2021-nji ýylyň 29-njy martynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi.Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka öwrüler.
Bu edara türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna Hökümetiň işläp taýýarlaýan we ýurdumyzyň halky bilen amala aşyrýan uly möçberli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi, ol Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň geçirilen ilkinji saýlawlarynyň netijeleri barada giňişleýin habar berdi.
Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Merkezi saýlaw topary tarapyndan uly toplumlaýyn işler geçirildi.
Hereket edýän Saýlaw kodeksine we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, saýlaw möwsümi geçirildi.
Welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde ses berlişini geçirmek üçin döredilen saýlaw uçastoklarynyň 6-sy maddy-tehniki serişdeler bilen öz wagtynda doly üpjün edildi.
Umuman, Türkmenistan boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna jemi 112 dalaşgär hasaba alyndy. Şeýlelikde, saýlawlar giň bäsdeşlik esasynda geçirildi 48 mandatyň her birine ildeşlerimiziň aýratyn hormat-sarpasyna mynasyp bolan 2-3 adam dalaşgärlik etdi.
Saýlawlaryň aç-açanlygyny üpjün etmek maksady bilen, hasaba alnan dalaşgärleriň hemmesine Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawyň öň ýanyndaky wagyz ediş işlerini alyp barmak hem-de saýlawçylar bilen duşuşmak üçin deň şertler we mümkinçilikler hödürlenildi.
Ses bermek işi ýekşenbe güni, 28-nji martda ir bilen sagat 10-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Saýlaw uçastoklarynyň 6-syna dabaraly ýagdaý mahsus boldy.
Saýlaw ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň çäklerinde, Aşgabatdaky hem-de welaýatlardaky saýlaw uçastoklarynda wideokameralar gurnaldy, ses berlişi Merkezi saýlaw toparyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde görkezildi.
Ses bermeleriň netijelerine laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Ähli welaýatlarda we paýtagtymyzda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine pugta laýyklykda geçirilendigi tassyklanyldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna saýlaw toparlarynda ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamanyň esasynda Türkmenistan boýunça jemi 48 adam her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adam saýlanyldy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň umumy sanynyň 27 göterimini zenanlar düzýär. Bu bolsa olaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýandygyna şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda we Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüm hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmen döwletiniň demokratik we hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmaga, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek ugrunda nobatdaky uly ädime öwrüldi.
Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmegi ýurdumyzyň yzygiderli ösüşi hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işini ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döreder.
Geçirilen saýlawlar Diýarymyzyň rowaçlygy üçin uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň demokratik ýol bilen ynamly öňe barýandygynyň, milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan ykbal çözüji özgretmeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
G.Myradow Merkezi saýlaw toparyň we saýlaw toparlarynyň ählisiniň agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Watanymyzyň taryhynda täze parlamentiň düzümine ilkinji gezek geçirilen saýlawlar halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, Türkmenistanyň düýpli demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşyp, ses beren raýatlarymyzyň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Ses berenleriň köp sanly bolmagy biziň jemgyýetimizde oňat netije gazanmak üçin möhümdir.
Munuň özi biziň raýatlarymyzyň öz pikirini erkin beýan etmäge, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde öz çözgüdini kabul etmäge bolan Konstitusiýada berkidilen hukugydyr.Geçen saýlawlar oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi, iki we ondan köp dalaşgäriň bolmagy bilen tapawutlandy.
Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak milli kanunçylygymyzyň talaplaryna laýyklykda, deňhukukly esasda, açyk we aýanlykda geçirildi diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalaryny saýlawçylaryň ynamyny gazanyp, syýasy köpdürlülik we köp partiýalylyk şertlerinde halkyň wekilleri bolmaklary bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de munuň iş ýüzünde hakyky demokratiýadygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz uly ynam edip, özüni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandygy üçin, mähriban halkymyza minnetdarlyk bildirdi hem-de muny uly hormat hem-de bütin halkymyzyň öňündäki ýokary jogapkärçilik hökmünde kabul edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini, Palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly bahaly işlemegi üçin hemmetaraplaýyn kömek berjekdigini aýtdy.
Milli Liderimiz G.Myradowa şu saýlawlary taýýarlamaga gatnaşan adamlaryň ählisine Ministrler Kabinetiniň adyndan minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bu günki mejlisiň ikinji bölegini howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly meselelere bagyşlamak barada karara gelendigini habar berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde uly ösüşler gazanylýar. Şol ösüşler bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrýar.Netijede, ata-babalarymyzyň berk binýatly döwlet gurmak hakyndaky arzuwlarynyň durmuşa geçirilýändigi dünýä ýüzüne aýan bolýar.
Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň yrylmaz döwletliligi, rysgalynyň bollugy, niýetiniň-päliniň bolsa, diňe ýagşylyga ýugrulandygy üçin ynsan kalplary şatlyga we buýsanja beslenýär.
Ata-babalarymyz şu gymmatlyklary, ýagny, döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pes pälliligi, ynsanperwerligi ömrüniň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerip, biz ýaşlarymyzda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Biziň haýyr işleri amala aşyrýandygymyzyň häzirki zamanyň ösüşe we parahatçylyga gönükdirilen şygary bilen umumy kökleri bardyr. Şunuň özi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň tutuş adamzat üçin ählumumy häsiýetleriniň bardygyny aýan edýär.
Sebäbi, olar adamlary ýagşy işleriň başyny tutmaga, iň gowy adamkärçilik däplerine eýermäge çagyrýar. Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek hem pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şeýle setirlerini mysal getirdi:
Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil, Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil, Bir gamly göreňde, şirin söz bergil, Entäni goldara hemaýat ýagşy.
Ata-babalarymyzyň il bilen bolmak, birek-birege kömek etmek, dertli gününde derdini, begenen gününde şatlygyny paýlaşmak ýörelgeleri halkymyzyň baý durmuş tejribesinden, nusga alarlyk medeniýetinden habar berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Elbetde, hemme adama birmeňzeş ykbal berilmeýär.Bagtly adamlar köp, ýöne, gynansak-da, durmuşda kim ejiz bolýar, ýene biri bolsa, ene-atanyň mährinden ir galyp, durmuşyň ajysyny datmaly bolýar. Şonuň üçin hem ejizi, ýetim-ýesiri goldamak, oňa eliňden gelen kömegiňi berip, ýardam etmek ýaly adamkärçilik ýörelgesi biziň üçin kada öwrülipdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz özüniň malyndan, halal gazanjyndan bir sebäp bilen başyny alada aldyran, güni güzaply geçýän adamlar ýa-da ýetim çagalar üçin aýryp goýmagy-da däbe öwrüpdirler.
Şeýle etmek bilen olaryň aladasyny, agyr gussasyny, azajyk hem bolsa, egismäge çalşypdyrlar. Bu däpler häzirki döwrümizde hem şeýle. Pederlerimiziň ejize howandarlyk etmek däpleri we kadalary biziň döwlet syýasatymyzda hem öz beýanyny tapýar. Sebäbi, türkmen jemgyýetinde birek-biregi goldamak ýörelgesi agzybirligiň we merdanalygyň, gaýratlylygyň binýady bolup, halkymyzy jebisleşdirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda çagalar üçin köşkleriň, çagalar öýleriniň, mekdep-internatlarynyň täze, döwrebap binalary gurulýar. Ýurdumyzda bir sebäp bilen ata-enesinden mahrum bolan çagalaryň terbiýelenýän we hossarlyk edilýän bilim-terbiýeçilik edarasy Döwletliler köşgi diýlip atlandyrylýar. Bu işlerimiz ejize howandarlyk etmek, mätäji goldamak ýörelgeleriniň biziň döwletliligimiziň bir sütünine öwrülendigini aňladýar.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, şeýle ykbally adamlar baradaky aladalarymyzyň gerimini has giňeltmek, olary has göwnejaý ýerine ýetirmek üçin, ýörite haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň gerekdigi barada pikire gelendigini habar berdi. Sebäbi, ýurdumyzyň çäginde haýsydyr bir sebäp bilen kömege mätäç ýagdaýda galan çagalarymyza goldaw etmek üçin şeýle gaznanyň orny uly bolar.
Biziň döretjek täze gaznamyz ata-babalarymyzyň ýörelgelerini hakyky iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň goldamagy bilen şeýle gaznany döretmek hakyndaky karara gol çekjekdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öz gazanjyndan ilkinji bolup, täze döreden haýyr-sahawat gaznasyna serişde goýýandygyny habar berdi.Eger-de, ejize hossarlyk etmegi göwnünde besleýän ildeşlerimiz bar bolsa, olar hem öz halal gazanjyndan hossarlyk gaznasyna serişde geçirip bilerler.
Bu gazna daşary ýurtlular üçin hem açyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Täze döredilen gaznanyň serişdeleri şol çagalaryň tölegli saglyk, bilim hyzmatlaryndan peýdalanmaklary, mynasyp dynç almaklary we beýleki zerurlyklary üçin gönükdirilip bilner diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu Karara gol çekdi.
Milli Liderimiz ady agzalan Karara gol çekip. Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigini aýratyn belläp, onuň milli demokratiýanyň gazananlarynyň esasynda amala aşyrylandygyny hem-de nobatdaky gezek halkymyzyň agzybirligini, jebisligini we watançylyk duýgusyny äşgär edendigini aýtdy.
Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimizi bu möhüm waka bilen, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz üçin saýlawçylaryň ýüz göteriminiň ses berendigini belledi.
Ýurdumyzyň Parlamentiniň ýolbaşçysy çykyşyny dowam edip, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda döredilýän gazna at dakmak barada teklibi beýan etdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda adam hakynda alada döwlet derejesinde iň wajyp gymmatlyk hökmünde garalýar.
Adam hakynda alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasy ugry bolmagynda galýar. Şunda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almagy, sagdyn endiklere eýerip, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär.
Biziň Watanymyz ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna - bagtly çagalygyň mekanyna öwrüldi. Çagalygy goramak ýörelgeleri Esasy Kanunymyzda kanunçylyk taýdan berkidilip, kabul edilen kanunlarda, Türkmenistanyň gatnaşýan halkara konwensiýalarynda, şeýle hem milli maksatnamalarda doly öz beýanyny tapýar.
Türkmenler ata-baba öz çagalaryna aýratyn alada we mähir bilen garap, olara iň oňat zatlary bagyş edipdirler. Mähriban Arkadagymyz çagalary alada, mähir bilen gurşap almak, pespällik, ula-kiçä hormat goýmak ruhunda terbiýe bermek ýaly asylly ýörelgeleri döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugrunyň birine öwürdi. Bu asylly ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze mazmuna eýe boldy.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin mümkinçilikleri döredýän häzirki zaman çagalar baglary, orta mekdepler, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Çagalaryň saglygyny goramak hem-de dikeltmek boýunça ägirt uly işler geçirilýär. Ähli welaýatlarda saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen olaryň döwrebap bilim almagy we jemgyýetde öz orunlaryny tapmagy üçin ähli şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz her bir çaga mähirli garaýyş bilen öz howandarlygyny edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ata-baba däplerimize eýerip, haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky başlangyjyny Mejlisiň deputatlary doly goldaýarlar.Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli parlamentiň ýolbaşçysy täze döredilýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak we bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň kabul edilmegine rugsat bermegi barada Gahryman Arkadagymyzdan uly hormat bilen haýyş etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna geçirilen ilkinji saýlawlaryň üstünlikli hem-de bu täze parlament düzümine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüminiň hem-de ýurdumyzda iki palataly parlamentiň döredilmeginiň biziň jemgyýetimiziň hakyky halk häkimiýetlilik däplerine ygrarlydygyny tassyklaýandygy nygtaldy.
Bu saýlawlar Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan Watanymyzyň rowaçlygyna we has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen düýpli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi üçin berk binýat bolan demokratik işleriň çuňlaşdyrylmagy ugrunda möhüm ädim boldy.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň diplomatik toplumynyň adyndan milli Liderimiziň ene-ata howandarlygyna mätäç çagalara kömek we goldaw bermek üçin haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky çözgüdiniň doly goldanylýandygyny aýtdy.
Bu çözgüdiň döwlet Baştutanymyzyň ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy baradaky hemişelik atalyk aladasynyň nobatdaky subutnamasydygy nygtaldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagalar baradaky syýasaty ýaş nesilleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna we ýurdumyzyň halkara borçnamalaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösüşine --beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we durmuş taýdan ösüşine gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň asylly başlangyjynyň türkmenistanlylar tarapyndan doly goldanyljakdygy hem-de daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döretjekdigi gürrüňsizdir, çünki döredilýän Gazna daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin hem açyk bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Gazna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak baradaky teklibi goldaýandygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çykyş edip, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de bu edara saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini beýan etdi.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik, ýagşyniýetlilik we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerini ösdürmäge, olary ilatymyzyň arasynda, esasan-da, ýaş neslimize wagyz-nesihat etmek meselesine aýratyn ornuň berilýändigini belledi.
Şeýle ýörelgeleriň esasynda ýurdumyzda bu gün çagalaryň beden we ruhy taýdan ösüp kemala gelmegi, dünýä ölçeglerine laýyklykda bilim almagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary hem-de dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda çagalar üçin haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky teklibini obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň goldaýandygyny aýtdy. Bu başlangyç ýurdumyzyň ýaş raýatlarynda zähmete söýgi, bilime höwes döretmekde, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmekde, çagalaryň we ýaşlaryň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goralmagyny kepillendirmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Döwlet Baştutanymyz çykyşlary umumylaşdyryp, bu günki mejlisde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly möhüm meseläniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we indi bu wezipeleri işjeň we çalt durmuşa geçirmelidigini nygtady.
Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde iş saparynda bolup, ýerlerde öz ugurlary boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy hem-de işleriň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Müşşikowa, ýurdumyzyň sebitlerinde iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny ýerinde görmek we seljermek, Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň welaýat düzümleriniň işleriniň hem-de hyzmatlarynyň talabalaýyk guralyşy bilen tanyşmak üçin, 2931-nji mart aralygynda Daşoguz, 31-nji mart 1-nji aprel aralygynda Balkan, 2-nji aprelde hem Lebap welaýatlaryna baryp görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa Galkynyş gaz käninde alnyp barylýan işlere, TürkmenistanOwganystanPakistanHindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşyk işlerine we beýleki durmuş maksatly binalarda hem-de desgalarda alnyp barylýan işlere ýerinde gözegçilik etmek üçin, 29-njy mart2-nji aprel aralygynda Mary we Lebap welaýatlaryna baryp görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, gowaça ekişiniň we bugdaýa ideg etmek işleriniň geçirilişini, şeýle hem suw desgalarynda we edara-kärhanalarynda alnyp barylýan işleri ýerinde seljermek we bu işlere ýardam bermek üçin, 2930-njy mart aralygynda Ahal, 31-nji mart 1-nji aprel aralygynda Daşoguz, 23-nji aprel aralygynda hem Mary welaýatlaryna baryp görmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýubileý ýylynda açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we durmuş maksatly binalarda hem-de desgalarda alnyp barylýan işleri ýerinde görmek we seljermek maksady bilen, 2930-njy martda Lebap, 31-nji martda Daşoguz, 31-nji mart 1-nji aprel aralygynda Balkan, 2-nji aprelde hem Ahal welaýatynda bolar.
Hormatly Prezidentimiz ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmak üçin, wise-premýer B.Öwezowa 2930-njy mart aralygynda Lebap, 31-nji mart2-nji aprel aralygynda bolsa Balkan welaýatlarynda bolmak barada görkezme berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa desgalaryň gurluşyk işleriniň geçirilişini ýerinde baryp görmek, dokma we söwda kärhanalarynda işleriň guralyşy, Oba milli maksatnamasy we kabul edilen beýleki maksatnamalar esasynda telekeçiler tarapyndan alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmak üçin, 29-njy mart 2-nji aprel aralygynda Ahal welaýatynda bolmak tabşyryldy.
Milli Liderimiz Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary welaýatynda geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk, şeýle hem Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda gurluşygy alnyp barylýan Türkmeniň ak öýi binalarynda gurluşyk işleriniň gidişi bilen tanyşmak üçin, wise-premýer M.Mämmedowa 3031-nji mart aralygynda Lebap we Mary, 1-nji aprelde Daşoguz, 2-nji aprelde bolsa, Balkan welaýatlaryna baryp görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowa şu ýyl paýtagtymyzda geçiriljek iri halkara ýaryşlaryny ýokary derejede guramak maksady bilen, daşary ýurtly türgenleriň we wekilleriň Halkara howa menzilinde, ýaşajak we iýmitlenjek ýerlerinde alnyp barylmaly işleri, Olimpiýa şäherjigindäki Welotrek we Tennis toplumlarynyň taýýarlygyny, şol ýerde ýygyndy toparlaryň ýerine ýetirmeli amallarynyň tertibini, Halkara ýaýlyma beriş merkeziniň, ilkinji lukmançylyk kömegi nokatlarynyň işini, jemgyýetçilik howpsuzlyk düzgünlerini, degişli çäklerde arassaçylyk we zyýansyzlandyryş çärelerini öwrenmek üçin, 29-njy mart 2-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde iş saparynda bolmak barada görkezme berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Hökümet agzalary bilen bilelikde Türkmen-rus hökümetara iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek üçin 30-njy mart 2-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugraýandyklaryny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň ýetip gelýän Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ýerlerde görülýän taýýarlygy bilen tanyşmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, indi mundan beýläk palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly işlemegi üçin käbir guramaçylyk meselelerine seretmelidigini belledi.
Milli Liderimiz aýdanlaryny umumylaşdyryp hem-de mejlisiň netijelerini jemläp, degişli ýolbaşçylara bu iş saparlarynyň netijeleri barada soňra hasabat bermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de täze parlament düzüminiň agzalygyna saýlanmagy mynasybetli gutladylar.
Taryhy ähmiýetli waka öwrülen hem-de döwlet Baştutanymyzyň milli parlamentiň iki palataly ulgamyny döretmek barada başyny başlan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň döwletimiziň demokratik esaslarynyň has-da pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna ýardam etmäge gönükdirilendigi bellenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimize Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzasy hökmünde işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler, şeýle hem milli Liderimizi täze Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bilen gutladylar.Döwlet Baştutanymyzyň bu çözgüdiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydygy bellenildi. Şol ýörelgelere eýerilmegi ýaşlarda asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek ýaly belent häsiýetleri kemala getirmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde asylly milli ýörelgelerimiziň mundan beýläk-de mynasyp dowam etdiriljekdigini belledi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi