Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy

9-njy maýda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda 4-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Bu tapgyryň merkezi duşuşygynda “Senagatbank” topary “Deňizçiden” 3:1 hasabynda üstün çykdy. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Köpetdag” “Migrasiýany” 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. TNGIZT topary bilen “Turanyň” arasynda geçirilen duşuşykda hasap açylmady.

Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň 12 utuk toplan “Senagatbank” ýaryş tertibinde birinji basgançaga geçdi. Ikinji, üçünji orunlarda “Deňizçi” (9 utuk) bilen “Köpetdag” (7 utuk) toparlary ornaşdylar.

Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň nobatdaky üç tapgyry Balkan welaýatynda geçiriler.

Dördünji tapgyryň duşuşyklary:

“Deňizçi” “Senagatbank” 1:3

Gollar: 4 Kirill Çaryýew (“Deňizçi”) 10 Mekan Haýytmuhammedow, 12 Röwşen Orazmuhammedow, 18 Myrat Onjaýew (“Senagatbank”)

Duýduryşlar: 33 Daniil Pançenko (“Deňizçi”) 12 Hydyr Nurnyýazow (“Senagatbank”)

Geçirilen ýeri: Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumy (Aşgabat ş.)

“Turan” TNGIZT 0:0

Duýduryşlar: 9 Myrat Nepesow (baş tälimçi), 39 Sapargeldi Mätiýew (“Turan”)

Geçirilen ýeri: Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumy (Aşgabat ş.)

“Köpetdag” “Migrasiýa” 3:1

Gollar: 7, 12 Kerwen Annaorazow, 37 Gurbangeldi Sähedow (“Köpetdag”) - 27 Täçmämmet Dynnyýew (“Migrasiýa)

Duýduryşlar: 9 Orazgeldi Seýidow, 40 Ysmaýylmuhammet Öwekow (“Migrasiýa)

Geçirilen ýeri: Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumy (Aşgabat ş.)

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futzal çempionatynda ikinji aýlawyň duşuşyklary tamamlandy
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda Senagatbank öňde barýar
Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň duşuşyklary 12-nji martdan başlanar
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Türkmenistan derbisinde Köpetdag Deňizçiden üstün çykdy
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy
Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga aldy, Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherine ugrady, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanun çap edildi we beýleki habarlar