Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi.

Ol ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek hem-de Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglylykda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Deputatlar düzümi milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli döwlet maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady üpjün etmäge gönükdirilen täze kanunlary işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam edýärler.

Işlenip taýýarlanylýan kanunlaryň, resminamalaryň taslamalarynyň hatarynda “Itçilik we kinologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy bar. Şeýle hem döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini ýokary derejede guramak boýunça işler alnyp barylýar, umumymilli forumy geçirmek boýunça degişli resminamalar işlenip taýýarlanyldy.Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň agzalary Mejlis, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk-taýýarlyk görmek çärelerini amala aşyrýarlar.Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini, milli Liderimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyny, 2022-nji ýylyň Halkyň Arkadagly zamanasy diýen şygarynyň durmuş-syýasy ähmiýetini, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek hem-de wagyz etmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň agzalary maslahatlara, “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklara gatnaşýarlar, milli telewideniýede we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maglumatlary diňläp, mähriban halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, döwletimiziň hukuk we ykdysady esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edýän täze kanunlary işläp taýýarlamagyň örän wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini ýokary derejede guramagyň möhümdigine ünsi çekdi.Onuň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri giriziler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň üç sany gämigurluşyk taslamalaryny daşary ýurt karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek meseleleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda iri halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, daşary ýurt maýa goýumlaryny we karz serişdelerini çekmek boýunça degişli işler geçirilýär.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, dürli kysymly gämileriň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Yslam ösüş bankyndan we OPEK Halkara ösüş gaznasyndan iki sany “Ro-Ro görnüşli gämini we bir sany ýük gämisini gurmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bermek barada teklipler gelip gowuşdy. Şunuň bilen baglylykda, degişli ylalaşyklary baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýokarda görkezilen gämileri gurmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz flotuny döwrebaplaşdyrmagyň, onuň kuwwatyny pugtalandyrmagyň, şeýle hem gämigurluşyk pudagyny ösdürmegiň Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz sebit we halkara utgaşykly ulag-logistika düzümini kemala getirmek boýunça anyk çäreleri görýär, şunda Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. “Ro-Ro” görnüşli gämiler barada aýdylanda bolsa, olar uly göwrümli ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin örän zerurdyr, bu gämileriň netijeli peýdalanylmagy ýükleri ýüklemek, düşürmek amallaryna sarp edilýän wagty ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz milli deňiz flotumyzyň kuwwatynyň yzygiderli artdyrylmagynyň hem-de döwrebaplaşdyrylmagynyň deňiz ulaglary arkaly ýük dolanyşygynyň giňeldilmegine, tutuşlygyna ýurdumyzyň eýe bolan üstaşyr mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna ýardam berjekdigini belledi.Hormatly Prezidentimiz hödürlenilen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu Kararyň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hasabatyň dowamynda “John Deere” kompaniýasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de bu kompaniýanyň oba hojalyk we gurluşyk tehnikalaryny getirmek baradaky teklipler barada habar berdi.

Olara garamagyň hem-de seljermegiň esasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen “John Deere” kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek hem-de hususy we telekeçilik ulgamlarynda suw serişdelerini tygşytlamak meseleleri boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edilýär. Şeýle hem döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, tejribe alyşmak we okuwlary guramak, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, serişdeleri tapgyrlaýyn çekmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan bu kompaniýa bilen bilelikde, “John Deere” hem-de “Wirtgen” kompaniýalarynyň ýol-gurluşyk tehnikalaryny getirmek babatda serişdeleriň talap edilýän görnüşlerini öwrenmek üçin hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we “John Deere” kompaniýasynyň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan “Deere Credit” kompaniýasynyň uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň nobatdaky tapgyryny satyn almak boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edilýär.

Bu işler Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bar bolan tehnikalaryny 2019 — 2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçirmek boýunça işleriň çäklerinde amala aşyrylar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen teklipleri makullap, “John Deere” kompaniýasynyň Türkmenistanyň ozaldan gelýän işewür hyzmatdaşydygyny belledi. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatyny giňeltmek, innowasiýalar hem-de iň oňat halkara tejribäniň esasynda pudagyň tehniki we tehnologik taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýäde meşhur bu kompaniýanyň köp ýyllaryň dowamynda obasenagat toplumynda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. “John Deere” kompaniýasynyň tehnikalary Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezdi.

Bu kompaniýanyň hünärmenleri oba hojalyk enjamlarynyň kysymlaryny yzygiderli kämilleşdirýärler, olaryň işleýiş häsiýetnamalaryny gowulandyrýarlar, türkmen ekerançylarynyň zerurlyklaryna we talaplaryna laýyk getirýärler.Pudagyň tehniki toplumynyň telematik sanly ulgama geçirilmegi oba hojalyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de tutuşlygyna onuň önümçiliginiň düşewüntliligini artdyrmaga ýardam berer.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, wise-premýere bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda “Goturdepe” nebit ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnama boýunça Goşmaça ylalaşygy baglaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça görlen çäreleriň netijesinde bu ugurda degişli ylalaşyklar gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ony öňdebaryjy pudaga öwürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, hödürlenen meseläniň düýpli seljerilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň netijeli işini üpjün etmegiň, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, ylmy gazanylanlary hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönüden-göni baglydygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri we ýaz ekişine taýýarlyk barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna welaýatlar hem-de etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak barada Buýrugyň taslamalary hödürlenildi.

Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak, ilatymyzy, oba hojalyk önümlerini öndürijileri, senagat pudagyny we beýleki suwdan peýdalanyjylary suw serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen, degişli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolan suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň, daşky gurşawy goramagyň, halkymyzyň amatly durmuş şertlerini döretmegiň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, suwarymly ekerançylykda ägirt uly tejribe toplan pederlerimiziň köpasyrlyk ýörelgelerini dikeltmek boýunça işleri maksatnamalaýyn esasda dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz munuň gektardan alynýan hasylyň has-da ýokarlanmagyna, obasenagat toplumynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegine itergi berjekdigini belledi.Soňra döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Şu ýylda Türkmenistan boýunça sebitleriň toprak-howa şertleri nazara alnyp, dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak üçin bölünip berlen ýerleriň umumy meýdany 1 million 403 müň 120 gektara barabardyr. Şeýle hem 106 müň gektar meýdanda ýeralma we gök-bakja ekinleri ekiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda gök-bakja we miwe önümleriniň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.Munuň özi ilatymyzyň ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümlere bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek meseleleriniň çözülmegine kömek eder.

Soňra milli Liderimiziň garamagyna “Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.Oňa laýyklykda, ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekmek meýilleşdirilýär we ondan 1 million 250 müň tonna hasyl alnar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişini bellenilen möhletlerde geçirmegiň zerurdygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň, pudaga öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň, ekin dolanyşygyny ylmy esasda amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Wise-premýer hasabatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ekologiýa syýasatyny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministrliginiň Tokaý hojalygy we haýwanat dünýäsi komitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça döwlet komitetiniň arasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlenilýän “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” transmilli desgalary dolandyrmak we goramak babatda Özara düşünişmek hakyndaky” Ähtnama gol çekmek boýunça Buýrugyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen ýola goýýan däp bolan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.Bu ugurda birnäçe bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň özboluşly taryhy-medeni ýadygärlikleriniň we täsin tebigy desgalarynyň dünýäde giňden wagyz edilmegi ugrunda amala aşyrylýan çärelere möhüm üns berilmelidir.

Milli Liderimiz degişli resminamalara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden ulanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. 2019-njy ýylyň aprel aýynda tassyklanan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna” laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Desga ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde peýda boljak ilatly ýerlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder.Munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täsin taslamadyr.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, şu ugur boýunça milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan ýokarda agzalan desgany ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de “Serdar” elektrik bekedinden 110 kilowolt güýjenmeli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak barada halkara bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň teklibi seçilip alyndy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu meseläniň ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny artdyrmak we düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işler üçin ähmiýetiniň örän uludygyny nazara almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz “ýaşyl” energiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça taslamalaryň örän zerurdygyny aýdyp, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ykdysady taýdan bähbitli alternatiw energetika desgalarynyň gurluşygynyň göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň, şol sanda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitinde ekologik abadançylygy üpjün etmek baradaky meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de onuň eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça Pudagara toparyň işini kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ilatyny azyk harytlary bilen üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri netijeli çözmek maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak üçin degişli Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şunuň bilen birlikde, zerur azyk harytlarynyň daşary ýurtlardan getirilmeli görnüşleri öwrenilýär we olaryň üpjünçiligi boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Pudagara toparyň işini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň mukdaryny we Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini pugtalandyrmak we üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Döwletimiz bu ugurda zerur şertleri we mümkinçilikleri döredýär.Milli Liderimiz möhüm ulag ýollarynyň çatrygynda çäk taýdan amatly ýerleşen ýurdumyzda gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, halkara söwdada dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özleşdirmek maksady bilen, daşarky bazarlaryň isleglerini we mümkinçiliklerini öwrenmek babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Halkyň Arkadagly zamanasy diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda medeniýet ulgamy boýunça geçiriljek çäreleriň Maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.Maksatnamada dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri, dabaralary, sergileri, döredijilik bäsleşiklerini hem-de sanly ulgam arkaly maslahatlary, duşuşyklary, festiwallary we mediaforumlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda iýun aýynda Mary welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň jemini jemlemek we onuň çäklerindäki beýleki döredijilik bäsleşikleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýetiň, sözüň doly manysynda, ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň many-mazmunyny, häzirki jemgyýetiň ruhy gymmatlyklaryny, mähriban halkymyzyň aň-paýhas we döredijilik kuwwatyny kesgitleýändigini, ynsanperwer ulgamda amala aşyrylýan syýasatyň bolsa halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwletleriň we halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam edýändigini belledi.

Milli Liderimiz hödürlenen maksatnamanyň taslamasyna käbir bellikleri girizip, Halkyň Arkadagly zamanasy diýlip yglan edilen şu ýylda meýilleşdirilen ähli çäreleriň milli mirasy, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge ýardam etmelidigini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna laýyk gelmelidigini nygtady we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, şu ýylyň 26 — 28-nji ýanwarynda Söwda-senagat edarasynda “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeni mirasy öwrenmäge we wagyz etmäge bagyşlanan halkara maslahaty hem-de sergini guramak meselelerine degip geçip, ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni däplerini ösdürmegiň, olary kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere forumy ýokary derejede geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Buýan” obasenagat toplumynyň düzüminde glisirrizin turşusynyň önümçiligi boýunça kärhananyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzir ýurdumyzda öndürilýän eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.Ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallaryň esasynda taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleriň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak munuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Adipson Ind.Srl.” kompaniýasynyň arasynda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu kärhananyň gurluşygynyň potratçysyny seçip almak boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde, “Mizemez gadam” hususy kärhanasynyň täjirçilik teklibi seçilip alyndy. Şeýle hem bellenilen tertipde gurluşygyň şertleri, desgany tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, eksport ugurly we dünýäniň iň gowy önümleri bilen mynasyp bäsleşip bilýän serişdeleriň önümçilik mukdarynyň yzygiderli artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Munuň özi ekologik taýdan arassa serişde bolan buýan kökünden öndürilýän dermanlyk serişdelere hem degişlidir.Döwlet Baştutanymyz türkmen topragynyň ýokary bejerijilik ukyby bolan dermanlyk ösümliklere baýdygyny belläp, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri makullap, innowasion işi esasy ugur edinýän Türkmenistanyň dünýäniň ösen tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmäge çuňňur gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda oňa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şeýle hem iri halkara ýaryşlara gatnaşylmagy, hususan-da, Tokioda geçirilen XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda toplanan tejribä esaslanyp, Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlaryny 2024-nji ýylda Fransiýada geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sportuň dürli görnüşleri boýunça taýýarlamak hem-de ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak, ýokary netijeleri gazanmak üçin zerur şertleri döretmek işleriniň çäklerinde, türgenleriň okuw-türgenleşik çärelerini ýöriteleşdirilen sport toplumlarynda we Olimpiýa şäherçesiniň degişli desgalarynda hem-de “Awaza” köpugurly sport toplumynda geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz parahatçylygyň ilçisi hökmünde ykrar edilen sportuň ösdürilmeginiň wajypdygyny belläp, Parižde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa ýaryşlaryna taýýarlyk işlerine örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bellenilen wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de şunuň bilen baglylykda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we onuň häzirki zamanyň ýagdaýlaryna laýyk derejede hereket etmegini gazanmak babatda milli Liderimiziň teklipleri esasynda ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem 2016-njy ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçirildi. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri milli Liderimiziň ulag ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlardan ugur alnyp, ýokarda agzalan maksatnamanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanandygy barada habar berdi.

Onda ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, ulag ulgamynyň häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine, Watanymyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebit merkezi hökmündäki ornunyň has-da berkidilmegine gönükdirilen strategik ähmiýetli möhüm çäreler göz öňünde tutulýar.

Maksatnamada ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmek, dünýäniň we sebitiň ulag-logistika ulgamlarynyň talaplaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň ýol-ulag Kodeksini taýýarlamak, ulag babatda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, Halkara ekspeditorçylyk assosiasiýalarynyň federasiýasy, Halkara howa ulaglary assosiasiýasy, Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy, Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara deňiz guramasy we beýleki halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek bellenilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň “Ýewropa — Kawkaz — Aziýa” (TRACEKA) halkara ulag geçelgesi Hökümetara komissiýa goşulmak boýunça işleri geçirmek hem-de multimodal gatnawlary — Ählumumy Üstaşyr Resminamany ösdürmekde köpugurly sanly çözgüdi ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek wezipeleri kesgitlenildi.

Mundan başga-da, maksatnamada ýurdumyzyň ulag pudagynyň sanly ulgama geçirilmeginiň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak, geljekde bu ugra eksport we import amallaryny ýerine ýetirýän beýleki döwlet edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ulag pudagyny baglanyşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek teklip edilýär. Şeýle hem iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmek, milli Liderimiziň öňe sürýän teklipleri esasynda tutuş yklym ähmiýetli halkara üstaşyr ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmek boýunça zerur çäreler işlenip taýýarlanylan maksatnamada öz beýanyny tapar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag diplomatiýasynyň işjeňleşdirilmeginiň döwletimiziň berkararlygynyň, sebitde we dünýäde durnukly ulag ulgamyny pugtalandyrmagyň we onda howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilýändigini hem-de daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine ünsi çekip, bu işleriň talabalaýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini belledi.Munuň özi çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistanyň halkara ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Bu bolsa ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň artmagyna, ulag-logistika ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şol bir wagtyň özünde maýa goýum serişdeleriniň işjeň çekilmegine oňyn täsirini ýetirer.Hormatly Prezidentimiz hödürlenen maksatnamany makullap, bu baradaky Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi.

Döwlet Baştutanymyz maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli halkara guramalar we düzümler bilen bilelikde iş alyp barmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalary tassyklamak hakyndaky Karara, şeýle hem ýurdumyzda sebitara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek maksady bilen, türkmen-özbek söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, iş duşuşyklaryny hem-de gepleşikleri geçirmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetini Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Milli Liderimiz bu resminamalary sanly ulgam arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi we bu babatda öňde durýan ähli wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň möhümdigini nygtady.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy bilen giň gerimli harby özgertmeleri amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler hem-de ýurdumyzyň serhet-geçiriş nokatlarynda koronawirus ýokanjyna garşy öňüni alyş-zyýansyzlandyryş çäreleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Türkmenistanyň Harby doktrinasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, Ýaragly Güýçlerimiziň düzüminiň harby-hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň, olaryň işine sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dünýäde ählumumy pandemiýa bilen baglanyşykly çylşyrymly ýagdaýyň emele gelendigini nazara almak bilen, ýurdumyza getirilýän harytlara gözegçilik etmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegiň hem-de ähli gümrük amallarynyň berk berjaý edilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna goşulmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hytaý — Ýewropa ugry boýunça Halkara ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek we täze ugurlary açmak, konteýnerli ýük daşamalaryň gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak üçin bäsdeşlige ukyply, amatly nyrh syýasatyny emele getirmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Ýurdumyz Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu guramanyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna “Türkmendemirýollary” agentliginiň goşulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy öwrenildi.

Munuň özi Hytaý we Ýewropa ugurlary boýunça üstaşyr gatnawlar babatda bitewi nyrhlary ylalaşmak üçin amatly esasy işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.Türkmen tarapynyň bu ylalaşyklara goşulmagy ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmäge, nyrh babatdaky maglumatlaryny öwrenmäge, demir ýol üstaşyr ulag gatnawlarynyň çäklerini giňeltmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine oňyn çemeleşmäni görkezýändigini, dürli ulgamlarda, şol sanda ileri tutulýan ugur bolan ulag ulgamynda möhüm düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýandygyny nygtady. Ýurdumyz çäk taýdan amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr ulag kuwwatyna eýedir.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň uly halkara ähmiýetini belledi.Bu ýol yklymara ulag düzüminiň möhüm bölegi, sebitde we tutuş Ýewraziýa giňişliginde dostlugyň hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hakyky köprüsi bolup durýar.

Merkezi Aziýanyň çägi dünýäniň iri bazarlaryna çykarylmagyny üpjün edýän Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň möhüm geçelgesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, demir ýol arkaly ýük daşamak işini yzygiderli kämilleşdirmek zerur bolup durýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň bu ulgamdaky kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, multimodal, logistika we üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmek wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagy ösdürmek maksady bilen, Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna goşulmak bilen baglanyşykly teklipleri makullady.Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe we peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
Türkmenistanda ilkinji ýel we gün elektrik stansiýasyny gurjak kompaniýa seçilip alyndy
Serdar etrabynyň çägindäki köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak işi çaltlandyrylýar
Aşgabadyň gününe bagyşlanan halkara sergide şähergurluşygynyň iň täze gazananlary görkezildi