TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Hususan-da, häzirki wagtda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde hereket edýän kanunlary seljermek, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek baradaky guramaçylyk toparynyň mejlisiniň geçirilendigi aýdyldy.

Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini bellemek, guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak, forumyň gün tertibini we deslapky maksatnamasyny, degişli resminamalary taýýarlamak, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek bilen baglanyşykly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan gazeti

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINI GARŞYLAMAK UGRUNDA
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň Mejlisi Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görýär
Türkmenistanyň Mejlisinde OHCHR-nyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi