Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlary dörediler

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlary dörediler

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda ministrligiň Ylmy-barlag däneçilik institutyny; Ylmy-barlag ekerançylyk institutyny; Ylmy-barlag pagtaçylyk institutyny bellenen tertipde döretmek, şeýle hem şu ylmy-barlag institutlarynyň Tertipnamalaryny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutany mejlisiň barşynda ýurtda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny, tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmagy has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle-de ylmy-barlag institutlarynyň işiniň döwrebap ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtap, gol çeken Kararyny sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewe iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda” Karara gol çekdi
Oba hojalygy ylmy esasda ösdürilýär
Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynda alnyp barylýan ylmy işler bilen gyzyklandy
Türk Goranyş Senagaty Soňky 20 Ýylda Uly Üstünlik Gazandy
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalmagy bilen gutlady
Alymlar günüň dowamlylygynyň uzalmagynyň sebäbini anykladylar