Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamak hem-de kiçi we orta telekeçilik taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, ugurdaş, abraýly düzümlerden bähbitli şertlerde karz serişdelerini çekmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň dürli döwletleri hem-de dürli ulgamlarda uly tejribä hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri, abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýandygyny belledi.

Biziň ykdysady we söwda hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzyň gerimi yzygiderli giňeýär, gatnaşyklar täze depgine eýe bolýar, dürli derejelerde aragatnaşyklar işjeňleşýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, geljegi nazarda tutup, gatnaşyklaryň anyk ugurlaryna uly üns berilmelidir, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak we ony has doly durmuşa geçirmek boýunça oýlanyşykly çäreler görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklibi degişli düzümler bilen bilelikde öwrenmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz hususy ulgamyň işini kämilleşdirmegiň önümçiligi döwrebaplaşdyrmagy hem-de depginli ösdürmegi, kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň täzeçil işlemegini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagyny hem-de eksport ugurly köptaraply önümçilikleriň döredilmegini nazarlaýandygyny belledi. Soňky ýyllarda hususy kärhanalar özleri üçin bazaryň täze ugurlaryny, şol sanda daşary ýurtlarda täze ugurlary ynamly özleşdirýärler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen telekeçileriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, wise-premýere bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň gözlegine gönükdirilen işleri geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzir “gara altyny” çykarmak işleri, esasan, günbatar Türkmenistanyň Hazarýaka zolagynda alnyp barylýar. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli nebit gözleg-barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin halkara bäsleşik geçirildi. Onuň netijeleri boýunça ýeňiji saýlanyp alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de gaýtadan işlenilişini artdyrmagyň, ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmagyň hem-de görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze, geljegi uly ýataklary gözläp tapmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagyň möhüm wezipedigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda Hazarýaka zolakda geologiýa-gözleg, geofizika barlaglaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu barlaglaryň täze sanly tehnologiýalary, döwrebap enjamlary hem-de programma üpjünçiligini ulanmak arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerurdygy nygtaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak we döwlet ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasy hödürlenildi.

Bu resminamanyň ýurdumyzyň milli we tebigy howa aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak hem-de Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygy bellenildi.

Maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, 2021 — 2025-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallaryny, çöl ösümliklerini hem-de tokaý zolaklaryny döretmegiň meýilnamasyny kesgitlemek meýilleşdirilýär. Tokaý zolagy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň tebigy ekoulgamlaryny we toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, tokaý hojalyklarynda hem-de döwlet tebigy goraghanalarynda ýerleşdiriljek bag nahallarynyň görnüşlerini we möçberlerini, Türkmenistanyň Tokaý kodeksine laýyklykda taýýarlanyljak kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, ýurdumyzda tokaýçylygy ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly ylmy-barlag işlerini hem-de guramaçylyk çärelerini tassyklamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň wajyp ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde Türkmenistanda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Milli tokaý maksatnamasyna möhüm orun degişlidir.

Bu maksatnamany durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň ähli ilaty işjeň gatnaşýar. Ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine badalga berýän ählihalk bag ekmek çäreleri asylly däbe öwrüldi.

Häzir ýurdumyzyň dürli künjekleriniň giň çäklerinde bu köpýyllyk işiň netijeleri aýdyň görünýär. Diýarymyzda tokaýlaryň, baglaryň, seýilgähleriň we seýilbaglaryň köp sanlysy döredildi. Täze tokaý zolaklary her bir şäheriň, ilatly ýeriň töwereginde peýda bolýar. Köpetdagyň etegi, Aşgabadyň daş-töweregi bagy-bossanlyga öwrülýär.

Giň gerimli bag ekmek işleri Türkmenistanyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmek babatda umumydünýä işine goşýan saldamly goşandydyr. Her bir şäheriň we obanyň töwereginde tokaý zolaklary peýda bolup, olar amatly howa ýagdaýyny döredýärler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu maksatnamany durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenistanda agyz suw üpjünçiligi we suw sowujy ulgamlaryndan peýdalanmagyň düzgünlerini işläp taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ilaty arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek hem-de suw serişdelerini gorap saklamak we ondan netijeli peýdalanmak maksady bilen, “Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Şunda goýberilen agyz suwunyň we lagym suwlarynyň mukdaryny hasaba almak göz öňünde tutulýar.

Agyz suwy bilen üpjün edijiniň we agyz suwuny sarp edijiniň borçlary, hukuklary hem-de jogapkärçiligi düzgünleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilaty arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek hem-de suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak meseleleriniň örän wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz sebitimiziň tebigy-howa şertleriniň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, suw üpjünçiligi boýunça maksadalaýyk işleri geçirmegiň, suw serişdeleriniň gorlarynyň üstüni ýetirmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemegiň hem-de bu ugurda barlag işlerini has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow internet ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda internet ulanyjylaryň sany barha artýar. Şeýle hem kärhanalarda, edaralarda, telekeçilikde we bilim ulgamynda internet ulgamyndan işjeň peýdalanylýar.

Internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy üçin 2021-nji ýylyň fewralynda täze nyrhnamalar tassyklanyldy. Şoňa laýyklykda, olaryň tölegi 50 göterime çenli arzanladyldy. Häzirki wagtda ulanyjylaryň ýokary tizlikli internete islegleriniň artýandygy bilen baglylykda, internet ulgamynyň göwrümini giňeltmek zerur bolup durýar.

Şuny nazara almak bilen, Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirildi.

Bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň geçirilmegi internet hyzmatlarynyň bahalarynyň arzanladylmagyna, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamynyň, elektron söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwrebap maglumat ulgamlaryny döretmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu gün ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, munuň pudaklaryň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

Türkmenaragatnaşyk agentligi sanly ulgamy ösdürmek we intellektual ulgamlaryň işlemegini üpjün etmek boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz kommunikasiýa toplumyny sanly ulgama öwürmek meseleleriniň üstünde durup geçip, ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda köp ugurlary öz içine alýan kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, internete giň gerimli elýeterlilik bilen bir hatarda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşini artdyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirmäge girişilendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döredilen şertlerden we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, degişli işleri maksadalaýyk amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek döredijilik çäreleriniň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi. Çäreleriň maksatnamasy şanly senelere bagyşlanan duşuşyklary, bäsleşikleri, sergileri we aýdym-sazly dabaralary, onlaýn maslahatlaryny hem-de wagyz ediş çäreleri öz içine alýar.

Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar üçin dürli sport ýaryşlaryny hem-de bäsleşikleri, milli oýunlary we ösüp gelýän nesli sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek boýunça çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Iýul aýynyň üçünji ongünlüginde Gurban baýramy mynasybetli paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni çäreler geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iýul aýynda meýilleşdirilen medeni çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Şol çäreler halkymyzyň ägirt uly döredijilik kuwwatyny açyp görkezmelidir, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz öňümizdäki çäreleri we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşy bilen bagly dabaralary geçirmek hem-de adamlary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek boýunça düşündiriş işlerini işjeňleşdirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara jogapkär edilip bellenen orunbasarlaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň her welaýatynda köpugurly ajaýyp binalar bolan Türkmeniň ak öýleriniň gurluşygynyň tamamlanýandygyny belledi.

Bu desgalar däp bolan halk medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek, jemgyýetçilik isleglerini kanagatlandyrmak üçin niýetlenendir diýip, milli Liderimiz nygtady. Çeper höwesjeňler döredijiligini, beýleki höwesjeň döredijilik başlangyçlaryny we ilatyň durmuş işjeňligini goldamakda, raýatlaryň boş wagtyny we dynç almagyny guramakda ak öýleriň ähmiýeti uludyr.

Şoňa görä-de, şol ýerlerde ilkinji günlerden drama, sazly opera, balet, sirk, estrada we gurjak toparlaryny döretmek boýunça işleri geçirmek zerurdyr, şeýle hem teatrlaryň, aýdym-saz toparlarynyň, şekillendiriş we amaly sungat studiýalarynyň, beýleki halk hem-de tehniki döredijilik toparlarynyň işini ýola goýmak wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmeniň ak öýleriniň welaýatlaryň medeniýet merkezlerine öwrülmelidigini nygtap, wise-premýere ýurdumyzda iň gowy Türkmeniň ak öýüni kesgitlemek boýunça bäsleşigi geçirmek meselesini öwrenmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak, raýatlarymyza edilýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmek, lukmançylyk ylmynyň täze gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrmak boýunça işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Bu strategiýanyň esasy maksady we wezipeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olaryň garşysyna göreşmegiň ileri tutulmagyny gazanmakdan, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakdan we adamlaryň saglyk babatda sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan hem-de näsaglary ýokary hilli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Milli strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde, ilatymyzyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmekleri babatda düşünjeleri artdyrylar hem-de olaryň saglygy has-da berkidiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adamlaryň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda bu syýasatyň many-mazmuny kesgitlenilýär.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ony dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak, ilata edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça işler netijeli alnyp barylmalydyr.

Milli Liderimiz bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olara garşy netijeli göreşmäge, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de zyýanly endiklerden el çekmäge gönükdirilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda alnyp barylýan işleri dowam etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy we energetika ministri Ç.Purçekowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň 27-28-nji iýunda ýurdumyza boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 1992-nji ýylyň oktýabrynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi bellenildi.

Häzir däp bolan dostlukly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýady resminamalaryň 60-syny özünde jemleýär.

Türkmenistan hem-de Gyrgyz Respublikasy abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem işjeň hereket edip, birek-birege özara goldaw berýärler.

Öňde boljak saparyň maksatnamasynyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Şol saparyň dowamynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Soňra Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen tarapyndan başlygy, energetika ministri Ç.Purçekow Gyrgyzystanyň Prezidentiniň resmi saparyna hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, sebit boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ýörelgesiniň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu ýurduň halky bilen türkmen halkyny öňden gelýän dostluk gatnaşyklary hem-de medeni we ruhy däpleriň taryhy taýdan kemala gelen umumylygy birleşdirýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýdyp, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny, muňa özara haryt dolanyşygynyň oňyn depgininiň hem aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň möhümdigini nygtap, hödürlenen maksatnama käbir düzedişleri girizdi we wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna hem-de hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen tarapyndan başlygyna, energetika ministrine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy we Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowy çagyrdy.

Wise-premýer türkmen-gyrgyz ykdysady forumyny hem-de Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Sergide nebitgaz pudagynda, energetikada, himiýa senagatynda, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, oba we suw hojalygynda, senagat we gurluşyk serişdeleri pudagynda gazanylan üstünlikler we eksport mümkinçilikleri, şeýle hem hususy kärhanalaryň ýeten sepgitleri görkeziler.

Türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna ýurdumyzyň hem-de Gyrgyzystanyň ykdysadyýet we maliýe, energetika hem-de senagat pudaklarynyň, ulag we kommunikasiýa toplumynyň, saglygy goraýyş, medeniýet, sport hem-de ýaşlar syýasaty, telekeçilik ulgamlarynyň wekilleri gatnaşar.

Forumyň gün tertibinde söwda-ykdysady ulgamda, logistikada, maýa goýmakda eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri bar.

Şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklar we işewür gepleşikler guralar, şolaryň netijeleri boýunça degişli resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Soňra Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebow ýurdumyzda geçirilýän sergileriň, maslahatlaryň we işewür duşuşyklaryň, hususan-da, Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň hem-de türkmen-gyrgyz ykdysady maslahatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, türkmen-gyrgyz gatnaşyklary we bilelikdäki ykdysady forumy guramak meselesine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gazanylan ylalaşyklary hem-de ykdysady we işewür gatnaşyklary giňeltmegiň netijeli guraly boljak özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça türkmen tarapynyň başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz işewür toparlaryň ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagynyň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň we bilelikdäki ykdysady forumyň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmekde eýeleýän ornunyň möhümdigi barada aýdyp, yzygiderli işewür duşuşyklaryň ähmiýetini belledi, şolaryň barşynda oňyn, ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin şertleriň döredilmegine umumy çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar.

Milli Liderimiz hödürlenen taslamany makullap, wise-premýere hem-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysyna Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatlylar dört gün bäri suwsuz kösenýär
Gripp ýarawsuzlygynyň aýrylmagy üçin tebigy çözgütler
Maryda pagta ýygymy üçin býujet işgärlerinden ýene pul toplanýar
Güýz paslynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar
Nädip has köp suw içmegi endik edinmek barada 4 maslahat
Pasyl çalşygynda bedeniň berk bolmagy üçin näme etmeli?