Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 7-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisini açyp, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu ýylyň başyndan bäri alyp baran kanun çykaryjylyk işi hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän çäreler barada maglumat berdi.

Geçen dört aýyň dowamynda 42 resminama, şol sanda Türkmenistanyň 23 Kanuny hem-de Mejlisiň 19 karary kabul edildi. Döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, kanunlaryň birnäçesine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda hukuk namalary kabul edildi.

Mejlisiň agzalary iri halkara guramalar tarapyndan geçirilen 46 çärä gatnaşdylar. Şolaryň 40-sy wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzyň şanly seneleri bilen baglanyşykly 15 ýurduň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny” atly sanly wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmak, türkmenistanlylaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmek bilen baglylykda, milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň aýratyn möhümdigini belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň işini guramak boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň agzalary öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge girişdiler. Häzirki wagtda milli parlamentiň täze palatasynyň komitetleriniň düzümi döredildi, işgärler düzüminiň wezipe sanawy tassyklanyldy hem-de şunuň bilen baglanyşykly degişli işler alnyp barylýar.

Halk Maslahatynyň agzalary döwletimiziň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisde alnyp barylýan işler bilen tanyşýarlar, iş toparlarynyň işine gatnaşýarlar hem-de dürli guramaçylyk meseleleri boýunça tejribe alyşýarlar, iş meýilnamalaryny taýýarlaýarlar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri, kabul edilýän kanunçylyk namalaryny halk köpçüligine düşündirmek, giňden wagyz etmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalardyr jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde geçirilýän maslahatlara, duşuşyklara we beýleki çärelere gatnaşýarlar. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar, ýörite gepleşikler, “tegelek stollar” guralýar.

Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň agzalary “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly, döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halk Maslahatynyň işini guramak maksady bilen, zerur çäreleri görmek boýunça anyk tabşyryklar berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Halk Maslahatynyň ähli agzalarynyň hem-de Mejlisiň deputatlarynyň Döwlet gullugy akademiýasynda okadylmagynyň, şeýle-de olaryň öňde durýan wezipeler bilen tanyşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Şol bir wagtda Halk Maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görmäge girişmek, onuň işini ýokary derejede guramak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli tabşyryklar berdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibini yglan edip, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsini geçýäris diýip belledi.

Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanowa söz berildi. Ol toparyň şu mesele boýunça geçiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 982 sany raýatymyzyň hem-de 53 sany daşary ýurtly raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permanlara gol çekýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe gazanylan makroykdysady görkezijiler, şol sanda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi milli ykdysadyýetimiziň oňyn netijelere beslenýändigini görkezýär.

Ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça önümçiligiň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,8 göterim artdy. Şeýle hem bölek-satuw haryt dolanyşygynyň mukdary köpeldi. Şu ýylyň dört aýynda bu görkeziji 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,5 göterim artdy.

Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 128,3 göterim, çykdajy bölegi 96 göterim ýerine ýetirildi. 2020-nji ýylyň degişli döwrüne görä, ortaça aýlyk haklary 10,5 göterim köpeldi. Aýlyk zähmet haklary, döwlet kömek pullary, pensiýalar we talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi.

Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,3 göterim artdy.

