Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 30-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem beýleki meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.Ol Milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynyň netijeleri barada maglumat berdi.Maslahatyň dowamynda "Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem "Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda" Türkmenistanyň Mejlisiniň karary, Raýat, Arbitraž, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat, Gümrük kodekslerine, Salgytlar hakynda Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Kanunlar we beýleki resminamalar kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň we Niderlandlar Patyşalygynyň ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi, şeýle hem Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň deputatlary degişli döwlet edaralary tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNISEF-niň, ÝHHG-niň wekilhanalary bilen bilelikde, howanyň üýtgemegi, çagalaryň hukuklaryny goramak, milli söwda syýasatyny kämilleşdirmek, gender mümkinçiliklerini ornaşdyrmak bilen baglanyşykly guralan forumlara gatnaşdylar.

Deputatlar Garaşsyz Watanymyzyň döwlet syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy esasynda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, şeýle hem kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek boýunça-da netijeli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň kanunçylyk işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, täze kanun taslamalary taýýarlanylanda halkara tejribeden ugur alyp, olaryň döwrebap bolmagyny gazanmak wajypdyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň serişdelerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Hususan-da, Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda tassyklanylan 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, onda göz öňünde tutulan çykdajylary rejeli özleşdirmäge we girdejileri ýokarlandyrmaga gönükdirilen teklipler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunda Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu girdejileri mundan beýläk-de artdyrmak we býujet borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen hödürlenen resminama gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow "Türkmengaz" döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, degişli desgalarda abatlaýyş işleriniň geçirilmegi türkmen tebigy gazyny sarp edijilere bökdençsiz we ygtybarly akdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmengaz döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere desgalarda düýpli abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Häzirki wagtda sebitlerde bol hasyl ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, gowaça hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek we ony pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar, tabşyrylan hasyl üçin pagtaçylar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Ýerleri geljek ýylyň ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ekin meýdanlarynda sürüm işleri dowam edýär.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň ekerançylarynyň şaly hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada habar berildi. Şunuň bilen birlikde, Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnamak işi dowam edýär, ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak, gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.

Mallaryň ýyly we dok gyşladylmagy üçin ähli tagallalar edilýär.Häzirki wagtda mallar üçin taýýarlanan ot-iýmleri olaryň gyşladyljak ýerlerine daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini belläp, ýerden ýokary hasyl almak üçin welaýatlarda oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde hem-de talabalaýyk geçirilmegini gazanmagyň zerurdygyny nygtady we wise-premýere bu işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäherini yzygiderli ösdürmäge we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy netijesinde, paýtagtymyzyň çägi barha giňeldilýär. "Merkezi Aziýanyň merjeni" diýlip ykrar edilen baş şäherimiziň gözelligini has-da artdyrmak, binagärlik keşbini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Aşgabadyň täze baş meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna taýýarlanan teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyz Aşgabadyň günsaýyn özgerýändigini, tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň şäher durmuşyna giňden ornaşdyrylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Aşgabat şäheriniň 2045-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasy işlenip taýýarlanylanda ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryndan, öňdebaryjy halkara şähergurluşyk tejribesinden ugur alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzy ösdürmekde esasy talap bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ilatyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda 5-nji dekabrdan başlap baýramçylyk söwdasyny guramak, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň guralmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Olarda raýatlarymyzyň baýramçylyk saçaklaryny naz-nygmatlar bilen bezemegi üçin dürli görnüşli harytlar bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 6 — 8-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisini, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, sergä doganlyk ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 100-e golaýynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.Gatnaşyjy kompaniýalar, esasan, senagat ugurly kärhanalar üçin tehnologik enjamlary, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny, suw arassalaýjy, üpjünçilik ulgamynyň enjamlaryny, binalaryň ýyladyş, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny, barlaghana enjamlaryny, öý hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşlerini, ýuwujy serişdeleri öndürmek, bank, saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň enjam üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň biziň ýakyn hyzmatdaşymyz bolup durýandygyny nygtap, wise-premýere bu ýurduň eksport harytlarynyň sergisine we işewürlik maslahatyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa "Asyrlaryň yzlary" atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli düzümler hereket edýän ylalaşyklar esasynda, daşary ýurtlaryň tanymal ylmy merkezleri bilen ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini düýpli öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.

Bu ugurdaky toplumlaýyn işler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde çykaran Karary bilen tassyklanan "Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna" laýyklykda alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerinde geçirilen ylmy barlaglaryň dowamynda soňky ýyllarda toplanan maglumatlary dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň öz serişdeleriniň hasabyna "Asyrlaryň yzlary" atly halkara ylmy ýygyndyny türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmek göz öňünde tutulýar.

Bu täze neşir giň okyjylar köpçüligi, şol sanda daşary ýurtly okyjylar üçin niýetlenýär. Şunuň bilen birlikde, neşiri Aziýa, Ýewropa we Amerika yklymlarynyň iri ylmy merkezleriniň kitaphanalaryna ibermek, onuň elektron görnüşini internet arkaly okyjylara elýeterli etmek meýilleşdirilýär.

Täze neşiriň redaksion geňeşiniň düzümine türkmen alymlary we bilermenleri bilen bir hatarda, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň meşhur bilermenleriniň, alymlarynyň goşulandygy barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň örän baý ruhy gymmatlyklara eýedigini nygtady. Medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny toplamak, gorap saklamak, öwrenmek we dünýä ýaýmak möhüm wezipedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere Asyrlaryň yzlary atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilim edaralarynyň hereket etmeginiň şertlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, bilim işine döwlet akkreditasiýasy amallaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny akkreditirlemegiň milli ulgamyny döretmek, ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin guramaçylyk işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.

"Bilim hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi tarapyndan Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilim edaralarynyň görkezijileri babatda dünýäniň belli okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmagyna, milli bilim ulgamynyň halkara derejelere çykarylmagyna ýardam eder.

Häzirki wagtda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň 9-sy Halkara uniwersitetler bileleşiginiň agzasy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, giň gözýetimli bolmaklary ugrunda ýokary we orta hünär bilimi edaralarynda döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasynyň Düzgünnamasyny talabalaýyk taýýarlamak möhüm bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Meredow hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28) gatnaşmak üçin 1-2-nji dekabrda Birleşen Arap Emirliklerine boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bütindünýä howa forumynyň möhümdigini nygtady. Onuň gün tertibine dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, tutuş adamzadyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleler giriziler. Türkmenistan wajyp ykdysady wezipeleri çözmekde jogapkärli we işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň "COP-28" maslahatyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň beýanydyr.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden Kararnamasy bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgesi bolup durýar.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy 12-nji dekabry "Halkara Bitaraplyk güni" diýip yglan etdi.

Şanly waka mynasybetli ýurdumyzda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygy, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 75 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanan "tegelek stoluň" başyndaky maslahat bar. Şeýle hem Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanyp alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýakyn günlerde uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň dabaraly bellenip geçiljekdigine ünsi çekip, bu baýram mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramak üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hem-de Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçirilýän işler Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny, yzygiderliligini we netijeliligini ýokary derejede üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň ulag we aragatnaşyk pudagynyň işini netijeli ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm meseledir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda degişli maksatnama işlenip taýýarlanylanda halkara awiasiýa işiniň talaplarynyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, agentligiň ýolbaşçysyna ýurdumyzda raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary döretmek üçin degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ençeme çäreleriň geçirilendigini belledi. Ýakynda ýokary derejede guralan Kuraş boýunça dünýä çempionatynda hem biziň türgenlerimiz şowly çykyş edip, gowy netijeleri gazandylar, baýrakly orunlara, köp sanly medallara mynasyp boldular.

"Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan taryhy üstünliklerimizde ýaşlarymyza uly orun degişlidir.Bagtyýar ýaşlarymyz ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr" diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we şu ýylda bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda ýaş nesliň wekilleriniň uly üstünliklere eýe bolandygyny, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda-da döwletimiziň tuguny belentde parladyp, uly ýeňişleri gazanandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Ýurdumyzda ýaşlary goldamak, höweslendirmek, olaryň öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemini jemläris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Maslahata we köpugurly sergä ata Watanymyzyň ösüşine, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşantlaryny goşýan ýaşlarymyz gatnaşarlar.Bu dabara ýurdumyzda geçirilen halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan daşary ýurtly türgenleri, tälimçileri hem-de beýleki ugurlar boýunça ýeňiş gazanan ýaşlary hem çagyrmak gerek.

Geçiriljek maslahatda we sergide ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri, ylmy açyşlary öz beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de dabaraly maslahatyň dowamynda ýaşlaryň alyp baran işlerine, gazanan netijelerine mynasyp baha beriljekdigini, olary sylaglamak bilen, geljekki uly üstünliklere ýol açyljakdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer N.Amannepesowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna guramaçylyk toparynda ýaşlarymyzy çeken zähmetine, gazanan üstünliklerine görä sylaglamak meselesine seretmek we degişli teklipleri taýýarlamak tabşyryldy. Şeýle-de bu dabaraly maslahaty hem-de sergini ýokary guramaçylyk derejesinde guramak boýunça degişli işleri geçirmek barada görkezme berildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI