Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory sebitlerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory sebitlerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanynyň tabşyrygy esasynda Aşgabat şäheri we Balkan welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy.

Türkmenistan gazetinde habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Aşgabat boýunça iş saparynyň çäklerinde Türkmenawtoulaglary agentliginiň desgalaryna baryp gördi we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň iş sapary Balkan welaýatynda dowam etdi. M.Çakyýew welaýatyň Jebel şäherçesinde häzirki döwürde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Halkara howa menziline geldi. Gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyrylan bu giň möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, halkara howa ugurlarynyň sany artar we ilata edilýän hyzmatlaryň derejesi ýokarlanar.

Soňra M.Çakyýew Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda bolup, bu ýerde durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdy.Häzirki döwürde portuň Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda, gämi gurluşygy bilen bir hatarda, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri abatlamak işleri alnyp barylýar.

Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory portuň ýük terminallarynyň işi bilen gyzyklandy.Deňiz menzilinde zähmet çekýän hünärmenler portuň terminallarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdylar.

Iş saparynyň dowamynda M.Çakyýew Balkan welaýatynyň etraplarynyň häkimleriniň we gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurduň ulag-aragatnaşyk toplumyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, önümçilik kuwwatlyklarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak we Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Duşak, Bamy, Jebel we Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalary gurlar
Duşak, Bamy, Jebel we Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurular
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
'Töleg meseleleri' Jebelde gurulýan Balkanabat halkara howa menziliniň gurluşygyny üç aý togtatdy
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI