
Owganystandaky häzirki içeri syýasat wakalary bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy we ýurduň Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler.
Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habaryna görä, ilçihananyň we konsullyklaryň binalarynyň daş-töweregi Таliban hereketiniň wekilleri tarapyndan goralýar. Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň hereket etmeginiň adaty tertibine laýyklykda öz üstlerine ýüklenilen wezipelerini doly göwrümde ýerine ýetirýärler.
Diplomatik wekilhananyň hem-de konsullyk edaralarynyň işgär sanynyň azaldylmagy ýa-da hünärmenleriň bölekleýin ýurtdan çykarylmagy amala aşyrylmady.