Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 15-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň, hemişe bolşy ýaly, uly baýramlarymyzyň öňýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp, jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreler ýurdumyzda yzygiderli geçirilip durulýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanowa söz berdi. Wise-premýer bu toparyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Permanlara gol çekdi hem-de olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi. Resminama laýyklykda, asylly däbimize eýerilip, iş kesilen raýatlarymyzyň 1192-si hem-de daşary ýurtly raýatlaryň 210-sy mübärek Gadyr gijesi mynasybetli mundan beýläk jeza çekmekden boşadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy M.Çakyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyryp, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek maksady bilen, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, resminamalar işlenip taýýarlanylanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan ugur alyndy. Şonuň bilen birlikde, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler tarapyndan degişli hasabatlary we maglumatlary taýýarlamagyň tertibi hem-de möhletleri anyk kesgitlenildi.

Geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasy düzülende, bar bolan mümkinçiliklerden hem-de garaşylýan çaklamalardan ugur almak göz öňünde tutulýar.Döwlet býujeti ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösmegini, önümçiligiň düşewüntliliginiň artmagyny, maýa goýumlarynyň oýlanyşykly ulanylmagyny, sanly ulgamyň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, döwlet tarapyndan hususy telekeçilige goldaw berilmegini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagyny ugur edinmelidir.

Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtda Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewi hem göni wideoaragatnaşyga çagyrdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, wise-premýere dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, maslahat geçirmegi tabşyrdy. Wagtlaýyn çäre hökmünde walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan seretmek mümkinçiligini öwrenmeli hem-de Hökümetiň bu ugra degişli kararynyň taslamasyny taýýarlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki wagtda önümleri eksport edýän kärhanalardan we guramalardan, şeýle hem hususy firmalardan gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň 50 göterimini däl-de, dolulygyna döwletiň ätiýaçlyk goruna geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Walýutada alnan bu serişdeleriň öwezini bolsa, milli pul birliginde dolmaly.

Häzirki döwürde harytlary, mysal üçin, zerur bolan derman serişdelerini ýa-da gurluşyk enjamlaryny satyn almak boýunça topary döretmek barada görkezme bermek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu toparyň şu maksatlar üçin kärhanalaryň we guramalaryň milli puldaky serişdelerini daşary ýurt puluna öwürmek meselesine seretmegini onuň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu işleri guramak üçin üç gün wagt berildi.

Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky karara gol çekip, resminamany Hökümetiň Başlygynyň orunbasaryna elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi. Döwlet býujetiniň maddalarynyň üstünde düýpli işlemegi tabşyrmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş-durmuş meselesine, zähmet haklaryny ýokarlandyrmaga we bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmek üçin çykdajylary artdyrmaga aýratyn üns bermeli diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň dessin çözülmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, maliýeleşdirmegiň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, maýalary we töwekgelçilikleri dolandyryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasynda bu ulgamyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Manadyň hümmetini durnukly saklamaga, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini we hilini giňeltmäge gönükdirilen işleri dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Merkezi bankyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hem-de ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, pudagyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň Döwletabat gaz käninde ulanylýan guýularyň 30-synda tebigy gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da hasabat berdi. Şu maksat bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagyň, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhümdigini belledi hem-de şol işleri amala aşyrmak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny oýlanyşykly peýdalanmagyň hem-de döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki işleri ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamagyň netijeliligini ýokarlandyrmak zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de ony ýerine ýetirmek babatda tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şu günler gowaçalaryň ilkinji hatarara bejergi işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, ýekelemek we otag işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. Şol bir wagtda, bugdaý oragyna taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.

Orak möwsüminiň başlanylmagyna çenli galla kabul ediş bölümleriniň 156-syny möwsüme taýýarlamak boýunça çäreler görülýär. Şu ýyl bugdaý oragynda däne ýygýan kombaýnlaryň 2 müň 220-sini işletmek meýilleşdirilýär. Däne ýygýan kombaýnlar mehanizatorlaryň 4 müň 440-sy tarapyndan iki çalşykda işlediler. Göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar we ýangyç daşaýan awtoulaglar bilen üpjün edilen sazlaýjy-abatlaýjy toparlaryň 460-sy döredildi.

