Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi.

Wideoaragatnaşyk arkaly, ilki bilen, çykyş eden, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň kärhanalarynyň şu ýyl üçin meýilnamadaky wezipelerini berjaý edişine gözegçiligi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda gözegçilik edaralarynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 27-nji iýunyndaky Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarly döwlet edarasy diýlip bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ugurdaky işleri kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan anyk çäreler, şol sanda Türkmenistanyň çäk suwlarynda we içerki suw howdanlarynda balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak hakynda düzgünnamanyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň täsin tebigatyny, şol sanda Hazary gorap saklamak meselelerine Türkmenistanyň uly ähmiýet berýändigini nygtady. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň başlangyjy bilen kenarýaka döwletleriň bäşisiniň arasynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.

Şol ylalaşyklaryň hatarynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly Konwensiýa (Tähran konwensiýasy), Hazaryň biologik köpdürlüligini gorap saklamak hakynda Teswirnama (Aşgabat Teswirnamasy), Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda V Hazar sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýanyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekip, munuň bäş ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin şertleri döredendigini, dürli ugurlar boýunça ýakyn gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilikleri açandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Ekologiýa howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak, täsin tebigy suw giňişligi bolan Hazaryň bioköpdürlüligini gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak ulgamyndaky möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi Türkmenistanyň bu ugurdaky kadalaşdyryjy namalaryny döwrüň talaplaryna hem-de umumy kabul edilen kadalara laýyk getirilmegini talap edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän işleriň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň çäk suwlarynda we içerki suw howdanlarynda balyk tutmak hem-de suwuň bioserişdelerini gorap saklamak hakyndaky düzgünnamanyň täze rejelenen görnüşiniň taslamasyny degişli düzümler bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Mejlisi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň işiniň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi.Milli Liderimiz häzirki wagtda döwletimizi mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalaryň birnäçesiniň, şol sanda ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli senagatlaşdyrmak maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigini nygtap, wise-premýere bellenen ähli işleriň takyk we öz wagtynda ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de pudagyň önümçilik kuwwatyny, tehniki-ykdysady görkezijileriň durnukly ösüşini pugtalandyrmak, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini, sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegini üpjün etmekde, ilatyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmakda we ýurdumyzyň daşary ykdysady ornuny pugtalandyrmakda energetika ulgamyna ähmiýetli orun berilýändigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, nebiti we gazy gaýtadan işleýän täze toplumlaryň, himiýa kärhanalarynyň, elektrik beketleriň hem-de köp sanly durmuş desgalaryň ulanylmaga berilmegi energiýa serişdelerine bolan içerki islegiň artmagyny şertlendirdi. Şunuň bilen bir hatarda, energiýa serişdeleriniň iberilmegi babatda halkara eksport şertnamalary boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine ilkinji nobatda üns berilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, ilkinji derejeli wezipeleriň biri ýangyç-energetika serişdeleriniň gazylyp alnyşynyň we gaýtadan işlenilişiniň mukdaryny artdyrmakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz senagatynyň esasy önümçilik we düzümleýin desgalaryny kämilleşdirmek, ähli pudaklara döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Munuň özi şol pudaklaryň innowasion esasda yzygiderli ösmegine ýardam berer.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň gallaçylary güýzlük bugdaýa ideg etmek işlerini alyp barýarlar. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri amala aşyrylýar.

Şunuň bilen birlikde, bugdaý oragyna taýýarlyk görülýär. Bu ugurda häzirki wagtda galla kabul ediş bölümlerini, däne orýan kombaýnlary we bugdaýy daşamak üçin awtoulaglary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Şeýle hem wise-premýer gowaça ekişini agrotehniki çärelere laýyklykda öz möhletinde geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna şu ýyl ýurdumyzda gant şugundyryny öndürmek bilen bagly Kararyň taslamasy hödürlenildi.Tutuş ýurdumyz boýunça jemi 17 müň 900 gektar meýdana güýzlük gant şugundyryny ekip, şondan 224 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Balkan welaýatynda 3 müň gektardan 24 müň tonna, Mary welaýatynda 14 müň 900 gektardan 200 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilýän dürli görnüşli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmegiň häzirki döwürde obasenagat toplumyny ösdürmegiň esasy wezipeleriniň biridigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýazky oba hojalyk işlerini, ilkinji nobatda bolsa, bugdaýa ideg edilmeginde, gowaça ekişiniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginde, agrotehnikanyň kadalarynyň pugta berjaý edilmegine hem-de galla oragyna ykjam taýýarlyk görülmegini üpjün etmekde wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Wise-premýere ekerançylykda zerur bolan agrotehniki kadalaryň ählisiniň berjaý edilişine, suw serişdeleriniň rejeli ulanylyşyna, tehnikalaryň netijeli işledilişine gözegçiligi ýola goýmak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2020-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we resminamany ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlarynda sementiň täze görnüşlerini öndürmek barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda senagat pudagy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gurluşyk materiallary senagaty hem ýokary depginde ösýär. Ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini çykarmaga mümkinçilik berýär.

Döwrüň talabyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň senagat pudagynyň öňünde möhüm wezipe — ýerli gurluşyk bazaryny ýokary hilli senagat harytlarynyň zerur bolan möçberi bilen üpjün etmek wezipesi goýuldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gurluşyk serişdeleriniň esasy görnüşleriniň öndürilişini artdyrmak hem-de çykarylýan önümiň görnüşlerini giňeltmek barada beren görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde sementiň önümçiliginde aktiw mineral goşundylaryny ulanmak boýunça netijeli çäreleri gördi.

Häzirki wagtda eýýäm 400-G20-K görnüşli portlandsement öndürilýär. Mundan başga-da, 500-G20-K görnüşli sementiň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu önümçilik üçin zerur bolan aktiw mineral goşundy — bazalt porfiritleri Balkan kän müdirliginiň hasabynda duran Ufra ýatagyndaky dag jynslaryndan alynýar. Bu minerallar fiziki-himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement çykarmaga mümkinçilik berýär.

Sementiň ýokarda agzalan görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy zawodlarda ýokary hilli sementiň öndürilýän mukdaryny 20 göterime çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Munuň üçin ähli amatly şertler, ilkinji nobatda bolsa, ýerli mineral-çig mal serişdeleriniň dürli görnüşleriniň uly gorlary bar. Şolary uly isleg bildirilýän gurluşyk serişdelerini öndürmek üçin netijeli ulanmak bolar.

Milli Liderimiz soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäde halkara talaplara laýyk gelýän döwrebap köprüleriň hem-de okgunly ösýän ulag-kommunikasiýa düzüminiň beýleki wajyp desgalarynyň gurlandygyny belledi. Häzirki wagtda hem bu ugurda möhüm taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny hem-de üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek barada öňe sürýän başlangyçlarynyň tutuş dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýandygyna hem-de doly ykrar edilýändigine ünsi çekip, transkontinental ugurlary babatda ýurdumyzda gurlan awtoulag köprüleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz köprüleriň kadaly ulanylmagynda hem-de wagtly-wagtynda abatlaýyş işleriniň geçirilmeginde käbir kemçiliklere ýol berilýändigi sebäpli, wise-premýeriň bu ugurda alyp barýan işine nägilelik bildirdi.

Ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň Türkmenistanyň durnukly ulag boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek baradaky başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine gönüden-göni ýardam edýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerden ulaglaryň gatnawlaryny artdyrmak hem-de döwrebap ulag-üstaşyr ulgamyny döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan, halkara ölçeglere gabat gelýän köprüleriň talabalaýyk saklanylyşyna hem-de wagtynda abatlanylmagyna degişli meselelere berk gözegçilik etmegi talap edip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň gümrük serhedinde daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň ýeke-täk möçberlerini bellemek hakyndaky Kararyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer sazlaşykly ulag syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, kanunçylygy hem-de nyrhlary sazlaşdyryp, gümrük, wiza we beýleki düzgün-kadalary kem-kemden ýönekeýleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Bu çäreler ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatynyň, ýük daşalyşynyň hem-de daşary söwdanyň mukdarynyň artmagyna düýpli täsir edip biler.

