Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň milli kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Mejlisiň şu ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen maslahatynda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesine garaldy. Şolaryň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde makullanylmagy we tassyklanylmagy bilen kabul edilen kanunlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär. Deputatlar tarapyndan ilata olaryň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmak, raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ykdysadyýeti ösdürmek, halkymyzyň saglygyny goramak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, haýwanat dünýäsini goramak meseleleri bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Mejlisiň deputatlary döwlet hem-de halkara ähmiýetli çärelere gatnaşýarlar, raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, söwda hem-de saglyk, halkara syýahatçylyk, bilim, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenýärler.
Diýarymyzyň durmuşyndaky şanly wakalar, durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar, maslahatlar, milli Liderimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek hem-de kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek boýunça işler yzygiderli geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny nygtady. Şol binýat bolsa döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp wezipelerini hem-de halkara hukuk tejribesiniň umumy kabul edilen kadalaryny nazara almak arkaly berkidilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Mejlisiň halkara guramalar we beýleki ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmeginiň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Mejlisiň deputatlaryna sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen daşary syýasaty ýöredýän döwletimiziň başlangyjy bilen her ýyl bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmegiň ähmiýetini köpçülige düşündirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi maslahat berdi.
Milli Liderimiz ýaşlar babatdaky döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça Mejlisiň alyp barýan işiniň möhümdigini belläp, bu ugurda işleri dowam etdirmegi, ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek meselelerine aýratyn üns bermegi maslahat berdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.
Şu ýylyň 12-nji noýabrynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Mejlisiň maslahatynda kabul edilen hem-de döwlet durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli bolan kanunçylyk namalarynyň 19-syna seredildi we makullanyldy.
Kanunlaryň her biri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan degişli kararlar kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanun, şeýle hem döwlet emlägini netijeli dolandyrmak, hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, ýer serişdelerini peýdalanmak, ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklarynydyr azatlyklaryny goramak, kanunylygy, hukuk tertibini üpjün etmek, hojalyk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, telekeçilik başlangyçlary we ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak bilen bagly resminamalar bar.
Halk Maslahatynyň agzalary edara-kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, oba ilatynyň arasynda guralýan duşuşyklara, maslahatlara we beýleki çärelere yzygiderli gatnaşyp, wagyz-nesihat işlerini geçirýärler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiň Mejlisi bilen bilelikde öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet strategiýasyny amala aşyrmagynyň möhümdigini belledi. Şeýle hem kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmaga, halkara bileleşigi Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiň ýolunda gazanan üstünlikleri hem-de taryhy tejribesi bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň Mejlisine hem-de Halk Maslahatyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrýan parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny wagyz etmek, olaryň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işleriň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.
Milli Geňeşiň wekilleri ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek we ahlak taýdan ösdürmäge ýardam edýän milli maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmek boýunça çäreleri hem geçirmelidirler.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi.Ol Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bu resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen Karz ylalaşygyna laýyklykda taýýarlanyldy.
Kararyň taslamasyna laýyklykda, şol önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin karz serişdeleriniň bölünip berilmegi göz öňünde tutulýar.Bu çözgüt içerki Karz ylalaşygy esasynda amala aşyrylar.Ylalaşyk Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň arasynda baglaşylar.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň mineral dökünleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga hem-de çykarylýan önümiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ylmy-tehniki maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ägirt uly kuwwata eýedigini belledi. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu kärhana kuwwatly köpugurly himiýa önümçiligine öwrüldi, täze önümhanalar guruldy, önümçilik işi täze tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edildi.
Soňky onýyllyklarda garyşyk dökünleri öndürmäge uly ähmiýet berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Olaryň ykdysady taýdan bähbitliligi şol dökünlerde, iň azyndan, iki täsirli serişdeleriň bardygy bilen tapawutlanýar. Täze taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ep-esli ýokarlandyrmaga, ýeriň düzümini gowulandyrmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Karara gol çekip, resminamany wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýurdumyza daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şol önümleriň hatarynda awtoulaglar üçin niýetlenen ýarym sintetiki çalgy ýaglary, gämiler üçin niýetlenen ýangyç, azyk, saglygy goraýyş, senagat önümlerini gaplamak we bezeg işleri üçin niýetlenen alýumin çaýylan polipropilen örtügi bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Nebitgaz senagatynyň kuwwatyny netijeli ulanmak bu ugurda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar.
Häzir Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürmek hem-de daşary döwletlere ibermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleriň eksportyny hem ýylsaýyn artdyrýar. Şunda tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegine hem-de täze önümleriň öndürilmegine uly ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz döwlete degişli däl pudagyň wekillerini bu işe çekmek bilen, olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy tabşyrdy.
Wise-premýere bellenilen meýilnamalary iş ýüzünde amala aşyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamak barada tabşyryk berildi.
