Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi.Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmak, bazarlardaky we dükanlardaky harytlaryň nyrhlaryny görmek, oba ýerlerinde bar bolan soraglary öwrenmek boýunça beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna iş saparlarynyň amala aşyrylandygyny, şolaryň dowamynda bazarlaryň, beýleki söwda nokatlarynyň işleri bilen tanşylandygy barada hasabat berdi.

Iş saparynyň dowamynda önümleriň bolçulygy, harytlaryň köpdürlüligi, bahalaryň elýeterliligi ýaly meseleler bilen bagly ýagdaýlar öwrenildi. Önüm öndürijiler, söwda ulgamynyň işgärleri, telekeçilerdir ýönekeý alyjylar we ýerli ilatyň wekilleri bilen duşuşylyp, söhbetdeş bolundy. Ýokarda agzalan maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi seljerilip, welaýat häkimliklerinde degişli maslahatlar geçirildi.

Hasabatyň çäklerinde milli Liderimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigi, şu maksatlar üçin welaýatlaryň ählisinde hem önümleri gyş paslyna çenli saklamak babatda sowadyjylaryň we ýyladyşhanalaryň gurlandygy bellenildi.Telekeçileriň miwe, bakja önümlerini öndürmegi üçin müňlerçe gektar ýer bölünip berildi.

Olara tohum, dökün, tehnika satyn almaklary üçin ýeňillikli karzlar berilýär.Häzirki döwürde bazarlarymyzda we beýleki söwda nokatlarynda bolanyňda, bu işleriň netijesi aýdyň duýulýar.Welaýatlaryň ählisiniň bazarlarynda önüm bolçulygynyň döredilendigini, halkymyza hödürlenýän harytlaryň köpdürlüdigini, bahalaryň hem elýeterlidigini görmek bolýar.

Wise-premýer bazarlarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň däl-de, özümizde öndürilen önümleriň artykmaçlyk edýändigini aýratyn belledi.Ilatymyza häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň öndüren towuk, goýun, sygyr etleri we et önümleri, balyk, tüwi, un, ýag, şeker önümleri, ýurdumyzda ýetişdirilen banan, mandarin, hurma, limon, apelsin ýaly sitrus miweleri bilen bilelikde, alma, armyt, şetdaly, garaly, üzüm ýaly miweler, gawun, garpyz, ýeralma ýaly ýokary hilli harytlar hödürlenýär.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, welaýatlardaky söwda edaralarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha giňden ornaşdyrylýar.Ilata hödürlenýän nagt däl elektron hasaplaşyk şertleri, internet söwdanyň, elektron mahabatlaryň ýola goýluşy, alyjylara eltip bermek hyzmatlary we beýleki işler söwda medeniýetiniň kämilleşdirilýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda azyk önümleriniň ähli görnüşlerini öndürmek üçin amatly tebigy we howa şertleri bar. Öndürilen önümleri gaýtadan işlemek, häzirki zaman önümçiligini ýola goýmak üçin täze tehnologiýalar, kämil enjamlar satyn alynýar.

Bazar ykdysadyýetiniň şertleri ornaşdyrylýar.Bu giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini hem berýär.Wise-premýer hasabatyny dowam edip, Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrmak üçin birnäçe teklipleri beýan etdi.

Hususan-da, ilaty özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmegi kämilleşdirmek, daşary ýurtlara eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak, önüm bolçulygy, haryt köpdürlüligi, bahalaryň elýeterliligi ýaly meseleleri hemişelik gözegçilikde saklamak, önüm öndürijileri höweslendirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has giňden ornaşdyrmagyň hasabyna söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, amatly bahalardan we tiz hyzmatlary ýola goýmak ýaly işleri geçirmek teklip edilýär.

Mundan başga-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyz boýunça edaralarda, kärhanalarda we guramalarda 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň zähmet haklaryny şu ýylyň 15-nji dekabryndan 25-nji dekabry aralygynda doly bermek baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, bu ugurda zerur işleriň geçirilendigini aýtdy.

Hususan-da, milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalarda şu ýylyň dekabr aýy üçin hasaplanan zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary doly tölenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýerler E.Orazgeldiýewe we Ç.Gylyjowa ýüzlenip, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň bazarlarynda hem-de dükanlarynda azyk harytlarynyň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň döredilendigini, emma muňa garamazdan, oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň döwlet strategiýasynyň üstünde işlemegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz esasy oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň, iri we ownuk şahly mallaryň, guşlaryň baş sanyny, et-süýt önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň bu strategiýanyň baş ugurlarydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleriniň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň we görnüşleriniň köpeldilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Bu önümler bäsdeşlige ukyby boýunça dünýäde mynasyp orny eýeläp, olaryň içerki bazarda elýeterli bahalardan bolçulygy döredilmelidir hem-de daşary ýurt bazarlaryna-da eksport edilýän möçberleri artdyrylmalydyr. Şu maksat bilen, ylmy seçgiçiligi we tohumçylygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly üns bermek, innowasion agrotehnologiýalary, ösümlikleriň kesellere durnukly hem-de ýokary hasylly görnüşlerini giňden ornaşdyrmak wajypdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmak üçin pudagyň bar bolan ylmy-tehniki mümkinçiligini, innowasiýalary we dünýä tejribesini giňden we netijeli peýdalanmagyň möhümdigini aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi.Milli Liderimiz bu çäreleriň Döwlet adam üçindir!diýen şygarda öz beýanyny tapan döwlet syýasaty bilen baglylykda amala aşyrylýandygyny nygtady.

Wise-premýer Ç.Gylyjowa ertirden başlap, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwyny guramak, adamlaryň dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahasyny 50 göterime çenli arzanlatmak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyzyň şäher awtobuslarynda mugt gatnadylmagyny guramak tabşyryldy.Wise-premýer M.Mämmedowa bolsa metbugatda we teleradioýaýlymlarda bu çäräni hem-de arzanladylan bahadan satylýan harytlary giňden mahabatlandyrmak barada görkezme berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa aýry-aýry edaralar boýunça zähmet haklarynyň tölenilmegine gözegçilik etmek tabşyryldy. Şeýle hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagyň kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek zerurdyr.

Nyrhlary emele getirmek we bazarlarymyzy ýokary hilli ýerli önümler bilen bolelin üpjün etmek üçin öz wagtynda zerur çäreleri görmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilen işler, şeýle hem şu ýylyň 20 — 22-nji dekabry aralygynda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Täze guýulary gurmak hem-de ozal hereket edýänlerini abatlamak, uzak wagtyň dowamynda ulanylyp gelinýän känlerden alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň geriminiň giňeldilendigi bellenildi. Şeýle hem nebitiň we gazyň baý gorlaryny özünde jemleýän meýdançalary ýüze çykarmak maksady bilen, gözleg-agtaryş işleri alnyp barylýar.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, hereket edýän guýulary abatlamak, täze guýulary burawlamak, önümli gatlaklaryň gorlaryny doly seljermek babatda degişli işler geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň senagat we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanmagyň esasynda pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen bu toplumyň ösüş maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynda heniz ulanylmadyk köp sanly mümkinçiliklere wise-premýeriň ünsüni çekip, häzirki zaman halkara ölçeglerini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumynyň dolandyryş ulgamyny düýpli özgertmegi tabşyrdy.Umuman, bularyň ählisi pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, dünýäniň energetika bazarlarynda, şol sanda ýokary tehnologiýaly gazhimiýa önümçiliginde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermäge, energiýa serişdelerine artýan islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew geljek ýylyň bol hasylynyň binýadyny goýýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryň ýedisinde pagta çigidini gaýtadan işlemek arkaly arassalanan ýagy öndürmek üçin degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýerli kärhanalarda öndürilýän arassalanan pagta ýagy söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata ýerlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary hilli önümleriň köp görnüşlerini çykarýan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmegiň hasabyna ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini mundan beýläk-de berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz şu maksat bilen, hojalygy ýöretmegiň täze, netijeli usullaryny ulanmagyň, pudaklarda hususy ulgamyň paýyny yzygiderli giňeltmegiň, üstünlikli işleýän kärendeçileri goldamagyň möhümdigini belledi.Döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny iş tejribesine ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw serişdelerini rejeli ulanmak bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün edilýän täze himiýa zawodlary gurulýar, dürli himiýa önümleriniň önümçiligi ýola goýulýar, täze iş orunlarynyň müňlerçesi döredilýär.Himiýa toplumyny kämilleşdirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm orun degişlidir.