Habar berlişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumynyň düzümine girýän agentlikler tarapyndan degişli ugurda geçirilýän işler seljerildi. Şol seljerme işleriniň netijesinde, awtoulag serişdeleriniň aglaba böleginiň goňşy döwletleriň üsti bilen üçünji ýurtlara üstaşyr geçýändigini nazara alyp, ýurdumyzyň çäginden geçýän beýleki ugurlar boýunça daşary ýurt ýük daşaýjylary çekmek maksady bilen, her ugur boýunça aýratyn we bäsdeşlige ukyply nyrhlary kesgitlemek teklip edilýär.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde Türkmenistanyň älem giňişliginden Ýer üstüne gözegçilik edýän milli emeli hemra ulgamynyň meseleleri barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakyn geljek üçin esasy wezipeleriň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarda ýollary hem-de merkezleri birleşdirýän esasy ugurlar boýunça düzümi mundan beýläk-de giňeltmek wezipesiniň öňde durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz ulag ulgamynda amala aşyrylýan taslamalaryň, şol sanda Türkiýä çykýan Merkezi Aziýa üçin Modal ýoluny döretmegiň hem-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe hem-de Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgelerini gurmagyň we işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, bu wajyp ugurlaryň döredilmeginiň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň maksatlaryny amala aşyrmak babatda uly ähmiýete eýedigini belledi.

Dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň üstünlikli ulanýan ygtybarly üstaşyr geçelgäni üpjün etmek bilen, Türkmenistan demir ýol pudagyny döwrebap ösdürmäge uly üns berýär. Bu bolsa daşalýan ýükleriň we gatnadylýan ýolagçylaryň mukdaryny we sanyny has-da artdyrmak, üstaşyr-ulag daşamalaryň çägini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutanymyz demir ýol köprüleriniň gurluşygyna uly üns berilýändigini belläp, dünýäniň köpri gurluşyk tejribesiniň aýratyn üns berilmegine mynasypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz demir ýol köprüleriniň netijeli ulanylmagynda hem-de ýokary derejede saklanylmagynda zerur işleriň geçirilmegine berk gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň üstaşyr-ulag we logistika kuwwatyny amala aşyrmak babatda strategik ähmiýetli iri taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere bellenilen meýilnamalary mundan beýläk-de amala aşyrmak üçin ähli tagallalaryň edilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz halkara ölçegleriň ýokary derejesine kybap gelýän hemra aragatnaşyk ulgamynyň bolmagyna ünsi çekip, maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň, kompýuter tehnologiýalarynyň tutuş dünýäde sazlaşykly ösýän ugurlar bolup durýandygyny belledi. Ýokary tehnologiýaly pudaklar, nazaryýet we amaly bilimler, maglumat tehnologiýalary dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejä çykmagyna gös-göni täsir edýär.

Şonuň üçin döwlet syýasatynda ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Sanly ykdysadyýete geçmek maksady bilen, kompýuter ulgamlary hem-de aragatnaşygyň döwrebap serişdeleri kämilleşdirilýär, önümçilikler awtomatlaşdyrylýar, maglumat ulgamlary döredilýär hem-de elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar, netijede, ykdysadyýetimiz has-da berkeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzir, milli hemra aragatnaşyk ulgamynyň doly güýjünde işleýän wagty wideokonferensiýalaryň ýa-da hemra üsti bilen teleköprüleriň tehnologiýalaryny peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Giňden ulanylýan kommunikasiýalaryň bu görnüşi iş depginini artdyrýar, wagty we serişdeleri peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi we bu tehnologiýalaryň bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda giňden ulanylýandygyny nygtady.

Nygtalyşy ýaly, hemra aragatnaşygynyň döwrebap düzümi hem-de degişli täze tehnologiýalar Türkmenistanda älem bilen bagly barlag işlerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge ýardam edip, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artmagyna hyzmat eder.

Milli Liderimiz älem giňişligine ikinji emeli hemrany çykarmagyň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumy üçin möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna ünsi çekip, wise-premýere şu meseläni öwrenmegi hem-de bu ugurda zerur bolan çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldawyň berilmegi boýunça görülýän çäreler, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer, hususan-da, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 1-nji synp okuwçylaryny täze okuw ýylynda kompýuterler bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Däp bolşy ýaly, şol kompýuterler hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylar.

Kompýuterleriň zerur bolan sanynyň çykarylmagyny Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň bilelikdäki Agzybirlik tilsimaty kärhanasy üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtda wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowy hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewi çagyrdy. Soňra Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyzy bilim berýän kompýuterleriň görnüşleri bilen tanyşdyrdy hem-de şolaryň häsiýetnamalary barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, import önümleriniň ornuny tutýan harytlary öndürmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, bäsdeşlige ukyply senagaty ösdürmek babatda telekeçileriň eýeleýän ornunyň giňelýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek hem-de içerki bazary ýokary hilli elektron önümleri bilen üpjün etmek babatda amala aşyrylýan taslamalary goldamagyň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara 1-nji synp okuwçylary üçin kompýuter tehnikalarynyň programma üpjünçiligine, okuw wezipesine hem-de çagalaryň saglygy üçin howpsuzlyk ölçeglerine bildirilýän häzirki talaplara laýyklykda, olaryň öndürilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu işiň baş maksady ýurdumyzyň bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin şertleri döretmek bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Gylyjowa Agzybirlik tilsimaty kärhanasynda köpçülikleýin ulanylýan professional kompýuterleriň önümçiligini ýola goýmak baradaky meseläni öwrenmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Aşgabatda 13-nji maýda Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany atly halkara fotosergini we maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Sergide ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň fotosuratçylarynyň, habarçylarynyň parahatçylyga, dostluk-doganlyga hem-de dünýäniň halklarynyň agzybirligine, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan işleri görkeziler. Häzirki wagtda serginiň işine dünýäniň ençeme döwletlerinden wekiller gatnaşmaga isleg bildirdi. Sergä gatnaşjak daşary ýurtlulara çäräniň açylyş dabarasynda wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etmäge mümkinçilik dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary döwletler bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrýan halkara medeni çärelerini geçirmegiň uly ähmiýetini nygtady. Şol çäreler dostluk gatnaşyklaryny hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň ýurtlary bilen köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, dünýäde halkymyzyň ruhy mirasyny wagyz etmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň wideoaragatnaşyk mümkinçiliklerini peýdalanyp, Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany atly halkara fotosergini we maslahaty geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, olara gatnaşyjylaryň döredijilik taýdan üstünlikli gatnaşyk etmegi üçin hemme şertleri döretmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, Bilim ministrliginiň hünärmenleri orta bilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini guramak boýunça geçirilmeli işleriň meýilnamasyny taýýarladylar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ähli çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylaryny kabul etmäge işjeň taýýarlyk görülýär, sport we oýun meýdançalary we beýleki köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerleri dynç alyş möwsümine taýýarlanylýar.

Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Aşgabat şäher hem-de welaýat häkimlikleri tarapyndan çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde arassaçylyk işlerine bildirilýän kadalara laýyklykda gözegçilik ediler.

Häzirki wagtda tejribeli mugallym-terbiýeçiler we olaryň kömekçileri bolan talyplar bilen tapgyrlaýyn taýýarlyk okuwlaryny guramak boýunça işler alnyp barylýar.

Bilim ministrligi tarapyndan medeni-köpçülikleýin, sport-sagaldyş çäreleriniň toplumlaýyn meýilnamasy taýýarlanylýar. Şol çäreler, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna we gyzyklanmalaryna laýyklykda, olaryň tebigy zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açmaga hem-de täsirli, şadyýan dynç almaklaryna gönükdiriler.

Köp sanly mekdep okuwçylaryny dynç alyş möwsümine işjeň çekmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerine hem-de döredijilige ugrukdyrmak, olarda watansöýüjilik duýgularyny terbiýelemek maksady bilen, paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky orta mekdeplerdäki we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň töweregindäki sport meýdançalar hem dynç alyş möwsümine taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümini üstünlikli geçirmek üçin zerur bolan ähli şertleri döretmegiň möhümdigini belledi hem-de mekdep okuwçylarynyň dynç alyş möwsümini çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwürmek hem-de wagtyny şadyýan, gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin degişli düzümleriň işlerini döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda täzeçil guramak barada görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri, ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasy (BSG) bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň dekabr aýyndaky Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň möhümdigi bellenildi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň köptaraplaýyn ykdysady we söwda gatnaşyklaryny alyp barýan halkara we sebitara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

Şolaryň hatarynda Bütindünýä söwda guramasy hem bar. Bu gurama dünýä ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny utgaşdyrmak we bu ugurda halkara kadalaryny düzmek hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça iş alyp barýan ýeke-täk ählumumy halkara guramadyr.

Häzirki wagtda Bütindünýä söwda guramasyna dünýäniň 164 döwleti agza bolup durýar.

Şeýle hem 24 döwlet bu guramanyň synçysy hökmünde çykyş edýär. Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak we bu guramanyň işine gatnaşmak bilen bagly meseleleri öwrenmek üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 15-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli Hökümet topary döredildi.

Bu toparyň mejlisleriniň hem-de BSG-niň degişli wekilleri we halkara bilermenler bilen geçirilen maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça ilkinji ädim hökmünde ýurdumyzyň bu gurama synçy bolup gatnaşmagy milli ykdysadyýetimiziň kämilleşmegine has amatly mümkinçilikleri döretjekdigi anyklanyldy.

Munuň özi, hususan-da, Türkmenistanyň BSG-niň resmi çärelerine, esasy halkara duşuşyklaryna we forumlaryna gatnaşmagy, iki tarapyň wekiliýetleriniň saparlarynyň yzygiderli amala aşyrylmagy arkaly degişli hünärmenleriň derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi hem-de bu abraýly guramanyň çäklerinde sebit we halkara söwdasyny ösdürmek boýunça milli başlangyçlary öňe sürmek we beýlekiler üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, Ýewropa Bileleşigi, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, ESKATO, Bütindünýä banky we Aziýa ösüş banky ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga täze itergi berler.

Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda we halkara tejribe esasynda Bütindünýä söwda guramasynda ýurdumyzyň synçy derejesini almagy üçin degişli işleri amala aşyrmak teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň geljegi bilen bagly meselelere ünsi çekip, halkara gatnaşyklary ösdürmekde söwda ulgamynyň tutuş ykdysady ulgama uly täsir edýändigini, önümçilik pudaklaryny bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge, innowasion marketing çemeleşmelerini ulanmaga höweslendirýändigini belledi.

Häzirki wagtda söwda ulgamy milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň täsirli guraly bolup durýar.Munuň özi ilatyň iş bilen üpjünçiligi meselelerini çözmäge hem ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman şertlerinde Türkmenistanyň dünýäniň söwda-ykdysady ulgamyna yzygiderli goşulyşmagynyň bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň, onuň maýa goýumlary babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.

Şeýlelikde, BSG bilen gatnaşyklaryň täze derejä çykarylmagy hem-de bu guramada synçy derejesine eýe bolunmagy Türkmenistana diňe bir ählumumy işlere işjeň gatnaşmaga däl, eýsem, özüniň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Munuň özi Watanymyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hem-de abraýyny has-da belende galdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy we wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň goňşulary we hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly gatnaşyklar arkaly Hazarda ekologiýa meselelerini çözmäge täze çemeleşmeleri teklip edýändigini aýdyp, döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Medeniýet hepdeligine hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň hem-de çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän Türkmeniň Altyn asyry bäsleşigine häzirden ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle çäreler halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar, onuň döredijilik kuwwatyny artdyrýar, milli medeniýetimiziň ösdürilmeginiň, milletimiziň egsilmez ruhy baýlygyny hem-de asylly däplerini aýawly saklamagyň we baýlaşdyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini belläp, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň özboluşly nyşanlaryna öwrülen ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýlarynyň tohumynyň arassalygyny saklamaga we täze ugurlaryny ýetişdirmäge gönükdirilen ylmy-seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini kämilleşdirmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi.

Jemi içerki önümiň görkezijisini ýokary derejede saklamak hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige döwrebap tehnologiýalary hem-de ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň dowam etdirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.

Munuň özi ähli pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmak, şonuň netijesinde, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak we ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30.10.2020 | Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow logistika merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär