Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti we gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň mukdaryny artdyrmak, pudagyň çig-mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny ösdürmäge, diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şu günler dowam edýän gowaça ekişiniň depginleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin işleri geçirmäge jogapkärli çemeleşmegiň hem-de işleriň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmak hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Milli Liderimiz Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de onda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Türkmenawtoulaglary agentligi tarapyndan daşaýjylary awtoulagda halkara gatnawlara goýbermegi düzgünleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow nyrhlar babatda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň elektron maglumatlar binýadyny döretmek we onuň elýeterliligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de Dokmaçylar medeni merkeziniň täze binasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Dokmaçylar medeni merkeziniň täze binasynyň ýerleşjek ýeriniň taslamasy we şekil çyzgysy hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz Dokmaçylar medeni merkeziniň täze binasynyň gurluşygy baradaky meselä geçip hem-de hödürlenen taslama bilen tanşyp, oňa birnäçe tekliplerini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de milli Liderimiziň garamagyna bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar meseleleri boýunça kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi hem-de olary sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, häzirki zaman döwrebap tehnologiýalaryny mundan beýläk-de işjeň ornaşdyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy sanly ulgam arkaly wideoaragatnaşyga çagyrdy.Ministr “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi hem-de raýatlarymyzyň şu ýylyň tomus döwründäki dynç alşy üçin şert döretmek boýunça teklipleriň birnäçesini döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň möhleti şu ýylyň 1-nji iýuny — 15-nji sentýabry aralygy diýlip kesgitlenildi, şol aralykda myhmanhanalaryň we kottejleriň umumy meýdanynyň ýarysyny peýdalanmak teklip edilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Resminamada Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugrunyň esasy ýörelgelerinden, maksatlaryndan we wezipelerinden, milli Liderimiziň dürli ugurlarda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryndan ugur almak bilen, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we berkitmek boýunça işleriň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky we Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen Kararlara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi hem-de resminamalaryň amala aşyrylmagyna degişli derejede gözegçilik etmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine we maksatlaryna yzygiderli eýermegiň zerurdygyny belledi.

Işgärler bilen üpjünçiligi berkitmek, durmuş ugurly wezipeleri çözmek, ýaş harbylary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky meseleler berk gözegçilikde saklanylmalydyr.Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Garaşsyz ýurdumyzyň baş baýramynyň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanan dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. *** Ministrler Kabinetiniň mejlisi tamamlanandan soň, milli Liderimiz Hökümet binasynyň daşyna çykdy hem-de töweregi synlap, şenbe güni şäherde paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy we ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işlerini geçirmäge gönükdirilen çäräniň geçiriljekdigini belledi. Şoňa görä-de, şeýle çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde, türkmen halkyna mahsus agzybirlikde we ýokary ruhubelentlikde geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň şanly senesi mynasybetli täze ýolagçy awtobuslaryň gelip gowşandygyny belläp, şolaryň birine wise-premýerler bilen bilelikde mündi.Täze awtobus ýokary derejeli ilkinji ýolagçylaryny alyp, paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ýola düşdi. Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz şäheriň abadanlaşdyryş işleriniň geçirilişini synlady hem-de meýilleşdirilýän köpçülikleýin arassaçylyk işleriniň alnyp barylmagynyň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň barha giňeldilýän ýaşyl zolakly toplumlarynda ekilen bag nahallaryna degişli ideg etmegiň zerurdygyny belläp, arassaçylyk işleriniň çäklerinde şol işlere hem möhüm orun berilmelidigini nygtady.Biraz wagtdan täze ýolagçy awtobusy paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynyň ýanyndaky duralga gelip saklandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de beýleki ýolbaşçylar awtobusdan düşüp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň geçirilýän ýerine ugradylar.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary