Türkmenistanyň Müftüliginiň habar bermegine görä, ähli musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Oraza aýy şu ýylyň 11-nji martynda başlanyp, 9-njy aprele çenli dowam eder.
Oraza baýramy bolsa 10-njy aprelde belleniler.
Ahlak arassalygyny we ruhy baýlygy alamatlandyrýan Gadyr gijesi 5-6-njy aprel gijesine gabat gelýär.
Aşgabat şäheri, Ahal, Balkan, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynyň ýaşaýjylary üçin Oraza aýynda agyz beklenilýän (Gün dogmanka nahar edinmek) we açylýan (agşamlyk nahary) wagtlaryň tertibi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.
Ýeri gelende bellesek, Remezan musulman senenamasynyň dokuzynjy aýydyr, şol döwürde musulmanlar 30 günlük säherden agşama çenli agyz bekläp, Oraza tutýarlar we aýyň ahyrynda Oraza baýramyny belleýärler.
Mukaddes Remezan aýy diňe bir berk agyz beklenýän wagt däldir. Ol ruhy arassalygyň nyşanydyr, günäli pikirlerden saplanmaga we Gudratygüýçlä wepalylygyňy subut etmek üçin ýagşy işleri etmäge mümkinçilikdir.