Olar bilen bilelikde himiýa önümlerini çykarýan kiçi we orta önümçilikleri döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Balkanabat” ýod zawodynda kaustik sodanyň, hloryň we hlor önümleriniň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna — hususy kärhanalara “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen bilelikde “Balkanhimsenagat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Şol ýerde “Balkanabat” ýod zawodynyň önümhanalarynyň durky täzelenenden soň, senagatda we lukmançylykda uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň öndürilişi ýola goýlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerli tebigy-çig mal serişdeleriniň esasynda eksport ugurly önümleriň önümçiligi boýunça täze kuwwatlyklary döretmegiň hem-de öňden barlaryny döwrebaplaşdyrmagyň we bu işe milli ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekillerini işjeň çekmegiň örän wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere içerki we daşarky bazarlarda islegleriň durnukly artýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda ýokary hilli himiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň mümkinçiliklerini içgin seljermegi tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permana gol çekip, resminamany wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow 2022-nji ýylda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän sergileriň hem-de maslahatlaryň sanawynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri bilen halkara jemgyýetçiligi giňden tanyşdyrmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary çekmek, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, dürli sergiler we maslahatlar guralýar. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-senagat edarasynyň degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, 2022-nji ýylda geçirilmegi teklip edilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawynyň taslamasyny taýýarlandygy habar berildi. Şol taslama milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň geçirilýändigini, giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, uly üstünlikleriň gazanylýandygyny nygtady.Häzir Türkmenistan iri taslamalary hem-de oňyn başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän, ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan, depginli ösýän döwlet hökmünde dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň önümleriniň has işjeň öňe ilerledilmegi üçin degişli mahabatyň zerurdygyny aýdyp, meýilleşdirilen ähli çäreleri geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, özara bähbitli gatnaşyklardan ugur alynmalydygyny tabşyrdy. Şol çäreleriň her biri ähmiýetli, manyly bolmalydyr, Türkmenistanyň umumadamzat ynsanperwer maksatlaryna esaslanan, ösüşlere beslenen syýasatynyň mazmunyny beýan etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Täze ýyl baýramy hem-de 2022-nji ýylda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly maslahatlary, tegelek stol maslahatlaryny, döredijilik duşuşyklaryny we sergileri, onlaýn maslahatlary, aýdym-sazly dabaralary, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. 1-nji ýanwarda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem aýyň ilkinji on gününde Älem medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň, welaýatlardaky Türkmeniň ak öýi binalarynyň öňündäki meýdançalarda Täze ýyl baýramçylyk çäreleri geçiriler. 7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy bolar.

Watan goragçylarynyň güni Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynda dabaraly çäre hem-de Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly konsert bilen belleniler.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň türkmen halkynyň milli sungatyny, baý mirasyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmelidigini nygtap, wise-premýere Täze ýyl dabaralaryny degişli derejede guramak we olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl medeniýet ulgamynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky möhüm wezipelere ünsi çekip, çäreleriň degişli meýilnamasy babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň şu hepdede geçirilen duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş meseleleri boýunça dürli halkara maslahatlarda öňe süren başlangyçlarynyň we teklipleriniň wajyp ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Bu ugurda Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalar hem-de dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz ählumumy COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek, onuň durmuş-ykdysady we ynsanperwer täsirlerini azaltmak üçin bilelikde tagallalary edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň, ilkinji nobatda bolsa, dürli keselleriň öňüni almak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipeleriň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýäniň saglygy goraýyş ulgamy, ilkinji nobatda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň hem-de türkmen diplomatlarynyň goldaw bermeginde beýleki döwletleriň tejribesini we olaryň ýokançlara garşy göreşmek boýunça alyp barýan işlerini öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda umumy wehimlere garşy göreşmekde utgaşykly, özara ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça işjeň hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklara çalyşýandygyny tassyklap, ýurdumyzyň öňe sürýän, ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça özara hyzmatdaşlyklary ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmegiň wajypdygyny nygtady. Şolaryň hatarynda ýokançlaryň tebigatyny we häsiýetini öwrenmek üçin genom lukmançylygy ulgamynda hyzmatdaşlyk, lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek, Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek hem-de Türkmenistanyň oňyn tejribesini dünýäniň lukmançylyk tejribesine ornaşdyrmak bilen baglanyşykly başlangyçlar bar.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça zerur tagallalary etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat bilen çykyş etdi.

Halkara maglumat giňişliginde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini giňden beýan etmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň hem-de esasy halkara habarlar agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen maglumat hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek üçin dürli ýurtlaryň daşary syýasy edaralary we habar beriş ulgamynda işleýän ýöriteleşdirilen düzümleri bilen degişli işler geçirilýär.

Bu işleriň netijesinde media ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça degişli teklipler taýýarlanyldy.Hususan-da, ýurdumyzda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni we beýleki ugurlarda öňe sürülýän halkara ähmiýetli başlangyçlary dünýä bileleşigine öz wagtynda, yzygiderli we guramaçylykly ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini döretmek teklip edilýär.

Halkara habarlar merkeziniň işini üç esasy wezipäni, ýagny Türkmenistan barada maglumatlary döwrebap media tehnologiýalarynyň üsti bilen yzygiderli esasda dünýä jemgyýetçiligine dessin ýaýratmakda, dünýäde bolup geçýän halkara ähmiýetli möhüm syýasy, ykdysady we durmuş wakalary barada anyk maglumatlary ýurdumyzyň habar beriş ulgamynda beýan etmäge hem-de halkara derejede işleýän habar beriş agentlikleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak, saklamak we ösdürmek wezipelerini amala aşyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns bermek bilen, ýakyn goňşy we iri sebit döwletleri bilen habarçylary alyşmak hem agentlikleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak boýunça işiň dowam etdirilýändigini belledi. 2022-nji ýylda ýurdumyzda daşary döwletleriň birnäçe iri halkara habar beriş edaralarynyň wekilhanalaryny açmak barada teklipler taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň halkara maglumat hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin dünýä derejesinde hereket edýän kadalara we düzgünlere laýyklykda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerur bolup durýar.Bu babatda BMG-niň Baş sekretarynyň Ählumumy aragatnaşyk boýunça edarasy bilen oňyn hyzmatdaşlyk saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň hem-de esasy halkara täzelikler agentlikleri bilen özara gyzyklanma bildirilýän has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň örän wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan hödürlenen teklipleri makullap, guramaçylyk meselelerini içgin öwrenmegi hem-de milli kanunçylyga we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça anyk işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ylmy-barlag işleri geçirilýär, düzümiň garamagyndaky ýokary okuw mekdeplerinde ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn işler talabalaýyk guralýar, milli we dünýäniň öňdebaryjy tejribesi öwrenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu işde esasy wezipäniň okatmagyň hem-de harby-watançylyk terbiýesiniň bitewi ulgamyny işläp taýýarlamakdan we durmuşa geçirmekden ybaratdygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň döwrebap tehnikalar bilen üpjünçiliginiň ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýändigini nygtap, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň daşary ýurtlarda wekilhanalaryny açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga, ýurdumyzyň ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga gönükdirilen taýsyz tagallalary netijesinde dünýä we sebit ähmiýetli birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirilýär. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi bilen, ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly halkara gatnawlarda ýükleri we poçtany daşamak işleri artdyryldy.

Dünýäniň iri logistiki kompaniýalarynyň dürli ýurtlarda öz wekilhanalaryny we şahamçalaryny döretmekde uly tejribesiniň bardygy, munuň bolsa halkara gatnawlarda ýük dolanyşygyny artdyrmaga, daşary ýurtlarda özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmaga we bazarlary öwrenmäge ýardam edýändigi hem-de bu ugurda degişli teklipleriň taýýarlanylandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň dünýä ykdysadyýetiniň ýaýbaňlandyrylan hem-de netijeli halkara ulag düzümini talap edýän ählumumylaşmak şertlerinde ýakynlaşmagyň aýrylmaz şerti hökmünde çykyş edýändigini nygtady.

Türkmenistan bu ugurda özara hereket etmek meselelerinde işjeň orny eýeläp, iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär hem-de şolary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynda ösüşiň häzirki tapgyrynda binýatlaýyn özgertmeleriň geçirilýändigini, hukuk esasynyň döredilýändigini, döwlet dolandyryşynyň hem-de hojalyk işiniň wezipeleriniň bölünendigini nygtap, daşary ýurtlarda wekilhanalary açmak baradaky teklibi makullady we agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, Döwlet adam üçindir!diýen şygaryň biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş şygarydygyny hem-de şol şygaryň astynda “Öňe, diňe öňe!” diýen çagyryşyň belent ýaňlanýandygyny nygtady we mejlise gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi