Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020 (OGT — 2020) Halkara maslahatynyň birinji güni tamamlandy

Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020 (OGT — 2020) Halkara maslahatynyň birinji güni tamamlandy

Şu gün, 28-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020 (OGT — 2020) atly Halkara maslahaty öz işine başlady. Şanly senä — Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna beslenen ýylda bu iri ýöriteleşdirilen forum ilkinji gezek wideomaslahat görnüşinde geçirildi hem-de Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurtlaryna alnyp görkezildi. Türkmengaz we Türkmennebit döwlet konsernleri forumyň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler.

Maslahata daşary ýurtlaryň nebitgaz, hyzmatlar we maslahatlar boýunça kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, ylmy-barlag merkezleriň, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň we maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

OGT — 2020 atly ýubileý maslahatynyň gün tertibine dünýä energetikasynyň ösüşi we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler girizildi. Umumy mejlis Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyna bagyşlanar, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy onuň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berler. Şol başlangyçlar dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmäge hem-de sebitiň durnukly ösmegi üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Maslahatda Energetika hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak, COVID-19-dan soň energetika dünýäsinde tebigy gazyň orny, nebit we gaz bazarlarynda soňky ýagdaýlar, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary özleşdirmek üçin maýalary çekmek, türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýataklary özleşdirmek işine täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ýaly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň giň gerimli taslamasynyň amala aşyrylmagynyň barşy, Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň hem-de dünýäde iri Galkynyş gaz käniniň täze geologiýa-geofiziki maglumatlary bilen tanyşdylar.

Türkmengaz we Türkmennebit döwlet konsernleri, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy, Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NAPECO) tarapyndan amala aşyrylýan işler, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak boýunça meýilnamalar barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Bulardan başga-da, Gyýanlydaky polimer zawodyň hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawodyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmalar guraldy. CNPC (HHR), Petronas (Malaýziýa), Dragon Oil (BAE), Gaffney, Cline & Associates (Beýik Britaniýa) ýaly kompaniýalar Türkmenistanda taslamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Meýilleşdirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň we pikir alyşmalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we olaryň geljekki hyzmatdaşlary türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudagynda özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri we esasy ugurlary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ertir Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020 atly Halkara maslahaty öz işini dowam eder.

Ýene degişli makalalar

OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
NAPECO kompaniýasy “Dragon Oil”-yň Çeleken çägi boýunça şertnamasyna goşulýar
OPEK OGT-2023 forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşar
Dragon Oil Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň göwher hemaýatkäri boldy
Dubaýda OGT 2023 Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
SOCAR “OGT 2023” halkara maslahatynyň we sergisiniň premýer hyzmatdaşy boldy