Şeýle hem ýygnaljak bugdaý hasylyny galla kabul ediş bölümlerine, elewatorlara we ammarlara daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 11 müň 100-sini ulanmak meýilleşdirilýär. Meýdan düşelgelerinde babadaýhanlaryň amatly dynç almagy üçin hemme şertler dörediler, göçme söwdalary guralar.

Wise-premýer Türkmenistanda 2020-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynyň dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, kärendeçileriň hem-de ekerançylaryň zähmetini höweslendirýän netijeli maliýe-ykdysady gurallaryny ornaşdyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýakyn wagtda başlanjak galla oragy baradaky meselä geçip, oragyň guramaçylykly geçirilmegine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Esasy zat ekerançylaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny diňe ýygnap almak däl, eýsem, onuň ýitgisiz daşalmagy, saklanylmagy baradaky aladadyr.

Hormatly Prezidentimiz gallaçy-kärendeçiler üçin möhüm we jogapkärli möwsümiň -- galla oragyny gysga möhletde hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde amala aşyrmak, olaryň öndürijilikli zähmet çekmegini üpjün etmek üçin möwsüm döwründe ekerançylara durmuş-medeni hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna, wise-premýer B.Abdyýewa degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz gowaçalara ýokary hilli agrotehniki idegiň üpjün edilmeginiň möhümdigi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Kararyň taslamasyna gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onda bellenilen wezipeleriň öz wagtynda doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Maryazot önümçilik birleşiginiň önümçilik desgalaryny maýa goýumlaryny çekmek arkaly düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek ugrundaky işleriniň netijesinde, ýurdumyzda täze, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan himiýa kärhanalary gurulýar, ozalky hereket edýänleriniň durky täzelenilýär we düýpli kämilleşdirilýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Maryazot” önümçilik birleşiginiň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 450 müň tonna ammiak selitrasyny öndürmäge niýetlenendigi barada habar berildi. Kärhana ammiak öndürýän iki sany sehden ybaratdyr. Tehnologik enjamlaryň könelendigi bilen baglylykda, önümçilik birleşigini taslama kuwwatyna çykarmak üçin onuň esasy önümçiliklerini düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak zerurdyr.

Bu işleri Russiýa Federasiýasynyň kompaniýalarynyň maýa goýum serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak barada 2019-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 11-nji mejlisiniň teswirnamasynda göz öňünde tutuldy.

Russiýa Federasiýasynyň birnäçe paýdarlar jemgyýetleriniň teklipleri giňişleýin öwrenildi hem-de azotly dökünleri öndürýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmakdaky uly tejribesi göz öňünde tutulyp, bu taslama maksada laýyk hasaplanyldy. Bu kompaniýalaryň wekilleri “Maryazot” önümçilik birleşiginde bolup, önümçilik desgalarynyň ýagdaýy bilen ýerinde tanyşdylar hem-de olary taslama kuwwatlylygyna çykarmak üçin mümkinçilikleriň bardygy barada deslapky çaklamany berdiler.

Rus kompaniýalarynyň tekliplerine laýyklykda, ammiak çig malyny, azot kislotasyny, ammiak selitrasyny öndürýän sehleri, suwy himiki taýdan arassalaýan desgasyny hem-de beýleki kömekçi desgalary tehnologik enjamlar we ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edip, kärhanany düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Bu işleriň ýerine ýetirilmegi ammiak selitrasynyň daşary ýurtlardan satyn alynmagynyň zerurlygyny aradan aýrar, kärhanany taslama kuwwatlygyna çykarmaga hem-de azotly mineral dökünleriň täze görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hödürlenen teklipleri makullady hem-de Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini nygtady.

