Şy ýylyň “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” maksatnamasynyň çäklerinde we her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň biraýlygy mynasybetli Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy Demirgazyk Hytaý tehnologiýa uniwersiteti bilen bilelikde sportyň birnäçe görnüşi boýunça ýaryş geçirdi.
Türkmen ýaşlarynyň 80-siniň okaýan şu ýokary okuw mekdebiniň sport toplumynda kiçi futbol, woleýbol, ylgamak, stol üstünde oýnalýan tennis, küşt we şaşka boýunça ýaryş geçirildi.Bäsleşiklere jemi 150 adam: şol sanda Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, mekdep okuwçylary, diplomatlar we olaryň maşgala agzalary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew ýaryşyň açylyş dabarasynda çykyş edip, türkmen Lideriniň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, ýokary netijeli sport ulgamyny ösdürmek we ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alyp barýan syýasaty barada gürrüň berdi.
Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň wajyp guraly hökmünde sport diplomatiýasynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.Türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Demirgazyk Hytaý tehnologiýa uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna, hususan-da, Uniwesitetiň düzümleriniň ýaryş geçirmekde ulanylmaga berlendigi, şeýle hem ýaryşyň üstünlikli geçmegine ýardam eden meýletinler toparynyň döredilendigi üçin bu ýokary okuw mekdebiniň prorektory, professor hanym Şen Sziliniň hut özüne minnetdarlyk bildirdi.
Sportuň ähli görnüşleriniň ýeňijileri Türkmenistanyň Ilçihanasynyň we Demirgazyk Hytaý tehnologiýa uniwersitetiniň rektoratynyň döreden ýörite Kuboklary, olarda baýrakly orunlary eýelänler bolsa, ýadygärlik sowgatlary hem-de diplomlary bilen sylaglandy. Ýaryşa gatnaşanlar we onuň myhmanlary üçin giňden ýazylan desterhanda türkmen halkynyň milli tagamlary goýuldy.
Aýdym-sazly çykyşlar oňa baýramçylyk ruhuny çaýdy.Demirgazyk Hytaý tehnologiýa uniwersitetinde bolan wagty Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Dyrdyýew bu ýokary okuw mekdebiniň prorektory hanym Şen Szili bilen geçiren duşuşygynda ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiligi we degişli ähtnamany taýýarlamagyň jähtleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar bu ýokary okuw mekdebinde işlenilip taýýarlanylan inženerçilik, tehnologiýalar, ynsanperwer we beýleki ugurlardan bakalawriat, magistratura we doktorantura maksatnamalary boýunça giň mümkinçilikleri göz öňüne tutmak bilen ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler.