Şu gün — 14-nji dekabrda Türkmenistanda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramy bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli Türkmengaz döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde baýramçylyk konserti boldy.
Baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda Türkmengaz döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Nebit-gaz gazeti tarapyndan Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda guralan Nebitgaz — baýlygym hazyna-genjim, Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym atly iň gowy ýazylan makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgulardyr hekaýalaryň bäsleşiginiň ýeňijileri hem yglan edilip, olara baýraklar gowşuryldy.
Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda Türkmengeologiýa DK-nyň Geologiki maglumatlary merkeziniň Guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Annamyradow, Nebit-gaz gazetiniň jogapkär kätibi Atageldi Seýidow, şeýle-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymy Nazarmuhammet Nazargulyýew birinji, Türkmennebit DK-nyň Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýa müdiri Serdarmuhammet Izimow, Nebit-gaz gazetiniň Lebap welaýaty boýunça habarçysy Mämmetgylyç Kütiýew bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň uly mugallymy Sona Islamowa ikinji, Türkmengaz DK-nyň Türkmengazgeofizika müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofizika gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň hünärmeni Wepa Hanow, Türkmengaz DK-nyň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa , şeýle-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyby Begli Begliýew üçünji orunlara mynasyp bolmagy başardylar.
Mundan başga-da baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Türkmennebit döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de Nebit-gaz gazeti tarapyndan 2021-nji ýyl Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda Türkmenistan parahat ösüşleriň mekany, Dünýä dolsun ynanyşmaklyk mukamy atly iň gowy ýazylan makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgudyr hekaýalaryň bäsleşiginiň hem ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.
Bu bäsleşikde Nebit-gaz gazetiniň Daşoguz welaýaty boýunça habarçysy Dädebaý Nartyýew, Türkmengaz döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň başlygy Nurmyrat Akmyradow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Ejekeýik Kurbanberdiýewa birinji orna, TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nasos desgalarynyň maşinisti Aýterek Annamyradowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy Arazgül Annaýewa, Türkmennebit DK-nyň Nebitgazburawlaýyş trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň uly proraby, konserniň zenanlar guramasynyň başlygy Ogulbibi Şyhyýewa ikinji orna, şeýle hem Türkmengaz DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Arslan Annamyradow, Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň Aşgabat şäherindäki 7-nji awtoulaglara ýangyç guýujy bekediniň 1-nji derejeli operatory Baýmyrat Balakaýew bilen Nebit-gaz gazetiniň foto habarçysy Arslan Müllikow dagy üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.
Bäsleşiklerde ýeňiji bolanlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.