Russiýa Federasiýasy biziň strategiki hyzmatdaşymyz. Häzir biziň ýurtlarymyz geçen ýyllaryň üstünlikleri hem-de öňde duran ilkinji derejeli wezipeler nazara alnyp, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny kesgitlemäge oýlanyşykly çemeleşýändigini görkezýärler diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň işiniň eýeleýän oňyn ornuny belledi.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýokary ösüş depgini ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň uly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär.

2030-njy ýyla çenli ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnama laýyklykda, Türkmenistan rus hyzmatdaşlardan zerur gurluşyk serişdelerini, tehnikalary, enjamlary satyn alýar, Russiýanyň bolsa ýurdumyzda öndürilýän önümleri satyn almaga gyzyklanmasy barha artýar hem-de dünýäniň şonuň ýaly önümlerine mynasyp bäsdeş bolup bilýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa bu bilelikdäki toparyň işini utgaşdyrmagy tabşyrdy.

Şeýle hem Ş.Durdylyýew “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde içerki we daşarky agyz suw, suwaryş, lagym, ýagyn suw, ýapyk drenaž geçiriji ulgamlary we sil suwlaryny sowujy akabany hem-de ýollary gurmak hakynda” Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onda kesgitlenen wezipeleri takyk durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow “Türkmendemirýollary agentligi tarapyndan ýük we ýolagçy teplowozlaryny satyn almak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Agentligiň hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtlaryň öňdebaryjy teplowoz öndürijileriniň demir ýol tehnikalarynyň tehniki häsiýetleri öwrenildi.

Pudaklaýyn düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek, olaryň maddy-tehniki binýadyny has-da gowulandyrmak, şeýle hem ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň “Transmaşholding” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öndürilýän ýük teplowozlarynyň hem-de ýolagçy teplowozlarynyň hersinden ikisini satyn almak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen birlikde, demir ýol ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, döwrebaplaşdyrmagyň, kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň pudagy ösdürmegiň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Milli Liderimiz dürli kysymly täze teplowozlaryň satyn alynmagy barada aýdyp, köpugurly ulag-kommunikasiýa düzüminiň ösdürilmeginiň Diýarymyzyň ykdysady, maýa goýum, ulag, serişde kuwwatyny amala aşyrmagyň möhüm şertidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyza döwrebap tehnikalary getirýän rus kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli, netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Türkmen-rus gatnaşyklary esasynda toplanan uly tejribe we köptaraply mümkinçilikler ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

“Türkmendemirýollary agentliginiň hünärmenleri tarapyndan teplowozlaryň tehniki we ulanyş häsiýetnamalarynyň öwrenilendigini nazara alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de dowam etmegň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu demir ýol tehnikalarynyň tehniki ölçegleriniň ýurdumyzyň tebigy-howa şertlerine laýyk gelmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda durmuş-ykdysady strategiýany durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän möhüm wezipelerini çözmek, ýurdumyzy 2020-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen degişli çäreleri tapgyrma-tapgyr ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem gözegçilik edilýän düzümlerde işleriň häzirki ýagdaýy, hususan-da, söwda toplumynda haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak we halkara hyzmatdaşlygyny hem-de hususy işewürligi ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary giňeltmegiň ägirt uly ykdysady kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz söwda toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, söwda hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, bu ugurda dünýä tejribesini ornaşdyrmak hem-de söwda işini kanunçylyk esasynda düzgünleşdirmek, telekeçiligi işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek hem-de ýurdumyzyň senagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, şahsy başlangyçlary höweslendirmek, degişli ugurda innowasion tehnologiýalary netijeli ulanmak boýunça işleriň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz wise-premýere bu meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer paýtagtymyzda we Diýarymyzyň welaýatlarynda şanly baýramçylyga bagyşlanyp dürli medeni-köpçülikleýin çäreleriň hem-de baýramçylyk konsertiniň meýilleşdirilýändigi barada habar berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli meýilnamany hödürledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň esasy nyşanlarynyň hormatyna geçirilýän baýramçylygyň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz eziz Diýarymyzyň Döwlet baýdagynyň we Esasy Kanunynyň türkmen halkynyň mizemez jebisligini, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň hem-de döredijiligiň maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz şol milli gymmatlyklarymyzyň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünliklerimizi, aýratyn-da, ýurdumyzyň özboluşly hukuk derejesine—hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň baýram ediljek ýylynda gazanan ýeňişlerimizi wagyz etmekde möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow şu ýyl okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler we hususan-da, Soňky jaň dabaralaryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

