26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Arkadag şäheriniň ýerli býujetini düzmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebit guýularynyň önüm berijiligini artdyrmak we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Diýarymyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini belläp, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna Bismilla bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ussat halyçylary ýetip gelen Türkmen halysynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, işde we durmuşda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisde birnäçe beýleki meselelere-de garaldy we pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.