25-nji maýda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Watanymyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaş oglan-gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka — okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi.
Ir bilen mekdepleriň iň göreldeli uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine ajaýyp gül desselerini goýdular.
Dürli sport ýaryşlarynda hem-de ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.Däbe görä, ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde baýramçylyk dabaralary geçirildi. “Soňky jaň” dabaralary Watanymyzyň ýüregi, syýasy, işewürlik, jemgyýetçilik we medeni durmuşyň merkezi bolan Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýär.
Agşam Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy, “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde bolsa sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.Artistler aýdymlaryny ajaýyp paýtagtymyza, mähriban bilim ojaklaryna, Watanymyza hem-de türkmen halkymyza bolan söýgä bagyşladylar.
Orta mekdepleriň uçurymlarynyň hormatyna dürli medeni-köpçülikleýin çäreler Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda-da geçirildi.