“Türkmenistanyň penitensiar edaralary” AHTI-niň hasabaty

Adam hukuklary baradaky “Türkmen inisiatiwasy” we Türkmenistanyň Garaşsyz ýuristler birleşigi (TGÝB) türkmen türmelerindäki ýagdaý barada hasabat taýýarlady.

“Türkmenistanyň penitensiar edaralary” barada şunuň ýaly görnüşde taýýarlanylan ilkinji hasabat 2010-njy ýylyň fewralynda çap edildi.

Şondan bäri geçen döwür içinde Türkmenistanda birnäçe kanunçylyk inisiatiwasy öňe sürüldi, şol sanda täze Konstitusiýa hem kabul edildi. Ýurtda halkara hukuk normalarynynyň has netijeli durmuşa ornaşdyrylmagy üçin 2016-2020-nji ýyllarda adam hukuklary boýunça milli iş plany kabul edildi. Şeýle-de Türkmenistanda 2017-nji ýyldan bäri Ombudsmen instituty işleýär.

Bu görlen çäreleriň ählisi režimiň belli bir derejede demokratlaşýandygy barada pikir döredýär.Gynansak-da, “de-ýure” üýtgeşmeleri “de-fakto” üýtgeşmelerine alyp gelmedi Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar. Şeýle ýagdaýdaky ýurtda azatlykdan mahrum edilenleriň saklanýan ýerleriniň ýapyk we baryp görmesi berk çäklendirilen tussaghanalaryň näderejede açyk-aýdyňdygyny göz öňüne getirmek kyn bolmasa gerek.

Halkara Gyzyl haç komitetiniň (HGHK) hiç bir perspektiwa görmän, Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen gepleşik prosesinden çykmagy hem türmeleriň töweregindäki ýagdaýyň näderejede agyrlaşandygynyň görkezijisi boldy. Gepiň gysgasy, HGHK “Türkmenistanyň Gyzyl hajyň ynsanperwerlik işiniň prinsiplerini we esaslaryny ret edýändigini hem-de gepleşikleri terk etmäge, şol sanda türmelerde dereksiz ýitenleriň ykbaly hakyndaky gepleşiklerden çykmaga mejbur bolandygyny” aýtmaly boldy.

Hut şu sebäpden tem AHTI we TGÝB, türmeleriň ýagdaýy barada owaldan bar bolan materiallara syn etmek we deslapky maksatlaýyn monitoringi geçirmek bilen, ikinji hasabatyny taýýarlamaga girişdi. Şeýle materiallaryň çap edilmegi zerurlyk bolup durýar.

Muny beýleki faktlar bilen bir hatarda BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň Türkmenistandan gowuşýan şahsy şikaýatlara seredip, karar kabul edende AHTI-niň we TGÝB-niň ilkinji hasabatyna salgylanmagy hem tassyklaýar.

Türkmenistanda 22 sany pentensiar edara bar. Olaryň 13-si koloniýalar (dürli saklaýyş düzgünli), 6-sy derňew izolýatorlary (SIZO) we 3-si bejeriş-zähmet profilaktoriýalary (LTP). Olarda 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli 30452 bendi saklanýardy.

Hasabatda statistiki maglumatlar, ýurduň pentensiar edaralaryndaky ýagdaýlar, şol sanda adam gynamalar we ýowuz daramalar faktlary, netijede tussaglaryň heläk bolşy ýa-da agyr ýagdaýlara salnyşy bilen bagly faktlar getirilýär.

Hasabaty şu salgydan indirmek mümkin (PDF, 0,5MB).

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan: Adam hukuklary babatda esasy wakalara we tendensiýalara syn
Zaman Türkmenistan PDF 20-12-2024
Suratly sözlük arkaly özbaşdak dil öwrenmegiň innowasion usullary
Zaman Türkmenistan PDF formatynda 2023-07-21
Zaman Türkmenistan PDF formatynda 2023-07-14
Zaman Türkmenistan PDF formatynda 2023-07-07