Türkmenistanyň pagta önümleri gadagançylyklaryň bardygyna garamazdan, Amerikada satylýar

Türkmenistanyň pagta önümleri gadagançylyklaryň bardygyna garamazdan, Amerikada satylýar

2018-nji ýylda ABŞnyň häkimiýetleriniň Türkmenistandan pagta ýa-da ondan edilen tekstil önümleriniň importyna gadaganlyk girizendigine garamazdan, BŞ-yň internet sahypalarynda Türkmenistanyň önümi bolan ýatak örtgileri, el süpürilýän polotensa we matalar satylýar.

Bu barada “Türkmen.News ” neşiri habar berdi.

Gadagan edilýän harytlar Massaçusetsi ştatyndaky, Bostonyň “Waýfaýr” korporasiýasynyň söwda sahypasynda teklip edilýär.

Ol ýerde Türkmenistanyň ýatak örtgileri “Ophelia and Co” brendi, polotensasy “Winston Porter”, Ebern Designs, Samnm Trade, MSrugs brendleri we matalary bolsa, RM Coco brendi astynda satylýar.

Bularyň ählisi elimizde bar we olary birnäçe günüň dowamynda ýetişdirmek mümkin diýilýär.

MSrugs brendi astynda polotensa Amazon hem satylýar. Emma, häzir olar satuwda ýok.

2018-nji ýylda BŞ-yň häkimiýetleri Türkmenistanyň pagtasyna we ondan doly ýa-da bölekleýin edilen önümlere gadaganlyk girizipdi.

Muňa sebäp hökmünde Türkmenistanda pagta we pagtadan edilen önümler öndürilende adamlaryň mejbury işledilýändigi görkezilipdi. Şonuň üçinde, eger olar ýurdyň serhedine getirilse, tussag ediler.

Türkmenistandan pagta we pagta önümlerini satyn almazlyk baradaky ylalaşyga 119 şirket gol goýupdy.

Olaryň arasynda Adidas, Nike, Burberry, H&M şirketler topary we beýleki meşhur şirketler bar diýip “Türkmen.News” ýazýar.

Şu ýylyň mart aýynda hökümete degişli bolmadyk “Türkmen News” we “Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy ” bilelikde syn taýýarlap, mejbury zähmeti ulanmagyň adam hukuklary boýunça Halkara normalary bilen birlikde Türkmenistanyň öz kanunçylygyny godek bozmakdygyny bellediler. The post Türkmenistanyň pagta önümleri gadagançylyklaryň bardygyna garamazdan, Amerikada satylýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Nike bäsdeşlerini ogurlykda aýyplady
Türkmen talyplary Kazan şäherinde geçirilen Tomusky uniwersitet taslamasyna gatnaşdylar
Müsürde ýyldyzly asmanyň gadymy katalogynyň parçasy tapyldy
Stol futboly
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan krossowkalar