TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.Hususan-da, milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen altynjy maslahatynyň jemleri barada habar berildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk bilen baglanyşykly Kanunlara we başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil—Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.

Türkmenistan gazeti

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirilýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda täze kanun taslamalaryna garalar