Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda ýylyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.Onda 25-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Bu barada oilgas.gov.tm habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagynda ulgamyň işini kämilleşdirmekde we döwrüň gazananlary esasynda ösdürmekde ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.
Maslahatyň dowamynda Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, Türkmennebit döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy ÝGPJ-niň baş direktory Maksat Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurtda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini toplumyň işinde giňden ulanmak, Galkynyş gaz käninde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny nazara alyp, raýatlary, iri senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny hem-de daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk işlerini geçirmek we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Şeýle hem hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda depginli ösüşiň saklanýandygyny belläp, Türkmengaz, Türkmennebit döwlet konsernleriniň, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň, Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy ÝGPJ-niň alyp barýan işlerini has-da ilerletmek boýunça öz tekliplerini beýan etdi.