Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin FLEX maksatnamasynyň 2023-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Bäsleşigiň ýeňijileri 2024-2025-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we ABŞ-nyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar.Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän FLEX maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar.
Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.FLEX maksatnamasyna 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçy gatnaşdy we olaryň alty sanysy Türkmenistanyň raýatydyr.
Bilim ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, FLEX maksatnamasy aşakdaky talaplara laýyk gelýän ähli okuwçylar üçin açykdyr:
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar synaglara hökmany ýagdaýda mekdep lybasynda, ýany bilen hökmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatanamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3×4 ölçegli bir fotosuratyny alyp gelmeli.
Öz şäherinde FLEX maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek FLEX maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler, ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaga rugsat edilýär.
FLEX maksatnamasy barada jikme-jik maglumatlar ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda elýeterlidir.
Goşmaça maglumat üçin habarlaşyp bilersiňiz:
Tel: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36;
E.mail: flex.tm@americancouncils.org.