25-nji maýda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň baş meýdançalarynda köpsanly uçurymlaryň, mugallymlaryň we bilim işgärleriniň gatnaşmagynda medeni çäreleriň guraljakdygy habar berildi.

Dabaralaryň çäklerinde tapawutlanan zehinli okuwçylara, halkara olimpiýadalarynyň we ders bäsleşikleriniň baýrak eýelerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşurylar. Orta bilim berýän mekdepleriň uçurymlary paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda ýerleşýän milli mukaddesliklerimize gül çemenlerini goýarlar. Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde Soňky jaň dabaralary "Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany" atly şygar astynda geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, özbaşdak durmuşa gadam urýan ýaş türkmenistanlylaryň Soňky jaň dabarasy baradaky ýakymly ýatlamalaryň ýatlarynda galmagy üçin baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.

Munuň özi ýaş oglan-gyzlaryň müňlerçesini beýik işlere ruhlandyrar, mähriban Watana bolan söýgini berkider, Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine asylly zähmet çekmäge höweslendirer diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga çagyrylan saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň tomsunda ýurdumyzyň raýatlarynyň dynç almagynyň meseleleri hakynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň çözgüdi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, köpugurly “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip, halkara ölçegleriniň derejesine çykarylýar.

Ýurdumyzda koronawirus ýokanjy bilen bagly ýekeje ýagdaý hem hasaba alynmady munuň özi örän nusgalyk mysal bolup, onuň özeninde, ilkinji nobatda, ýurdumyzda 1995-nji ýyldan bäri maksada laýyk alnyp barylýan giň gerimli işler durýar.

“Il saglygy ýurt baýlygy!” diýen şygar astynda geçirilýän hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça iň döwrebap saglygy goraýyş edaralary iň kämil ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri, saglygy dikeldiş merkezleri bina edilip, şolarda giň gerimi, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetirilýär.

Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, innowasion usullary we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar. Daşary ýurtlaryň lukmançylyk merkezleri hem-de iri ylym-bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeň ýola goýmak we tejribe alyşmak dowam edýär.

Şunuň bilen bir hatarda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda we milli kanunçylygymyz nazara alnyp, saglygy goramak boýunça maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär, dürli keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek boýunça ähli çäreler görülýär.

Ilatyň doly derejede immunizasiýalaşdyrylmagynyň netijesinde, Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýokanç keseller, şol sanda drakunkulez, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleri ýok edildi. Gazanylan üstünlikler halkara guramalary tarapyndan ykrar edildi we degişli güwänamalar bilen tassyklanyldy.

Saglygy goraýşyň öňüni alyş işleriniň has-da güýçlendirilmegine tarap gönükdirilmegi bilen häzirki zaman jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegi üçin şertler döredilýär.

Ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de saglygy dikeldiş merkezlerinde türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek üçin täsin bejeriş-tebigy baýlyklary giňden peýdalanmaga şertler döredildi.

Ministrligiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, şu ýylyň 5-nji maýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan Hazaryň kenarynda, Awazada hem-de ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda tomus döwründe syýahatçylygy we dynç alşy guramak baradaky mesele jikme-jik öwrenildi.

Toparyň agzalary dünýäde we sebitde ýiti ýokanç keseliniň ýaýramagy bilen baglylykda, çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýy nazarda tutup, şeýle hem adamlaryň saglygy üçin howply bolan koronawirusyň ösüşiniň ikinji tapgyryna garaşylýandygy baradaky ylmy çaklamalara laýyklykda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda tomus möwsüminde medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegini hem-de Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda suwa düşülmegini çäklendirmegi maksada laýyk hasapladylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýokanç keselleriň adatça güýjeýän wagty bolan güýz-gyş döwrüne hem taýýardygy bellenildi. Eýýäm häzirden möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça çynlakaý çäreler görülýär.

Sözüniň ahyrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesinden hem-de berýän yzygiderli tabşyryklaryndan ugur alnyp, tomus döwründe ýurdumyzyň çäklerinde raýatlarymyzyň oňat dynç almagyny guramak üçin hemme işleriň ediljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalaryna ýüzlenip, häzirki döwürde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly bütin dünýäde dartgynly ýagdaýyň dowam edýändigini, raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň, abadan durmuşyny üpjün etmegiň biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdygyny nygtady.

Şoňa görä-de, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň tekliplerine eýermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şu ýyl Hazar deňziniň kenarynda we Awazada tomus döwründe raýatlarymyz üçin syýahatçylygy, dynç alşy hem-de suwa düşmegi çäklendirmeli, tomusky dynç alyş möwsüminde Aşgabatdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmeli, çagalaryň we ýetginjekleriň tomus möwsüminde mekdepleriň ýanyndaky meýdançalarda hem dynç alşynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmeli, dynç alyş merkezlerinde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmekleri üçin bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreleri guramaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsüminde raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmek we berkitmek üçin Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan Arçman, Ýyly suw, Baýramaly, Farap, Mollagara, Daşoguz we Berzeňňi şypahanalarynda ähli zerur bolan şertleri döredip, olaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş möwsümine ýurdumyzyň käbir ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli bolan saglygy dikeldiş merkezlerini hem doly taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi.

Raýatlarymyzyň dynç alyş möwsümini lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmeli. Şeýle hem zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň ätiýaçlyk goruny döretmeli.

Ähli dynç alyş we saglygy dikeldiş merkezlerinde yzygiderli zyýansyzlandyryş işlerini geçirmeli.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Energetik we Nebitçi, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Mirap we Jennet hem-de Darganata etrabyndaky Gazojak, Mary welaýatyndaky Melhem, Garagum, Çynar we Şatlyk şypahanalarynda raýatlarymyzyň talabalaýyk dynç almagyny we saglygyny berkitmegini guramagy tabşyrdy.

Biz raýatlarymyzyň asuda we sagdyn ýaşamagy, kesellemezligi üçin geljekde hem ähli zerur çäreleri göreris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasyny taýýarlamak işleri barada hasabat berdi. Bu resminama döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda degişli ugurda kabul edilen döwlet we milli maksatnamalar uly ähmiýete eýedir.

Şolaryň hatarynda “Saglyk” döwlet maksatnamasyny aýratyn görkezmek gerek. Şonuň esasynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Diýarymyzyň hil taýdan täze, halkara ölçeglerine kybap gelýän saglygy goraýyş ulgamy, şol sanda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk edaralary, şeýle hem lukmançylyk bilim we ylym edaralary döredildi.

“Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň saglygyna howp salyp biläýjek wehimlere garşy göreşmek üçin ygtybarly binýat döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyza täze ýiti ýokanç keseliniň, häzir dünýä ýüzünde giňden ýaýran keseliň aralaşmagyna garşy durmak üçin mäkäm esas goýuldy. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz dürli kesellere, şol sanda howply ýokançlara garşy göreşmek maksady bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary aýratyn howply kesele garşy göreşmekde umumy tagallalary birleşdirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu ugurda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm resminamalar kabul edildi. Şolaryň hatarynda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy we raýdaşlygy babatda ýörite Kararnamalaryň ikisi hem-de Meýilnamalaryň üçüsi bar.