Wise-premýer Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň depginleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň şu ýylyň dört aýyndaky görkezijileriniň, döwletimiziň durnukly ösýändigini subut edýändigini kanagatlanma bilen belledi.Milli Liderimiz maliýe-ykdysady toplumyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň, täze taslamalary ýerine ýetirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň wise-premýeriň gözegçilik edýän pudaklarynyň öňünde durýan esasy wezipelerdigini belledi hem-de bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän önümçilikleri döretmek we öz harytlarymyzyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgama geçmek, döwlet eýeçiligine degişli kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek işlerini möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, wise-premýere öňde durýan wezipeleri öz wagtynda we anyk ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebiti we gaz kondensatyny çykarmakda, gaýtadan işlemekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi.Benzin önümçiliginiň meýilnamasy 109 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 105,5 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 107,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 114,6 göterim, tebigy gazy eksport etmegiň meýilnamasy 119,3 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa 109,1 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işinde belli bir öňegidişligiň bardygyna garamazdan, aýry-aýry pudaklarda heniz kemçilikleriň dowam edýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nebiti çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik tabşyryklaryny yzygiderli berjaý etmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz polietileniň we polipropileniň önümçilik möçberlerini artdyrmak, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň işine täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Hazar deňzindäki nebitgazly ýataklary özleşdirmek işlerini çaltlandyrmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini artdyrmak we tebigy gazy eksport etmek boýunça halkara taslamalary taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça meýilleşdirilýän foruma görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Maý aýynyň 12-13-ünde geçirilmegi göz öňünde tutulýan bu maslahata daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we banklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeler berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewe “Önümi paýlaşmak hakyndaky” Ylalaşyga degişli goşmaçalara gol çekmäge ygtyýar bermek hakynda Buýruga gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek barada degişli görkezmeler berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,1 göterime deň boldy. Şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 104,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,4 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 104,3 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmek meselelerine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýazda ygalyň ýeterlik ýagmandygyny we şu ýyl suwuň az bolmagyna garaşylýandygyny belläp, ekin meýdanlarynyň, derýalaryň, akabalaryň ýagdaýyny çaltrak seljermegi, olary arassalamak boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Oba hojalygyna häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän ministrliginiň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen etraplarda ýygy-ýygydan bolup, daýhan birleşikleriniň işini, gowaça ekişiniň alnyp barlyşyny ýerinde görmegi hem-de oba hojalygyny özgertmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň amala aşyrylyşy bilen tanşyp, olara zerur kömegi bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Döwlet ýer kadastry baradaky meselä geçip, onuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak ýaly wajyp wezipe bilen baglydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Döwlet ýer kadastryny taýýarlamaga Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag we aragatnaşyk ulgamyna degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum boýunça önümçilik meýilnamasy 113,6 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ösüş 103,9 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 129,1 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 116,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça degişli işler ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dünýäde koronawirus pandemiýasy zerarly, ulag ulgamynyň käbir pudaklarynyň kynçylyklary hem-de ýaramaz täsirleri başdan geçirýändigini belledi.

Milli Liderimiz howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy hem-de ýük akymlarynyň azalmagy bilen bagly, önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmeginde kynçylyklaryň döreýändigini aýdyp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň maliýe meselelerini çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmegi hem-de olara goldaw bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2021-nji ýylyň dört aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 129,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 117,2 göterime deň boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy 108,7 göterim berjaý edilip, 100,5 göterime barabar ösüş gazanyldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önüm öndürmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlar boýunça meýilnama 125,2 göterim berjaý edildi. Bu babatdaky ösüş bolsa 119,3 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 119,7 göterim berjaý edilip, 117,9 göterim ösüş gazanyldy.

Hasabat döwründe elektrik energiýasyny öndürmegiň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 109,9 göterime deň boldy. Elektrik energiýasynyň eksport boýunça meýilnamasy 144,3 göterim berjaý edilip, ösüş 145,3 göterime barabar boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 159,3 göterim ýerine ýetirilip, 141,2 göterim ösüş gazanyldy.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 116,7 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan gurluşyk işleriniň netijesiniň ortaça bolandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda işleriň depginini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklary berdi.

Ýubileý ýylynda dürli desgalary işe girizmek boýunça örän köp çäreler bellenildi we şoňa görä-de, işiň depgini gowşadylmaly däldir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz gurluşyk we senagat pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek işini talabalaýyk alyp barmagy talap etdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bar bolan kynçylyklara garamazdan, senagat we durmuş maksatly, aýratyn-da, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy gurmak boýunça işleriň hem dowam etdirilmelidigini belläp, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,7 göterim ýerine ýetirildi, öndürilen önümleriň ösüşi 109,1 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 114,4 göterime, nah matalaryň öndürilişi 100,4 göterime, tikin we örme önümleriniň öndürilişi 123,3 göterime, gön önümleri 100,1 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 113 göterim berjaý edildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça birža söwdalarynyň 98-si geçirilip, 10 müň 422 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 106,1 göterime deň boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 124 göterime, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 129,6 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň, aýratyn hem halkyň sarp edýän önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, importyň möçberini azaltmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi we bu babatda anyk tabşyryklar berdi.

Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de düzümini giňeltmek, onuň eksport mümkinçiliklerini, çykarylýan önümleriň möçberini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek babatda kiçi we orta telekeçilik ýurdumyzyň söwda toplumyny has-da ösdürmäge kuwwatly itergi berdi diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz kiçi we orta telekeçiligiň ornunyň barha artýandygyny nazara almak bilen, hususy ulgamyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň, täze maýa goýum mümkinçiliklerini gözlemegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde geçen dört aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp birnäçe medeni çäreler geçirilýär. Sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, konsertler, wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Şeýle hem medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar.

Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi we birnäçe halkara resminamalara gol çekildi.

Onlaýn tertibinde Türkmenistanyňdyr türki dilli döwletleriň halk saz gurallary orkestrleriniň konserti, “Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de beýleki çäreler guraldy.

Hasabat döwründe türkmen hünärmenleri onlaýn duşuşyklara, maslahatlara, dürli halkara okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Şu ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugynda kitap önümleriniň 148 görnüşi neşir edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Medeniýet ministrliginiň we Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň merkezi edaralarynyň gurluşynda “Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy” bölümleri döredildi.

Hasabatyň çäklerinde, şeýle hem ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikleri beýan etmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň alyp barýan işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, teleradioýaýlymlarda Garaşsyzlygymyzyň 30, Aşgabadyň 140 ýyllyk ýubileýlerine, döwletimiziň Bitaraplygyna bagyşlap, gowy we täsirli gepleşikleriň taýýarlanmalydygyna, teatrlarda merdana halkymyzy şöhratlandyrýan täze eserleriň, pýesalaryň sahnada goýulmalydygyna, täze aýdymlaryň döredilmelidigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz arassaçylyk bilen bagly meseleler, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler boýunça ilatyň arasynda alnyp barylýan giň düşündiriş işlerini dowam etmek barada wise-premýere degişli görkezmeler berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ilatynyň tomus döwründe dynç alşyny talabalaýyk guramak maksady bilen, düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini işjeňleşdirmek barada görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, bilim ulgamynda geçirilýän özgertmelere laýyklykda, bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlygy, ynanyşmak hem-de dostlukly ýörelgelere esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek, ýaş nesli Watanymyza çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işler alnyp barylýar.

Hasabat döwründe halkara guramalaryň wekilhanalary bilen bilelikde möhüm meseleler boýunça hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn okuw, ylmy maslahatlar geçirildi.

Bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň täze usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatda toplumlaýyn işler dowam etdirildi.

Döwlet ýaşlar syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaş nesli terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty işjeň wagyz etmek boýunça çäreler geçirildi.

Ýaş olimpiýaçylary hem-de milli ýygyndy toparlarymyzy XXXII Tomusky olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Şu ýylyň başyndan bäri içeri we daşary syýasatymyza, taryhy özgertmelere bagyşlanan wagyz-nesihat işleri, halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň degişli ministrlikleri bilen teleköpri arkaly dürli duşuşyklar, şanly seneler — Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäni gurşap alan koronawirus pandemiýasyna garamazdan, häzirki wagtda has möhüm ugurlar boýunça täze okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga zerurlygyň ýüze çykandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz maliýe, oba hojalyk, senagat we elektron senagaty üçin hünärmenleri, halkara hukuk öwrenijileri taýýarlamagy iň wajyp ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Şeýle hem koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen häzirki ýagdaý bilen baglylykda, saglygy goraýşyň milli ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagyň, dürli keselleriň, esasan-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň, bejermegiň häzirki zaman usullaryny öwrenmegiň hem-de giňden peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, bu ulgamda netijeli tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagy dowam etdirmek möhümdir.

Milli Liderimiz sporty wagyz etmegiň aýratyn möhümdigine ünsi çekip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmegiň, milli we halkara derejedäki dürli sport ýaryşlaryny geçirmegiň amala aşyrylýan durmuş ugurly içerki syýasatyň strategik ugry hökmünde çykyş edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz “1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda” Permana gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere bu resminamany talabalaýyk ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow şu ýylyň 29-30-njy aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň (ÝYB) ýolbaşçy edaralarynyň biri bolan Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy.

Forumyň barşynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, “Açyk gapylar”, deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi. Ýurdumyzyň ÝHG-niň mejlisine ilkinji gezek hormatly myhman hökmünde gatnaşandygy bellärliklidir.

Munuň özi taraplaryň uzak möhletli, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýän möhüm waka öwrüldi.Bu şeýle hem Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişliginde GDA, ŞHG, ÝYB ýaly döwletara bileleşikler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk ugruna laýyk gelýär.

Şeýle hem ÝYB-ä agza döwletleriň ählisi bilen ýurdumyzy taryhy we dostluk gatnaşyklarynyň, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde, 30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar söwda-ykdysady we ulag-logistika, energetika pudaklarynda, ynsanperwer-medeni ulgamlarda okgunly ösdürilýär.

2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Türkmen wekiliýetiniň bir aý mundan ozal Moskwa bolan iş saparynyň netijeleriniň köpýyllyk gatnaşyklara täze itergi berendigi bellenildi. Şol saparyň çäklerinde russiýaly kärdeşler bilen duşuşyklaryň 60-dan gowragy geçirildi, ikitaraplaýyn resminamalaryň 10-dan gowragyna gol çekildi.

Şol gün Kazanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Munuň özi dostlukly türkmen-rus gatnaşyklary babatda aýdyň mysal bolup durýar. Şol gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy netijesinde, pudaklaryň ençemesini gurşap alan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge mümkinçilik berýän resminamalaryň köp sanlysyna gol çekildi.

Kazanda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary russiýaly, şol sanda tatarystanly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdiler. Olarda söwda-ykdysady we bank ulgamlarynda, nebitgaz toplumynda, oba hojalygynda, howa we suw ulaglary ulgamynda, işewürler düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady. Häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ýurdumyzyň yzygiderli öňe sürýän anyk başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzy we ÝYB-ä girýän döwletleri däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Ýewraziýa ykdysady bileleşigine agza ýurtlar Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşlary bolup durýar.

Olar bilen hyzmatdaşlyk köpugurly kuwwata eýedir.Döwletara gatnaşyklaryň ygtybarly şertnamalaýyn-hukuk binýady şol kuwwatdan netijeli peýdalanmaga ýardam edýär.Bu binýat bolsa yzygiderli berkidilýär we onuň üsti täze ikitaraplaýyn resminamalar bilen ýetirilýär.

Bilelikdäki Hökümetara toparlar, beýleki degişli düzümler netijeli işleýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-rus gatnaşyklary barada durup geçip, olaryň dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-birege hormat goýmagyň, ynanyşmagyň hem-de özara goldaw bermegiň berk binýadynda guralýandygyny belledi.Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy köp ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-logistika, senagat hem-de gurluşyk ulgamlarynda we beýleki ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem döwletara gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir.

Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr. Onuň bilen hyzmatdaşlyk dünýä giňişliginde hem işjeň ösdürilýär. Russiýa tarapy ýurdumyzyň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Özara gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda, onuň täze wajyp ugurlaryny kesgitlemekde, geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikdäki Hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa bu ugurdaky degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli işler alnyp baryldy.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we gepleşikler möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklary boldy. Mart aýynda milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ХIV sammitine gatnaşdy we Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Ýanwar — aprel aýlary aralygynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 638-si geçirildi. Daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen bilelikde duşuşyklaryň we gepleşikleriň 35-si guraldy.

DIM-niň ulgamy boýunça ýola goýulýan gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe boldy. Ýylyň başyndan bäri, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň daşary syýasat edaralary bilen ençeme gepleşikler we maslahatlaşmalar, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasyndaky “С5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Hasabat döwründe Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus, hökümetara türkmen-rus toparlarynyň çäklerinde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň hem-de Senagat boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparynyň duşuşyklary boldy. Şeýle hem birnäçe ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýilleşdirilen köp sanly halkara çärelere we maslahatlara ünsi çekip, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we bu babatda degişli teklipleri taýýarlamak boýunça wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklar berdi.

Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli dörän daşarky ýagdaýlara hem-de onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsirine garamazdan, Garaşsyz döwletimiziň ýubileý ýylynda bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edendigini belledi.

Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim derejede saklanýar. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly senagat we durmuş maksatly ýubileý desgalary guruldy hem-de olaryň gurluşygy dowam edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, importyň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmegiň, eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrýarys.Ylym we bilim ulgamlaryny özgertmek dowam edýär. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti emele gelýär.Nebitgaz känleri özleşdirilýär.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga taýýarlyk görülýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hususy işewürligi ösdürmek, telekeçileri ýurdumyzyň ykdysadyýetinde özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmek syýasaty alnyp barylýar.

Döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek hem dowam edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň täze edarasy döredildi we işe başlady.

Ýöne oňat görkezijilere garamazdan, heniz üstünde işlemeli köp meseleler hem bar. Biz bu meseleleri bilýäris we olary çözmegiň döwlet maksatnamalaryny kabul etdik hem-de kemçilikleri aradan aýyrmagyň wezipelerini kesgitledik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem ýurdumyzy 2021 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Maksatnamany tutanýerli durmuşa geçirmek dowam etdirilmelidir. Baş baýramlarymyz bolan ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllygy, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli we Bitaraplyk baýramy bilen bagly bellenen çärelere gowy taýýarlyk görmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda 9-njy maýda uly baýramyň — Ýeňiş gününiň bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi. Şu ýyl bu şanly sene beýleki uly baýramlar, ýagny Oraza aýyndaky seneler bilen gabat gelýär.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň däp-dessuryny, şeýle hem beýleki seneleri göz öňünde tutup, ähli dabaraly çäreleri 9-njy maýda agşam geçirmegi teklip etdi. Şol gün Bekrewedäki ýadygärlikler toplumyna gül goýlar. Soňra bolsa sadaka berlip, uruşdan gaýdyp gelmedik watandaşlarymyzyň ählisi ýatlanylar.

Öňümizdäki çäreler ýurdumyz üçin möhüm wakalar bolup durýar we olar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, Oraza baýramy bellenýän 13-nji maýy iş güni däl diýip yglan etmek baradaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýene bir täzeligi — özüniň Ak şäherim Aşgabat atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri ata Watanymyzyň ýüregidir. Ol Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny görkezýän merkezdir. Aşgabat dünýäniň ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäherleriň biridir. Aşgabadyň keşbi diňe bir tebigy baýlyklarynyň köp görnüşli bolmagy bilen däl-de, eýsem, döwürleriň köpdürlüligi bilen hem sazlaşykly utgaşýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Aşgabat taryhy geçmişiň merkezidir. Biz onuň taryhyna, şanly geçmişine hormat goýýarys. Ýazuw çeşmelerinde paýtagtymyzyň 140 ýyllyk taryhy baradaky maglumatlar saklanyp galypdyr, ýöne Köpetdagyň çeşmelerinden suwarylan bu toprakda ýaşaýşyň has irki döwürlerde hem bolandygy gürrüňsizdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan myhmansöýer hem-de özüne çekiji merkez bolupdyr. Bu baradaky hakykat asyrlara uzap gidýär. Mysal üçin, Aşgabadyň eteginde gadymy Parfiýa galasy ýerleşýär. Şol galadan bu beýik döwletiň taryhyny öwrenip bolýar.

Aşgabada aşyklaryň şäheri hem diýýärler. Bu tassyklama şäher ilatynyň açyk göwünlidigini we hoşniýetlidigini wasp edýän ençeme täsin taryhy wakalara esaslanýar. Ol paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň duýgurlygynda, ýürekdeşliginde, zähmetsöýerliginde we mähriban şäherine wepalylygynda hem aýdyň ýüze çykýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biz gözel şäherimizde milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän dürli desgalary döretmek ugrunda köp tagalla etdik we serişde gönükdirdik. Şoňa görä-de, Aşgabadyň keşbi, hakykatdan hem onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň janly mysalydyr. Şäheriň köp sanly desgalary özboluşly aýratynlyklara eýe bolandygy üçin, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Aşgabat 140 ýylyň dowamynda taryhyň kyn we çylşyrymly pursatlaryny başdan geçirdi. Aşgabatlylar hiç wagt tutuş halkymyzyň egnine düşen kynçylyklardan çetde durmady. Şatlykly günlerde-de, hasratly pursatlarda hem halkymyz jebisleşdi.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bilen bagly horluk-hasratlardyr kynçylyklar aşgabatlylardan hem sowlup geçmedi. 1948-nji ýylda bolup geçen tebigy betbagtçylykda şäher sanlyja sekundyň dowamynda ýer bilen ýegsan boldy. Bu pajygaly ýertitremeden ýitgi we ejir çekmedik maşgala galmady. Emma, muňa garamazdan, biz mähriban şäherimizi dikeltdik we täzeden gurduk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Garaşsyz Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyz häzirki döwürde sport, medeni we ylym-bilim merkezi hökmünde depginli ösýär. Binagärlik-gurluşyk babatda tanalmaz derejede özgerýär.

Bu ýerde şäher ilatynyň medeniýetli dynç almagy üçin köp işler edilýär. Aşgabat häzirki zaman şäheriniň ajaýyp nusgasydyr. Bu ýerde ulanmaga berilýän desgalar akylly şäher konsepsiýasy esasynda bina edilýär. Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze Aşgabat-siti döredilýär. Günbatar böleginde bolsa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý galasy ýerleşýär.

Bu abraýly halkara guramanyň biziň paýtagtymyzy depginli ösýän şäherleriň ulgamyna goşmagynyň özi hem Aşgabadyň ösüşiniň täze derejesine şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, bu ýerde hemişe iň bir öňdebaryjy garaýyşlar öz beýanyny tapýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Aşgabadyň häzirki keşbine buýsanmazlyk mümkin däl. Onuň gaýtalanmajak gözelligini doly wasp edere söz ýok bolsa gerek. Biziň ajaýyp şäherimize geljek döwürler has hem hormat we şöhrat getirer. Bu barada hemişe ýürekden çykýan goşgudyr aýdymlar dörediler.

Hormatly Prezidentimiz ýokarda aýdylanlaryň ählisini şu kitapda beýan etmäge çalşandygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu kitabyň gyzykly we peýdaly hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli watandaşlarymyza sowgat boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz mejlis tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylaryň bu kitaby alyp biljekdiklerini mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa, wise-premýer M.Mämmedowa hem-de wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa baýramçylyga çenli galan wagtyň dowamynda “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm wezipelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28146?type=feed

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Prezident saýlawlarynyň netijelerine garaldy
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi