Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024 atly halkara maslahat we sergi geçiriler

Türkmengaz we Türkmennebit döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy 23 — 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024 atly halkara maslahaty we sergini geçirýär.

Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, ýurdumyzyň işewürlerini, raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.Serginiň iş wagty: 23-nji oktýabrda — sagat 10:00-dan 18:00-a çenli; 24-nji oktýabrda — sagat 10:00-dan 18:00-a çenli; 25-nji oktýabrda — sagat 10:00-dan 12:00-a çenli.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-35-61; 39-88-86

Ýene degişli makalalar

Ertir Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi başlaýar
Jan Tehnologiýa Türkmentel-2024 sergisinde innowasion sanly çözgütlerini tanyşdyrar
Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi köpçülikleýin çäreler bilen bellär
Türkmenistanyň Söwda toplumy ýöriteleşdirilen sergä çagyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Aşgabat şäherinde Agro-Pak Türkmenistan ― 2024 we Turkmen Food ― 2024 halkara sergileri öz işine başlaýar