Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdepleri işini öňki tertip boýunça dikelder, Aşgabatda täze onkologiýa, stomatologiýa we pediatriýa merkezleri gurlar, türkmen uçurymlaryna ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin kanuny taýdan harby gullukdan möhlet berl

Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdepleri işini öňki tertip boýunça dikelder, Aşgabatda täze onkologiýa, stomatologiýa we pediatriýa merkezleri gurlar, türkmen uçurymlaryna ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin kanuny taýdan harby gullukdan möhlet berl

1.Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen Türkmenistanyň orta, ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleri iki ýylyň içinde ilkinji gezek ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýörite çäreleriň girizilmeginden ozalky adaty iş tertibine dolanarlar. 2.

Aşgabat şäheriniň Köşi ýaşaýyş toplumynda täze Stomatologiýa merkezini bina etmek meýilleşdirilýär, Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurlar, paýtagtymyzyň günorta böleginde bolsa Halkara pediatriýa merkezini gurmak göz öňünde tutulýar. 3.

Türkmenistanda orta mekdepleriň uçurymlaryna harby gulluga çagyryş möwsüminde ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin möhlet berler. 12 synpy tamamlan ýaşlar ýokary okuw edaralarynda bilimini dowam etdirmek isleseler, arza bilen ýüz tutup bilerler. 4.

Aşgabat şäheriniň Mäti Kösäýew köçesiniň ugrundaky ýykylan köne jaýlaryň ýerine ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary gurlar. 5.Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdep gurlar. 6.

Atamyrat Nyýazow şaýolunyň, Berdinazar Hudaýnazarow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň aralygyndaky çäkde ýaşyl duralga zolagy gurlar. 7.Türkmenistanda döwlet eýeçiligine degişli 25 desga satuwa çykaryldy.Satuwlar boýunça bäsleşikli söwda 9-njy sentýabrda sagat 10:00-da www.е.fineconomic.gov.tm sanly meýdançasynda we bu platformanyň mobil goşundysy arkaly geçiriler. 8.

Beýik Britaniýanyň Nottingem şäheriniň ýaşaýjysy Şantel Broton tenleriniň reňki dürli bolan ekiz çagalary saryýagyz oglanjygy we garaýagyz gyzjagazy dünýä inderdi.Haçanda aýaly Nottingem şäheriniň bäbekhanasyna getirenlerinde, ilki saryýagyz we ýaşyl gözli Aýon atly oglanjyk, soňra bolsa oňa görä garaýagyz we goňur gözli Azira atly gyzjagaz dünýä indi. 9.

Bankyň adaty bolmadyk myhmany howsala döretdi we bu ýerdäki adamlary gorkuzdy.Duşenbe güni Ysraýylyň Lod şäheriniň bank bölümine öküz girdi.Eýesinden gaçan haýwan özüni gaharjaň alyp barýardy: özüni köşeşdirmäge synanyşýanlara üns bermän, şahamçanyň dälizinde iki ýana urunýardy. 10.

Ahal futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyr duşuşygynda Köpetdagdan üstün çykdy we bäsleşigiň sanawynda öňdeligini elden bermedi.Aşgabadyň stadionynda geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminden Didar Durdyýew we Arslanmyrat Amanow gol bilen tapawutlandylar.

Köpetdagyň hasabyndaky ýeke-täk goly Şiri Annaýew geçirdi.

11. Dota 2 tertibinde kibersport boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň finalyndan pursatlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Sport teleýaýlymy ýewropa futbolyndan dört sany oýny görkezer
Soňky kömür bekedini ýapdy
Ahal Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirer
Ýeralma barada gyzykly maglumatlar
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
Beýik Britaniýanyň üstünde äpet meteor ýaryldy