Şunuň bilen baglylykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan BMG-niň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy, şeýle hem BMG ÖM-niň, UNISEF-niň, Ilat gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Bütindünýä bankynyň, Halkara migrasiýa guramasynyň we beýleki düzümleriň wekilhanalary bilen bilelikde aprel-maý aýlarynda ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň derejesinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Şolaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu meýilnama Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary toparyň 10-njy maýda geçirilen nobatdaky mejlisinde seredildi. Şu meýilnamanyň esasy maksady bu howply ýokanjyň Türkmenistana aralaşmagynyň öňüni almakdan hem-de onuň ýaýramagyna garşy göreşmekden, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine laýyklykda, pandemiýa döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginlerini degişli derejede saklamakdan ybaratdyr.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýleki hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň tertibi we usullary kesgitlenen meýilnamada birnäçe ugurlarda degişli çäreleri görmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ýokanç kesellere garşy göreşmek ugrunda milli saglygy golaýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ýokary derejede saklamak we kämilleşdirmek, degişli enjamlary we serişdeleri yzygiderli esasda ylmy we usuly taýdan täzelemek we öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak işleri bar.

Şeýle hem bu meýilnama dünýäde lukmançylyk ulgamynda häzirki wagtda bolup geçýän özgertmelere laýyklykda milli hünärmenleriň taýýarlygyny, ussatlyk derejesini, ukyplylygyny ýokary derejede saklamak we kämilleşdirmek, halkara saglygy goraýyş ulgamynyň şu günki tapgyrynda aýratyn wajyplyga eýe bolan, ýagny, wirusologiýa, immunoloiýa ýaly ugurlarda lukmanlaryň işini hil taýdan ýokarlandyrmak işlerini ugur edinýär.

Şeýle hem bu resminamada halkara tejribesiniň esasynda hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryndan ugur almak bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy-usuly we kadalaşdyryjy binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň esasy ugurlaryny ösdürmek meýilnamany amala aşyrmak boýunça ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, halkara we sebit hyzmatdaşlary bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini güýçlendirmäge, innowasion çemeleşmeleriň we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen meýilnamany makullady hem-de halkymyzyň saglygy barada aladanyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny belledi.

1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” döwlet maksatnamasy munuň aýdyň mysaly bolup, ol degişli ugurda düýpli özgertmeleriň geçirilmegini, paýtagtymyzda we Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda degişli döwrebap düzümiň döredilmegini, ýurdumyzyň lukmançylygynyň halkara ölçeglerine çykarylmagyny ugur edinýär. Şunda keselleriň öňüni netijeli almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak meýilnamanyň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi.

Milli Liderimiz bu barada gürrüňi dowam edip, 2015-nji ýylda täze “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň tassyklanyp, onuň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikleri berkitmäge we artdyrmaga, ylmy gazanylanlara we innowasion tehnologiýalara daýanmak bilen, ony has-da ösdürmäge, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda giň gerimli toplumlaýyn işleriň, şol sanda ilatyň arasynda yzygiderli köpçülikleýin sanjym we dispanser, halkymyza hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we hilini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça işleriň geçirilýändigini belledi.

Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, pudaklaýyn ylmy höweslendirmek, keselleri anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan dürli ugurly lukmançylyk edaralaryny gurmak işlerine uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünlikleri, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek we ýok etmek boýunça görlen çäreler Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy, bu bolsa, ýörite güwänamalarda öz beýanyny tapdy.

Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň geljekde hem halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek meselelerine uly üns berip, şol maksatlar üçin zerur ähli serişdeleri goýberjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek işinde işjeň orny eýeleýändigini, BMG bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlyga, şol sanda saglygy goraýyş ulgamy ýaly ykbal ähmiýetli ugurda gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ady agzalan gurama Türkmenistanyň synçy hökmünde goşulmagy boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, Bütindünýä söwda guramasy dünýä ýurtlarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny utgaşdyrmak, degişli halkara kadalaryny düzmek we olary ýerine ýetirmek boýunça işleri amala aşyrýan ýeke-täk ählumumy düzüm bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň iýulynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agzalygy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça hökümet topary döredildi.

Onuň mejlisleriniň jemlerinden, şeýle hem ady agzalan guramanyň wekilleri hem-de halkara bilermenleri bilen geňeşmeleriň netijelerinden ugur almak bilen, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy maksadalaýyk bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi has-da döwrebaplaşdyrmak we sazlaşykly ösdürmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýäniň söwda-ykdysady ulgamyna netijeli goşulmagynyň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň hem-de bazar gatnaşyklaryny, şeýle hem maýa goýum babatda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhüm şertidigini nygtady.

Bütindünýä söwda guramasy bilen gatnaşyklaryň täze derejä çykarylmagy Türkmenistana dünýä işlerine gatnaşmagyna mümkinçilik döredip, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hem-de ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, dünýä giňişliginde ata Watanymyzyň ornuny we abraýyny berkitmäge ýardam eder.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet toparynyň Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy bilen bagly teklibini makullamak bilen, degişli Karara gol çekip, resminamany wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi hem-de bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Şu günler Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli toplumlaýyn özgertmeleri we demokratik özgertmeleri hukuk taýdan goldamaga gönükdirilen kanunlaryň hem-de kanunçylyk namalarynyň rejelenen görnüşleriniň taýýarlanylmagynyň dowam edýändigi bellenildi.

Şonuň bilen birlikde, döwletiň we jemgyýetiň dürli ugurlaryny düzgünleşdirýän degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Şolar ýurdumyzda kanunçylygy we düzgün-tertibi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

“Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion Kanunyň taslamasynyň gutarnykly görnüşini taýýarlamak maksady bilen, gelip gowuşýan ähli teklipleri düýpli öwrenmegiň we umumylaşdyrmagyň esasynda iş toparynyň işi has-da işjeňleşdirildi.

Deputatlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde, ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde geçirilýän çäreleriň çäklerinde amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz milli kanunçykaryjylygy yzygiderli kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtady, munuň özi Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň, halkymyzyň durmuş derejesiniň we hiliniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň aýrylmaz şerti bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň, özara bähbitli parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, olara ulgamlaýyn häsiýet bermegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion Kanunyň gutarnykly taslamasyny taýýarlamak boýunça utgaşykly işleriň zerurdygyny nygtady. Bu Kanunyň kabul edilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagy, Diýarymyzda hakyky halk häkimiýetliliginiň berkarar bolmagy ugrunda möhüm ädime öwrüler.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, biz 18-nji maýda ajaýyp baýramy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden we dabaraly belläp geçeris diýip aýtdy.

Milli Liderimiz adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza biziň çäksiz buýsanýandygymyzy hem-de uly hormat goýýandygymyzy nygtady.

Sebäbi Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr.

Mundan ýigrimi sekiz ýyl öň Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi hem-de Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi bilen, Garaşsyz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň esaslary, syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-jemgyýetçilik ösüşleriniň binýady tutuldy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Konstitusiýamyzyň binýatlyk kadalaryna daýanyp, biz döretmäge bolan kuwwatymyz, gurmaga bolan ukybymyz, beýik geljegimize bolan ynamymyz bilen berkarar döwletimizi öňe alyp barýarys. Garaşsyz Diýarymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmäge, mähriban halkymyzyň asuda, abadan, bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet we pudaklaýyn maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Biz halkara gatnaşyklarynda Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy kadalaryndan hem-de maksatlaryndan ugur alyp, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýarys.Abraýly halkara guramalary, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarymyzy yzygiderli giňeldýäris.

Parahatçylygy pugtalandyrmak, içerki ösüşi we dünýä giňişliginde milli bähbitlerimizi üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirýäris diýip, milli Liderimiz belledi hem-de biziň geljekde hem saýlap alan şu ýolumyz bilen öňe gitjekdigimizi nygtady.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, henmmelere berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde käbir meselelere seredilendigini hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini belläp, Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Himiýa ylmy döwrebap derejede ösdürilýär
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy
05.03.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy