaryna goşulyşmak bolup durýar.

Polisiýa işgärleri has çynlakaý jenaýat işleriniň golaýyna barmaga çekinýärler, sebäbi jenaýatçylar köplenç güýç gurluşlarynyň regional ýolbaşçylary bilen baglanyşykly adamlar bolup çykýar.

Soňky iki ýylda ýurtda ownuk jenaýatlaryň möçberiniň aşa köpelmegi netijesinde, polisiýa işgärleriniň işleri gaty köpeldi we olaryň dynç günleri tas ýok diýen ýaly.

Mundanam başga, polisiýa işgärleriniň üstüne öz gulluk borçlaryna göni girmeýän işleri hem ýükleýärler. “Saňa diňe öz degişli ýolbaşçyň däl, eýsem polisiýanyň islendik ofiseri, MHM-niň işgäri, prokuraturanyň sülçüsi hem buýruk berýär. Özem diňe iş boýunça-da däl, aýdaly “bize bir çaý içişlik taýýarlar” diýen ýaly. Öz içine palowy, spirtli içgileri we beýlekileri hem alýan “çaý içişligiň” ähli harajady kiçi çinli polisiýa işgäriniň boýnuna düşýär” diýip, golaýda polisiýadan işden çykan ozalky seržant gürrüň berdi.

Biziň synçylarymyzyň bellemeklerine görä, mysal üçin, 1-nji sentýabrda Daşoguzdaky uçastok polisiýasynyň işgärlerini köçe hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň ýerine goýup, şolaryň wezipesini ýerine ýetirmegi köçe hereketini düzgünleşdirmegi we düzgüni bozanlara jerime ýazmagy talap etdiler.

Emma, ýaş işgärleriň hemmesi, köpüsi oba mekdeplerini tamamlan bolansoň, köçe hereketiniň düzgünlerini bilmeýär.Olaryň köpüsi jerime ýazgysyny nähili ýazmalydygyny bilmän, nähili düzgün bozandyklaryny ýazmagy sürüjileriň özlerinden haýyş edýärler. Şol bir wagtda-da ýolbaşçylar bir smenada ýazylan jerimäniň möçberiniň 1000 manatdan az bolmazlygyny talap edýärler.

Ozalky polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, polisiýa işe giren ýaş işgärler 4-5 aýdan işden çykmaga başlaýarlar. Bir, bir ýarym ýyldan bolsa, polisiýanyň hataryna täze işe girenleriň ýaryndan hem azysy galýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Özbegistanyň konstitusiýasyna üýtgeşmeler girizmek boýunça ses bermek üçin uçastoklar açylar, hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlyk görüp başlady we beýleki habarlar
Polisiýa Türkmenistanyň şübheli’ adamlaryna telefon etmäge başlady
Ýuridiki konsultasiýalar. Polisiýa işgäri pasportyňy alyp bilýärmi? Aşgbatda propiskasyz ýaşamak mümkinmi?
Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyna syn. Sentýabr 2017. AHTI-niň hasabaty
20.03.2018 | GDA-nyň synçylarynyň wekilçilikli topary: saýlaw möwsümi açyk bäsdeşlik hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär
24.03.2018 | 25-nji martda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler