Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň düzümini kämilleşdirmek baradaky teklipleri taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Şu maksat bilen, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bu toplumyň degişli edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Seljermäniň esasynda bu pudagyň guramalarynyň birnäçesiniň ätiýaçlyk serişdelerini has netijeli ulanmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bazar gatnaşyklarynyň çalt ösýän şertlerinde hojalyk işini guramagyň barha köp usullarynyň we görnüşleriniň peýda bolýandygyny belledi. Şolar dünýä hojalygyndaky häzirki ykdysady ýagdaýa has uýgunlaşandyr. Döwlet Baştutanymyz kärhanalaryň üstünlikli işlemegi hem-de olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin edaralary dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini kadalaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz bu ugurda öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere hödürlenen teklipler bilen baglanyşykly degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň dört welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleriniň daýhanlarymyzyň alyp barýan işleriniň talabalaýyk derejededigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Olar şu ýyl hem gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Ekin meýdanlarynda köp sanly täze, häzirki zaman tehnikalary işledilýär. Suw tygşytlaýjy döwrebap ulgamlar giňden ulanylýar.

Gök-bakja önümleriniň we miweleriň bol hasyly alynýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Umuman, munuň özi, biziň oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça kabul edýän çözgütlerimiziň dogrudygyny subut edýär hem-de ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny doly üpjün edýändigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz wise-premýerler G.Müşşikowa we E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, milli ykdysadyýetiň bu ulgamynda işleriň ýagdaýyny seljermegi hem-de gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitlemegi tabşyrdy. Ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň tehniki parkyny döwrebaplaşdyrmak, ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin karz serişdelerini bölüp bermek möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Türkmenistan dünýä ähmiýetli suw meselesi babatdaky wezipeleri çözmek boýunça strategiýany yzygiderli durmuşa geçirip, halkara bileleşigiň tagallalaryna saldamly goşandyny goşýar. Daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan suw diplomatiýasynda bu möhüm ugurda uzakmöhletli hyzmatdaşlyk, öňdebaryjy tejribeleri işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Olaryň netijeliligi tutuş adamzada hyzmat edip biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ýurdumyz müňýyllyklaryň dowamynda toplanan suwdan rejeli peýdalanmagyň baý tejribesine eýe bolmak bilen, ony döwrebap çemeleşmeler esasynda ösdürýär hem-de oňyn ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürýär. Şolaryň biri-de, Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu başlangyç Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan edildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde türkmen tarapy döwletleriň, olaryň ykdysadyýetleriniň, durmuş ulgamynyň ösmeginiň, adamlaryň abadançylygynyň ýokarlanmagynyň suw serişdelerine elýeterlilige, olaryň netijeli dolandyrylmagyna gönüden-göni baglydygyny beýan etdi.

Suwdan peýdalanmak we oba hojalyk önümlerini öndürmek, azyk howpsuzlygy meseleleri babatda oýlanyşykly çemeleşmeler wajypdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Pudaga döwrebap hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan has kämil suwaryş tehnologiýalary ornaşdyrylýar hem-de suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli çäreler görülýär. Şundan ugur almak bilen, obasenagat toplumynyň edaralarynyň ýolbaşçylary sebitlerdäki işleriň ýagdaýyna hemişe gözegçilik etmelidirler. Şunuň bilen baglylykda, degişli meseleleri üns merkezinde saklamak hem-de öňde durýan wezipeleri çözmek üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow pudagyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şol sanda Hazar deňziniň kenarýaka zolagyndaky ýataklardan nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak bilen bagly halkara täjirçilik taslamalaryna gatnaşmagy boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmennebit döwlet konserniniň ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasy hödürlenildi. Türkmen nebitçileri şol kompaniýalar bilen Hazar şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň hem-de Bilelikde iş alyp barmak hakyndaky ylalaşygyň şertlerinde degişli işleri alyp barýarlar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Durnukly ösüşi üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, ýurdumyzyň ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin baý tebigy serişdeleri, nebitgaz ulgamynyň ylmy-tehniki kuwwatyny netijeli ulanmak şol syýasatyň esasy maksady bolup durýar.

Milli Liderimiz nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Buýrugyň taslamasyna gol çekip we ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberip, daşary ýurt maýalaryny, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini hem-de döwrebap tehnologiýalary çekmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.

Şu günler ýetişdirilen gallany gysga möhletde ýygnap almak, kombaýnlaryň we ýetişdirilen hasyly kabul ediş bölümlerine daşamakda ýük ulaglarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Galladan boşan meýdanlarda sürüm işlerine giň gerim berildi. Daşoguz welaýatynda şala ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişine girişildi. Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekişi boýunça ähli zerur işler degişli derejede alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragy bilen baglanyşykly ähli guramaçylyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, kärendeçileriň we mehanizatorlaryň öndürijilikli zähmeti üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Şeýle hem wise-premýere gowaça edilýän ideg işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmek we ýurdumyzda gök önümleriň mukdaryny artdyrmak babatda anyk tabşyryklar berildi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk institutynyň işine nägilelik bildirip, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak, ýaş hünärmenleriň ýokary öndürijilikli, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän daşary ýurtlaryň tehnikalaryna erk etmek başarnyklaryny gazanmak babatda zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz birnäçe daýhan hojalyklarynda ýerleriň şüdügär sürümine düýpli bellikleri aýtdy we ylmy esasda ekişe taýýarlanylýan ýerleri ýokary hilli taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew çagyryldy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň 2-nji tapgyryny gurmak hakyndaky Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň fewralyndaky Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan her biri ýylda 1 million tonna sement öndürýän iki sany sement zawodyny, ýagny Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodynyň hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrlaryny gurmak boýunça halkara bäsleşikleri geçirildi.

Onuň jemleri boýunça Beýik-Bina hususy kärhanasynyň hem-de Türkmen enjam hojalyk jemgyýetiniň beren teklibi saýlanyp alyndy. Agzalan desgalar toplumynyň gurluşyk taslamalaryna we hödürlenen baha tekliplerine Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek baradaky pudagara topar tarapyndan seljerme işleri geçirildi we oňyn netijenama alyndy.

Täze sement zawodlarynyň gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlap, 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gurluşyk toplumlarynyň önümçilik binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu möhüm taslamalaryň amala aşyrylyşyny berk gözegçilikde saklamagy hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilini we bellenen möhletde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz giň gerimli senagatlaşdyrmak maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýurdumyzda senagat we durmuş-medeni maksatly desgalaryň ençemesiniň gurulýandygyny hem-de gurluşygynyň meýilleşdirilendigini belledi. Şolaryň gurluşygy üçin ýokary hilli gurluşyk serişdeleri, hususan-da, sement zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sementiň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda bu islegli önümi çykarmak boýunça täze zawodlary gurmak barada taryhy çözgüdiň kabul edilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Kararlara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýakyn geljek üçin ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary barada durup geçip, Döwlet adam üçindir! diýen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny hem-de onuň çäklerinde ilatymyzyň abadan durmuşy we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Golaýda Altyn kölüň kenarynda döredilen we açylan toplum munuň nobatdaky subutnamasydyr. Şol ýerde aşgabatlylar talabalaýyk dynç alyp bilerler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda beýleki suw howdanlarynyň we derýalaryň hem bardygyny nygtap, ýurdumyzyň raýatlarynyň suwuň kenarynda göwnejaý dynç almak üçin ähli welaýatlarda şeýle dynç alyş zolaklaryny döretmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere olaryň gurluşygynyň maksatnamasyny taýýarlamak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Türkmenhowaýollary agentliginiň ýük howa gämisini satyn almagy hakyndaky Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Wise-premýer milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Boeing 777-200F ýük howa gämisini satyn almak boýunça geçirilen işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň hem-de täze tehnikalar bilen üpjün etmegiň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli meýilnamalaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.

Geografik we ykdysady nukdaýnazardan, ýurdumyzyň howa menzilleri üstaşyr gatnawlar hem-de tehniki gonuşlar we uçarlara degişli hyzmatlary amala aşyrmak babatda örän amatly ýerleşýär. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň halkara ulag gatnawlary ulgamynyň möhüm bölegi hökmündäki ähmiýetli ornuny şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz milli awiasiýany ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler barada aýdyp, işgärleri — uçarmanlary we ýerüsti gulluklaryň hünärmenlerini taýýarlamak meselesiniň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Milli raýat awiasiýasy diňe bir tehniki üpjünçilik babatda däl, eýsem, hünärmenleri taýýarlamakda hem bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanyň iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak zerurdyr. Ýurdumyzyň awiatorlary ýük daşalýan ugurlaryň çägini hem-de hereket edýän ugurlarda gatnawlaryň ýygylygyny artdyryp bilerler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenhowaýollary agentligi tarapyndan satyn alynýan döwrebap howa gämisiniň bildirilýän talaplara hem-de hil we howpsuzlyk babatda halkara ölçeglere laýyk gelmelidigini aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi hem-de ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň eksportyny goldamaga gönükdirilen sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini ösdürmegiň strategiýasyny taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň, ýerli önümleriň ýerlenýän bazarlarynyň çägini giňeltmegiň çäklerinde gözegçilik edýän düzümleriniň we söwda guramalarynyň alyp barýan işleri barada aýtdy.

Bu strategiýa Türkmenistanyň haryt öndürijileriniň içerki we halkara söwda ulgamyna gatnaşmagy üçin amatly şertleriň döredilmegi arkaly eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Onuň durmuşa geçirilmegi maýa goýum serişdeleriniň çekilmegini, ýerli harytlaryň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sergileriň, ýarmarkalaryň we maslahatlaryň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilmegini şertlendirer.

Bu taslamanyň çäklerinde öňde durýan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, strategiýanyň kanunçylyk binýadyny dünýä ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirmek, Türkmenistanda öndürildi nyşany işläp taýýarlamak we sanly ulgamyň maglumat serişdelerini peýdalanmak arkaly edaralaryň netijeli täjirçilik işini üpjün etmek, saýtlary döretmek, sergileri guramak boýunça dürli halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda toplumynyň edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak meselelerine guramaçylykly çemeleşmegiň, sanly ulgam arkaly eksport-import amallaryny kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz telekeçilik işinde täze ugurlary we usullary gözläp tapmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň işewürliginiň senagat toplumyny we onuň daşary ykdysady aragatnaşyklaryny köpugurly esasda ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, bazar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, telekeçileriň döwlet maksatnamalarynyň we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaklary üçin zerur şertleri döretmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň ýazky möwsüminiň netijeleri, ýüze çykarylan gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenmek we dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu işler Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda alnyp baryldy.

Wise-premýer milli Liderimize gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan, ylmy taýdan uly ähmiýete eýe bolan taryhy-medeni gymmatlyklar barada aýdyp, Ahal welaýatynyň çägindäki Abiwerd galasynda hünärmentçilik toplumynyň goşmaça desgalarynyň üstüniň açylandygyny habar berdi.

Balkan welaýatynyň çägindäki orta asyr Dehistanynyň Juma metjidiniň peştagyny rejelemek işleri tamamlandy. Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň düzümine girýän “Kerwensaraý” ady bilen tanalýan ýadygärlikde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. XII asyra degişli Daýahatyn kerwensaraýynda rejeleýiş işleriniň ikinji tapgyry tamamlandy. Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýyndaky Abdyllahan galasynda işler dowam etdirildi.

Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlik tarapyndan guralan arheologik ekspedisiýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäklerinde arheologik gözleg işleri hem alnyp baryldy. Netijede, ozal hasaba alynmadyk ýadygärlikleriň ençemesi ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Milli medeni mirasy öwrenmekde we ony giňden wagyz etmekde halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.

Ýazky möwsümde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly kitabynyň esasynda bu möhüm ýoluň Amul — Merw bölegini wagyz etmek hem-de ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen, bu ugurda ýerleşen birnäçe kerwensaraýlaryň taryhyny öwrenmek boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu işleri yzygiderli dowam etmegiň, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, öwrenmek we rejelemek, döwlet hasabatyny ýöretmek bilen, baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz arheologiýa, etnografiýa, taryh meseleleri boýunça daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagy tabşyryp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, aýratyn-da, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly orta we ýokary bilim ulgamynda uzak aralykdan okatmagy guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwrebap sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim edaralarynda uzak aralykdan okatmak işleri ýola goýuldy we wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mümkin bolan ylmy maslahatlar geçirilýär.Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, daşary ýurtlarda orta hünär biliminiň binýadynda ýokary hünär bilimini, ikinji ýokary hünär bilimini, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli raýatlara bilim bermek, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly uzak aralykdan bilim maksatnamalaryny amala aşyrmak tejribesi öwrenilýär.

Ýurdumyzda toplanan milli tejribelere we dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanyp, mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça ene-atalar üçin uzak aralykdan okuw-gollanma kömegini bermek we mümkinçilikleri çäkli raýatlar üçin uzak aralykdan bilimi ýola goýmak teklip edilýär.

Milli Liderimiziň başlangyçlaryna laýyklykda, ýakyn geljekde orta hünär bilimi bolan işgärler öz ugry boýunça ýokary hünär bilimini alarlar. Şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça uzak aralykdan hünär bilimini bermek usullary giňden peýdalanylar.

Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyza bilim edaralarynda uzak aralykdan bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegine mümkinçilik berýän täze tehnologiýalary ulanmak boýunça döwrebap düzgünnamalary taýýarlamak hem-de olary girizmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň öz ösüşinde IT tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylmagyny esasy ugur edinýändigini we halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak konsepsiýasyny amala aşyrýandygyny belledi.

Milli Liderimiz orta we ýokary bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny mundan beýläk-de işjeň özleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Onuň netijesinde, bilimiň täze görnüşi bolan uzak aralykdan okatmak mümkinçiligi emele geler.

Bellenilişi ýaly, bilim ulgamyna ornaşdyrylýan täzeçil usullar milli bilim ulgamynyň derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň bilim edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary ösdürer, şeýle hem daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga şertleri döreder.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri, Türkmenistanyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça amala aşyrýan çäreleri barada hasabat berdi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, energiýa diplomatiýasyna möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürýän ugrunyň çäklerinde häzirki döwürde täze degişli halkara guraly döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Häzirki şertlerde global, yklym we sebit derejelerinde energiýa durnuklylygynyň üpjün edilmegi gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň ösdürilmegi bilen bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2009-njy ýylda bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara gurama bolan Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) döretmek baradaky başlangyjy goldan ilkinji döwletleriň biridir. Şeýle hem ýurdumyz 2018-nji ýylda bu düzümiň doly hukukly agzasy boldy.

Häzirki döwürde 161 döwlet IRENA agentliginiň agzasydyr.

Durnukly energiýa ulgamyna geçmek boýunça dünýä ýurtlarynyň strategiýasyna goldaw bermek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda innowasion tehnologiýalary we ykdysady bilimleri öňe ilerletmek bu agentligiň işiniň esasy ugurlarydyr.

Milli Liderimiziň goldaw bermegi netijesinde, 2018-nji ýylda IRENA agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleriň meýilnamasy düzüldi hem-de ýurdumyzyň degişli Pudagara iş topary döredildi. Bu toparyň halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagy bilen birnäçe bilelikdäki mejlisleri we duşuşyklary guraldy.

IRENA agentligi bilen bir hatarda, Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň senagat taýdan ösüş boýunça ýöriteleşdirilen düzümi (UNIDO), BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýaly BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyk edýär hem-de olar bilen bilelikde, her ýylda ugurdaş taslamalar we maksatnamalar amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň bu ugra degişli döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça Milli agentligi döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň IRENA agentliginiň ýanyndaky hemişelik wekili hökmünde ýurdumyzyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisini bellemek hakyndaky teklip beýan edildi.

IRENA agentliginiň çäklerinde beýleki ýurtlar bilen tejribe alyşmak, döwletimiziň energetika ulgamyndaky tejribe bilen halkara jemgyýetçiligi tanyşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň halkara energiýa guramalaryň çäklerinde alyp barýan işini has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistany 2020 — 2022-nji ýyllara IRENA agentliginiň Geňeşine saýlanmagy üçin hödürlemek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, teklipleri makullady. Soňky ýyllarda dünýäde ylmy-tehnologiýa işleriniň okgunly ösmegi netijesinde, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmakda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary depgini göze ilýär. Şeýle hem bu geljegi uly ugur Bitarap Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz bu ugurda ägirt uly kuwwatlyklara we mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyzyň gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini herekete girizmekde, ugurdaş taslamalary işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça dünýäniň oňyn tejribesiniň öwrenilmegine gönükdirilendigini belledi.

Gün, ýel we suw energiýasy ýaly tebigy çeşmeleri giňden ulanmak babatda ekologiýa taýdan arassa täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Döwlet Baştutanymyz halk hojalygy toplumynyň dürli pudaklarynda şeýle usullaryň netijeli peýdalanylmalydygyny belledi.

Munuň özi ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ykdysady ugur hem-de bäsdeşlige ukyplylygy üpjün etmek nukdaýnazaryndan gaýtadan dikeldilýän energiýanyň özüne çekijiligini şertlendirýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz, tebigy-howa şertlerini nazara alanyňda, Türkmenistanda bu ugry üstünlikli ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz energiýa diplomatiýasy ulgamynda ýurdumyzyň başlangyçlaryny öňe ilerletmek, abraýly halkara guramalary we gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan degişli işleri dowam etmek barada wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Häzirki döwürde Mejlisiň kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, dürli pudaklaryň mundan beýläk-de ösüşine gönükdirilen täze kanunlary taýýarlamak we ozal hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak baradaky Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Toparyň nobatdaky mejlisinde gelip gowşan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy we amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň mazmunyny hem-de ähmiýetini açyp görkezmek işleriniň geljekki ugurlary kesgitlendi.

Mejlisiň deputatlary Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata, şeýle hem Parlamentara Bileleşiginiň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Soňra milli parlamentiň ýolbaşçysy häzirki wagtda Mejlisde ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, kanunlaryň taslamalarynyň, hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça taslamalaryň 32-siniň taýýarlanylandygyny habar berdi.

G.Mämmedowa taýýarlanylan kada-kanunlaryň sanynyň köpdügi hem-de olar barada teklipleriň, seslenmeleriň gelip gowuşýandygy bilen baglylykda, kanunlaryň üstünde işlemegi dowam etdirip, Mejlisiň 20-nji iýunda bellenen maslahatyny gaýra süýşürip, kanunlaryň taslamalaryna indiki maslahatlarda seretmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hukuk binýatlaryny berkitmek boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde kanunçylyk binýadynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, bu işleriň ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki zaman tapgyrlarynyň esasy ugurlaryny hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak arkaly geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz gelip gowuşýan teklipleriň hemmesiniň düýpli öwrenilmeginiň wajypdygyny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Konstitusion kanunyň taslamasynyň gutarnykly görnüşini taýýarlamak hem-de ony Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisinde garamaga bermek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etmelidigini belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýerlerde jemgyýetçilik köpçüligi bilen duşuşyklary gurap, amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň ähmiýetini giňden açyp görkezmegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz Mejlisiň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine giriziljek meseleleriň ähmiýetine ünsi çekip, ähli resminamalaryň we olar boýunça kabul ediljek çözgütleriň netijeli işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan geçirilýän işler, harby özgertmeleriň barşy hem-de içerki jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak, serkerdeleriň we esgerleriň netijeli gulluk etmegi hem-de göwnejaý ýaşamagy üçin şertleri döretmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň mähriban halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça utgaşykly işiniň wajypdygyny nygtady. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasy düzgünlerinden ugur almak bilen, döwletimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hemişe uly üns berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň göwnejaý dynç almagy, netijeli gulluk etmegi boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada aýdyp, bu ugurdaky işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady hem-de wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýylyň 24-nji iýunynda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek dabaraly ýörişe Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny aýtdy. Oňa goranmak ministri, general-maýor B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk eder.

Biz bu şöhratly senäni bellemek bilen, geljekki nesilleriň parahat durmuşynyň hatyrasyna gazaply söweş meýdanlarynda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen gahrymanlarymyzy uly hormat-sarpa duýgusy bilen ýatlaýarys diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şanly waka mynasybetli şu ýylyň 9-njy maýynda Aşgabatda dabaralar — harby ýöriş, Baky polk hereketiniň baýramçylyk ýörişi guraldy.

Milli goşunyň esgerleriniň we serkerdeleriniň dabaraly ýörişe gatnaşmagy her bir türkmenistanlynyň kalbynda Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan türkmen topragynyň gerçek ogullarynyň gaýduwsyzlygyna hem-de gahrymançylygyna bolan buýsanç duýgusyny döreder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, bu waka oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrar.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Senagat PTB-niň başlygy boldy
Ýylyň bäş aýynda Türkmenistanda jemi içeki önümiň ösüşi 6,1 göterime deň boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekildi
Türkmenistanda intellektual eýeçiligiň desgalaryny goramak boýunça Pudagara topary döredildi