Mejlisiň dowamynda Hökümetiň Başlygynyň orunbasary ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada-da hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi, şol enjamlardyr ätiýaçlyk şaýlary “Döwletabatgazçykaryş” müdirligine degişli gaz gysyjy desgalarda hatardan çykan enjamlary çalyşmakda hem-de bejergi işlerini geçirmekde ulanmak meýilleşdirilýär.
Nebitgaz senagatynyň netijeli we durnukly işlemegini üpjün etmek önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gös-göni baglydyr, şol maksat üçin her ýyl uly möçberde maýa serişdeleri goýberilýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” Karary makullap we oňa gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de oňa birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde döwletiň tutýan paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda döredilen oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan hususy önüm öndürijilere bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bellenen tertipde uzak möhletleýin peýdalanylmaga berilýär. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ulgama hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işlerini dowam etdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 326 müň 29 gektar meýdanda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy.
Wise-premýer bu ýörite ýer gaznasyndan berilmegi göz öňünde tutulýan ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, galan böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de berlen umumy ýer bölegi üçin bugdaý we gowaça hasylyny ösdürmek boýunça bellenen meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere ýer böleklerini 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermegiň teklip edilýändigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Çünki ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan bu ulgam ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýaly ösen senagat döwletine öwürmäge ýardam edýär.
Oba hojalyk önümçiliginde halkara tejribä we döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze guramaçylyk-hukuk usullaryny ornaşdyrmak örän wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, oba hojalygynyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hususy maýa goýumlaryň döwrebap oba hojalyk önümçiliklerini, täze iş orunlaryny döretmegiň esasy bolmalydygyny belledi we hödürlenen teklipleri makullap, olary degişli edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilmegi, iş tejribesine öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, topragyň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenabatdaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan mineral dökünleri öndürmegiň mukdaryny artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Konserniň garamagyndaky kärhanalarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän azotly, fosforly we kaliý dökünleri ýeterlik möçberde öndürilýär. Önümiň köp bölegi bolsa daşary ýurtlara iberilýär.
Häzirki wagtda dünýäniň oba hojalyk önümçiliginde garyşyk mineral dökünler giňden peýdalanylýar, onuň düzüminde azodyň, fosforyň, kaliniň dürli gatnaşyklary bar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň önümleriniň esasynda ekerançylyk üçin peýdaly bolan dökünleriň şu görnüşini öndürmek meýilleşdirilýär, bu bolsa ykdysady taýdan, şol sanda daşary ýurtlara ibermek babatynda has bähbitlidir.
Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde zerur resminamalar taýýarlanyldy. Bar bolan düzümleri nazara alyp, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda ýyllyk kuwwaty 170 müň tonna önüme barabar bolan garyşyk mineral dökünleri öndürmek boýunça önümhananyň işini ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar. Bu taslamany Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň karz serişdelerini çekmek esasynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Şonuň bilen birlikde, wise-premýer Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürmek boýunça zawody gurmak hakynda taýýarlanylan Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, daşky eltiji ulag-kommunikasiýalaryny çekmek hem-de inžener-tehniki ulgamlary gurmak işlerini hem öz içine alýan täze kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakyndaky degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen bina ediler.
Bu taslamany durmuşa geçirmegi “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýetine ynanmak göz öňünde tutulýar.Zawod meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylar.Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge deň bolar.
Desganyň gurluşygyny 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda pudaklary diwersifikasiýalaşdyrmak, örän baý ýerli çig mal serişdelerini tygşytly hem-de netijeli peýdalanmak arkaly senagatlaşdyrmak strategiýasy babatynda himiýa senagatyna uly ornuň degişlidigini nygtady. Öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işleýän täze, häzirki zaman kärhanalarynyň döredilmegi ugurdaş düzümleriň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, içerki sarp edijileriň ýokary hilli, şol sanda mineral dökünleriň has uly islege eýe bolan görnüşlerine zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmaga ýardam berýär. Şonuň bilen birlikde, munuň özi Watanymyzyň eksport kuwwatyny has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýokarda agzalan önümleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça hödürlenilen teklibi makullady hem-de degişli halkara bäsleşigi yglan etmegiň gerekdigini belläp, wise-premýere bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze senagat desgasynyň gurulmagynyň hem-de onuň gurluşygynyň “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýetine ynanylmagynyň göz öňünde tutulýandygy baradaky meselä degip geçmek bilen, häzirki wagtda işewür düzümleriň wekilleriniň ýurdumyzda köpugurly bäsdeşlige ukyply senagat pudagynyň döredilmegine, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak meseleleriniň çözülmegine we eksport ugurly harytlaryň önümçilik möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge örän işjeň gatnaşýandyklaryny aýtdy.