2024-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalary hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli parlamentiň işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgala, raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kadalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň hereket edýän kodekslerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, Geňeşleriň öz wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirişine, dolandyryş-çäk birlikleriniň we olaryň düzümleriniň ykdysady ösüşine yzygiderli seljerme geçirilýär hem-de ilatly ýerleriň maglumatlary öwrenilýär.
Mundan başga-da, deputatlar raýatlaryň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuşy bilen gyzyklanýarlar, olaryň tekliplerini, isleglerini öwrenýärler.Mejlisiň deputatlary 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, ýylyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek we halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän dürli çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde köptaraply pudaklaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, bu geňeşiň işine işjeň gatnaşýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigini, Arkalaşygyň pudaklaýyn edaralary bilen gatnaşyklary giňeldýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, önümçilikleriň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, olar zerur bolan serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şeýle hem toplumyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz toplumyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gowaça ekişine taýýarlyk görlüp, ýerleri sürmek we tekizlemek işleri geçirilýär, oba hojalyk tehnikalary hem-de ýokary hilli gowaça tohumlary taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly, netijeli peýdalanmak hem-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny toplamak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada-da aýdyldy.
Welaýatlarda suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän häzirki jogapkärli möwsümde alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki talaplara laýyk geçirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýazky ekişe gowy taýýarlyk görmegi hem-de bu ugurda işleriň talabalaýyk guralyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.Bu işlere ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň wekilleri hem işjeň çekilýär. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy tehnologiýalardyr enjamlar bilen üpjün edilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri, hususan-da, dürli ölçegdäki polat turbalary öndürjek täze, döwrebap bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy hem-de degişli teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary özümizde öndürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwlet we hususy tarapyň gatnaşmagynda önümçilik kärhanasyny döretmek baradaky beýan edilen teklibi makullap, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň telekeçileriniň ähli ugurlarda has-da netijeli işlemekleri üçin amatly şertler döredilýär.
Munuň özi telekeçilik ulgamynyň Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine saldamly goşant goşmagyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, telekeçiligi ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy pudagyna yzygiderli döwlet goldawynyň berilýändigini, bu ugurda amatly şertleriň döredilýändigini aýtdy we wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň sirk sungatyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer “Medeniýet hakynda hem-de Sirk we sirk sungaty hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna Milli hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini, şeýle-de olary tassyklamak hakynda Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek we has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna Milli hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2024-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri barada hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet derejesinde ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmäge, döwrebap alymlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär.Sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi.
Olaryň teklipleri esasynda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky taslama taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini, ony ösdürmek boýunça köp işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere 2024-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri guramaçylykly geçirmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, meýilnamanyň taslamasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan we “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan”, şeýle hem daşary syýasy we daşary ykdysady meseleleri öz içine alýan döwlet hem-de Hökümet derejesinde kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan gelip çykýan wezipeleriň esasynda taýýarlanyldy.
Resminama ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny amala aşyrmak, daşary syýasy we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryň has-da ynsanperwerleşdirilmegine goşant goşmak ýaly esasy wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.
Hususan-da, resminamada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň kabul eden resminamalaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan ähli zerur işleriň guralmagy we durmuşa geçirilmegi babatdaky çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de onda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda alnyp baryljak işler beýan edilýär.
Daşary ýurt döwletleri bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn saparlary we syýasy geňeşmeleri guramak göz öňünde tutulýar.
Iş meýilnamasyna laýyklykda, dürli ýurtlar bilen medeniýet, ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlarynda maslahatlary, okuw sapaklaryny, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen birlikde, agzalan meýilnama halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, maglumat işleri, sanly diplomatiýa ýaly ugurlary öz içine alýar.Resminamada halkara ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär.Hususan-da, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça degişli döwlet edaralary, kompaniýalar we banklar, halkara ykdysady, maliýe guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri özünde jemleýär.
Resminamada Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň öz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýermek bilen, dünýäde ählumumy abadançylyga gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi.Geljekde-de Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirip, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürip, Açyk gapylar syýasatyny üstünlikli amala aşyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew agentligiň garamagyndaky düzüm birlikleriniň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Meýilnamalarda ulag infrastrukturalaryny sebitiň üstaşyr mümkinçilikleri bilen netijeli utgaşdyrmak arkaly ýük dolanyşygyny artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, maýa goýumlar üçin amatly şertleriň döredilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, döwrebap demir ýol, awtomobil we howa menzilleriniň, demir ýollaryň, ýük terminallarynyň, deňiz gämileriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň, sanly ulgamlaryň, telefon beketleriniň gurluşygyna aýratyn üns berler. Şeýle hem birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra M.Çakyýew şu ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Çäräniň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen gepleşikleri, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini, bu ugurda halkara guramalar bilen degişli işleriň geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri atly plenar ýygnagy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi