Türkmenistanyň öňki wise-premýeri Waleriý Otçertsow aradan çykdy

Türkmenistanyň öňki wise-premýeri Waleriý Otçertsow aradan çykdy

“Türkmenistanyň Hronikasy” Türkmenistanyň hökümet başlygynyň ozalky orunbasary Waleriý Otçertsow 20-nji fewralda Moskwada, 76 ýaşynda aradan çykandygyny habar berýär.

W.Otçertsowyň Aşgabatdaky karýerasy Türkmenistan komsomolynyň ikinji sekretary wezipesinden başlandy.

Ol 1991-1992-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezident geňeşiniň ýanyndaky söwda, sarp ediş bazary we azyk önümlerini utgaşdyrmak komitetiniň başlygy boldy; 1992-nji ýyldan 1996-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary bolup işledi, 1996-njy ýylyň awgust aýynda öz haýyşy bilen, maşgala ýagdaýlary sebäpli işinden boşady.

Wikipediýanyň maglumatyna görä, ol "Türkmenistanyň çäklerinden çykýandygy sebäpli” diýlip wezipesinden boşadyldy we şobada hem Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň Ykdysady meseleler boýunça geňeşçisi wezipesine bellendi, oňa adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçiniň diplomatik derejesi berildi.

Otçertsow bu wezipeden çekilenden soň, 1997-nji ýylda ITERA kompaniýalar toparynyň (häzirki ARETI) ilkinji wise-prezidenti boldy.

Azatlyk Radiosy 2010-njy ýylda “Global Witness” guramasynyň “Galkynyş” atly kaşaň gäminiň prezident Berdimuhamedowa sowgat berlendigi baradaky maglumatlary bilen gyzyklanyp, bu guramanyň wekili Tom Mainadan olaryň türkmen resmilerine ýüz tutup-tutmandygyny sorady.

Tom Maina şonda “Türkmenistan ýapyk ýurt, türkmen tarapy beýle sowallara jogap bermeýär, şol sebäpden hem biz türkmen resmilerine hatda ýüzlenmäge synanyşyk hem etmän, gös-göni Itera’ kompaniýasyna ýüz tutduk” diýdi. “Global Witness” guramasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda “Iteranyň” Türkmenistan bilen öňden bäri ýakyn hyzmatdaşlyk saklap gelýändigi aýdylýar.

Kompaniýanyň düýbüni tutan we “Iteranyň” direktorlar Geňeşiniň ýolbaşçysy wezipesini eýeleýän Igor Makarowyň Türkmenistanda doglandygy hem mälim. “Iteranyň” bir bölümi bolan “Itera Oil &Gas” kompaniýasynyň direktorlar Geňeşiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Waleriý Otçertsowyň bolsa 1989-1996-njy ýyllarda Türkmenistanyň hökümetinde ýokary derejeli wezipeleri eýeländigi aýdylýar.

1994-nji ýylda ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Jeksonwille şäherinde düýbi tutulan bu kompaniýa barada başky ýyllarda kän bir maglumat berilmändigi, diňe 7 ýyldan soň bu kompaniýanyň paýdarlarynyň sanawynyň köpçülige ýetirilendigi aýdylýar.

W.Otçersow Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň birnäçe orden-medaly bilen sylaglandy.

Otçertsowa ölmezinden öň iki sany onkologiýa operasiýasy edildi we näsag uzak wagtlap keselhanada ýatdy.

TH onuň ölmezinden bir gün hassahanada çykarylmagyny talap edendigini we öýünde ýogalandygyny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Britaniýa milliarder Igor Makarowy gadagançylyklar sanawyndan çykardy
ARETI Aşgabatdaky Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hemaýatkäri boldy
Türkmenistanyň öňki wise-premýeri, ITERA-nyň ýolbaşçylarynyň biri W.Otçertsow aradan çykdy
ABŞ tarapyndan sanksiýa girizilmeli adamlaryň sanawyna goşulan rus oligarhyna Türkmenistanda ýokary wezipe ynanyldy
Berdimuhamedow ARETI-niň ýolbaşçysyny Prezidentiň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ekspert-hünärmeni wezipesine belledi
G.Berdimuhamedowyň maslahatçysy, ARETI şirketiniň prezidenti Igor Makarow Awstraliýanyň we Kanadanyň gadaganlyk sanawyna girizildi