Şu gün paýtagtymyzyň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly sergi öz işine başlady.Halkara serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, ýurdumyzyň işewürleri, raýatlary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri sergä çagyryldy.Bu çäre ýurdumyzyň iri döwlet edaralary Türkmengaz, Türkmennebit döwlet konsernleri, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar.Serginiň çäklerinde adybir halkara forum hem geçiriler. Üstümizdäki ýylda 29-njy gezek geçirilýän halkara foruma 40-dan gowrak döwletden maliýe institutlarynyň hünärmenleriniň, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşar. Ýyl-ýyldan bu çäräniň geriminiň giňemegi dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezýär.
Halkara maslahat “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly plenar mejlisden we alty sany bölümçeden ybarat bolar.
Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024 atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gutlag hatyny iberdi.Döwlet Baştutanymyzyň Gutlag hatynda şeýle diýilýär: “Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar.
Bu ugurda tagallalary birleşdirmek bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmäge möhüm şert döredýär.Biz ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýäris.Eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir”.
Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň onlarça döwletinden wekiller hem gatnaşarlar.
23-25-nji oktýabrda geçiriljek maslahatyň we serginiň maksady, energetika pudagynda mundan beýläk-de durnukly ösüş baradaky gepleşikleri pugtalandyrmak, dünýä energiýa ulgamynyň soňky ugurlaryny gözden geçirmek we ýurdumyzyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.
Bu halkara forum ýurdumyzyň hem-de dünýäniň energetika bazarynyň häzirki ýagdaýyna syn bermek hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda netijeli meýdança öwrüler.