Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi

23-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda Türkmengaz, Türkmennebit döwlet konsernleriniň, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň guramagynda Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly XXIX halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Şu gezekki forum ýüzlerçe gatnaşyjyny, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň wekillerini bir ýere jemledi.Olaryň käbiri pikir alyşmalara sanly ulgam arkaly goşuldylar.

Myhmanlar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge gönükdirilen täzeçillikler, dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy.

Foruma gatnaşýan wekiliýetleriň düzüminiň ýyl-ýyldan barha giňelmegi dürli ýurtlaryň işewür toparlary tarapyndan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

70-e golaý kompaniýa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň 40-dan gowragy daşary ýurtlardan, hususan-da, Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistandan, Fransiýadan, Ýaponiýadan gatnaşýan kompaniýalardyr.

Türkmengaz, Türkmennebit döwlet konsernleriniň we Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň, ýangyç-energetika toplumynda işleýän onlarça pudaklaýyn kärhanalaryň, hususy telekeçileriň diwarlyklary serginiň esasy bölegini eýeledi.Bu ýerde myhmanlar uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamlaryny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak, nebiti, gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatlaryň giň toplumy bilen tanyşdyrylýar.

Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat günüň ikinji ýarymynda öz işine başlady.Onda energetika bazarlarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlar we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek, energetiki geçiş, innowasion tehnologiýalaryň hem-de adam maýasynyň eýeleýän orny, energetiki geçişde az uglerodly ýangyçdan peýdalanmak, metanyň, uglerodyň dioksidiniň zyňyndylaryny azaltmak, gazy ýer astynda saklamak we geotermal energiýa ýaly möhüm meselelere garaldy.

Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi atly umumy mejlisde bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahat energetika diplomatiýasynyň geljekki ösüşine, energetika söwdasynyň täze ugurlaryna, önümleriň bazar aýlanyşygynyň emele getirilmeginiň zerurlygyna baha bermäge, ileri tutulýan ugurlara gaýtadan seretmäge, energetika howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak meselelerini çözmäge oňyn şert döredýär.

Utgaşykly görnüşde geçirilen umumy mejlise BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Özbegistanyň energetika ministri Jurabek Mirzamahmudow, Gazagystanyň KazMunaýGaz milli kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Ashat Hasenow, BAE-niň ADNOC kompaniýasynyň halkara işewürlik, gaz we suwuklandyrylan tebigy gaz boýunça uly wise-prezidenti Abdulla Al Şamsi, CNPC kompaniýasynyň wise-prezidenti Çžan Daoweý, S&P Global Commodity Insights kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Deniel Ýergin, British Petroleum kompaniýasynyň gözleg işini geçirmek we özleşdirmek boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ariel Flores we beýlekiler gatnaşdylar.

Daşary ýurtly myhmanlaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy, şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän döredijilikli çemeleşmeleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyna üns çekildi.

Soňra maslahatyň işi mowzuklaýyn mejlisler görnüşinde dowam etdi.Energetiki geçiş üçin çig mal harytlary: esasy meýiller we maýa goýum mümkinçilikleri ady bilen geçirilen birinji mejlise Baker Hughes, Eni S.p.A., Dragon Oil, PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd we beýleki daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan soňky ýyllarda sebitiň öňdebaryjy energetika döwletine öwrüldi. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda halkara ähmiýetli taslamalaryň yzygiderli işe girizilmegi muny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Hususan-da, Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilip, abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan goldanylýar.Bu energetika taslamasy diňe bir Günorta Aziýanyň ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Halkara maslahatyna gatnaşyjylar Türkmen tebigy gazynyň geljegi: täze eksport ugurlary we eksport ukyplary, Tebigy gazyň uglerody az ýangyjyň energetiki geçişdäki monetizasiýasy, Energetiki geçiş: tehnologik innowasiýalaryň we adam maýasynyň orny, Ýerasty gazyň saklanyşy we geotermal energiýa: iň oňat halkara tejribä syn, Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde ekologik jähetler: metanyň, uglerodyň dioksidiniň zyňyndylarynyň azaldylmagyny nygtamak atly mowzuklaýyn mejlislerde meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Utgaşykly görnüşde geçiriljek mejlislere ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň, daşary ýurtly iri ugurdaş kompaniýalaryň we halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, bilermenler gatnaşdylar.

23-25-nji oktýabrda geçirilýän maslahatyň we serginiň maksady, energetika pudagynda mundan beýläk-de durnukly ösüş baradaky gepleşikleri pugtalandyrmak, dünýä energiýa ulgamynyň soňky ugurlaryny gözden geçirmek we ýurdumyzyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.

Bu halkara forum ýurdumyzyň hem-de dünýäniň energetika bazarynyň häzirki ýagdaýyna syn bermek hem-de öza-ra bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda netijeli meýdança öwrüler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023 atly halkara maslahat 27-nji oktýabra çenli dowam eder
В Ашхабале состоялась Международная конференция по экологическим направлениям ТЭК страны
PETRONAS kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy hukukçylary gözleýär
Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
PETRONAS Çarigali kompaniýasy işe çagyrýar
PETRONAS kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar