2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy milli kanunçylygy mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Häzirki wagtda döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam edýändigi bellenildi.
Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, telekeçiligi goldamak we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek hem-de türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlenilýändigi bellenildi.
Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamaga uly üns berýärler.
Ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen birlikde, Türkmenistanyň Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipler işlenip taýýarlanylýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesine bellenilen saýlawlaryna taýýarlyk işlerine badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, iş meýilnamasy tassyklanylyp, oňa laýyklykda, Merkezi saýlaw topary welaýat saýlaw toparlary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, saýlawlary guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk işlerini alyp barýar.
Mejlisiň deputatlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşyny döretmek hakynda çözgütleriniň ähmiýetini hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti öňde duran wezipeleri dogrusynda ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirýärler.
Hormatly Prezidentimiz döwletimizi ösdürmekde milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryny nazara alyp, mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň örän möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz Mejlisiň mähriban halkymyzyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen işleri kanunçylyk taýdan goldamalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň öňde boljak saýlawlarynyň ýokary guramaçylygynyň möhümdigi barada aýdyp, deputatlaryň ýerlerde wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barmagynyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz saýlaw möwsüminiň türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini, Diýarymyzyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny görkezmelidigini aýdyp, bu wajyp meselä Mejlisiň Başlygynyň hem-de häkimleriň ünsüni çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Ýakyn goňşy döwletler bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Owganystan Yslam Respublikasy şol ýurtlaryň biri bolup, Türkmenistan onuň bilen hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly gatnaşyklary saklaýar.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda döwletimiz OYR-nyň ykdysadyýetini ösdürmek hem-de durmuş ulgamyny dikeltmek üçin giň möçberli we uzak möhletleýin işleri amala aşyrýar.
Munuň subutnamasy hökmünde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli geçirijilerini gurmak, Owganystana ýeňillikli şertlerde elektrik toguny ibermek, Türkmenistandan owgan tarapyna demir ýol gurmak, bu goňşy döwlete yzygiderli esasda ynsanperwerlik kömegini bermek, goňşy ýurduň halkyna bilim, saglygy goraýyş babatynda ýardam etmek ýaly anyk işleri görkezmek bolar diýip, wise-premýer belledi.
Hasabatyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy esasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 8-9-njy ýanwary aralygynda Owganystanyň Kabul şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrmaga taýýarlyk görýändigi habar berildi.
Bu saparyň dowamynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan iş toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisiniň hem-de iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem Owganystanyň ýolbaşçylary we degişli döwlet edaralarynyň resmi wekilleri bilen gepleşikleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Şol duşuşyklaryň dowamynda geljek hepdede meýilleşdirilen çäreler bilen bagly meselelere serediler. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasyna meýilleşdirilýän saparyň çäklerinde owgan tarapy bilen bilelikde gol çekişmek üçin birnäçe resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygy habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarly ýurt hökmünde döwletimiziň halkara gatnaşyklaryny “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda guraýandygyny belledi. Köptaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek şol resminamada esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.
Milli Liderimiz dünýäniň ýurtlary hem-de abraýly halkara düzümleri, şol sanda goňşy ýurt Owganystan bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen bu işleriň daşary syýasatda we häzirki döwrüň ýagdaýlarynda Türkmenistanyň strategik meýilnamalarynyň nazara alnyp amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, OYR bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmekde alnyp barylýan işleriň hatarynda bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine Türkmenistanyň geljekde-de uly üns berjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystana meýilleşdirilen iş sapary barada aýdyp, onuň dowamynda geçiriljek duşuşyklarda garaljak meseleleriň iki ýurt üçin hem örän möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň wekiliýetini OYR-na gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi hem-de bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda belleniljek milli baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanan medeni çäreleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.Bu resminama milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeni ulgamyň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanyldy.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk işlerine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şanly senäniň — Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň taryhy ähmiýetini belledi. Ýurdumyz özygtyýarly ösüşiniň döwründe durmuşyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleri gazandy.
Milli Liderimiz şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilen medeni çäreler bilen bagly meseleler barada durup geçmek bilen, berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini hem-de ýeten belent sepgitlerini wagyz etmek işinde munuň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ähli çärelerde türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurynyň hem-de döredijilik kuwwatynyň öz beýanyny tapmagy üçin olary ýokary derejede geçirmek barada wise-premýerlere hem-de häkimlere anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary döwletler bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrýan halkara çärelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Olar dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy mirasyny dünýä ýaýmaga ýardam edýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Owganystanyň çäklerinde Akina — Andhoý demir ýoluny hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň ulag, aragatnaşyk we elektrik energetika ulgamynda iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda beren tabşyrygyna laýyklykda, birnäçe desgalary ulanmaga tabşyrmak boýunça meýilleşdirilen işleriň ählisi öz wagtynda tamamlandy.
Şol işleriň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol şahasy, kuwwaty 500 kW, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan Kerki (Türkmenistan) — Andhoý (Owganystan) elektrik aragatnaşyk hem-de halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary hem-de Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça üstaşyr geçelgeleriň ugry bar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Lebap welaýatynda meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gadymy köklere eýe bolan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hemişe hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak esasynda guralýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklara hemişe üns berip, onuň gaýtadan dikeldilmegine ählitaraplaýyn goldaw bermek bilen goňşy döwletdäki ýagdaýlaryň diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly düzgünleşdirilmegi ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.
Ýurdumyz dostluk, parahatçylyk söýüjilik hem-de özara kömek bermek ýörelgelerine yzygiderli eýerip, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine uly goşant goşmak arkaly, doganlyk owgan halkyna döredijilikli durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmakda anyk kömek edýär.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Owganystandaky syýasy durnuklylygyň, onuň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginiň, sebit we dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly strategik ulgamlarda owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmeginden ybaratdyr.
Elektroenergetika pudagynda hem hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Türkmenistan Owganystana elektrik energiýanyň iberilmegini yzygiderli artdyrýar. Owganystanyň çäklerinde açylmagy meýilleşdirilen Akina — Andhoý demir ýolunyň, elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň niýetlenen wezipelerinden başga-da, Aziýa sebitiniň şu böleginde goşulyşmak işleriniň güýçlendirilmegine ýardam etjekdigi bellärliklidir.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, sebitde demir ýol hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleri bilen birlikde, giň gerimli ulag-üstaşyr düzümlerini döretmek taslamasyna Owganystanyň goşulmagynyň hem möhümdigini belledi.
“Lapis Lazuli” (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça gatnaşyklar maksadalaýyk amala aşyrylýar. Bu taslamalaryň ählisi anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň oňyn, uzak möhletleýin häsiýetlidiginiň subutnamasydyr.
Häzir täzeden dikeldilýän Owganystan öz oba hojalyk önümlerini ýerlemegiň goşmaça bazarlaryny hem-de üstaşyr-söwda ugurlaryny gözleýär. Şeýlelikde, Akina — Andhoý demir ýol şahasy goňşy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek, onuň kiçi we orta işewürligini işjeňleşdirmek, owgan önümleriniň dünýä bazarlaryna çykarylmagy üçin täze mümkinçilikleri açar.
Owganystanyň çäklerinde demir ýoluň gurluşygynyň türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna alnyp barlandygyny hem-de şunda biziň işgärlerimiziň we maddy serişdelerimiziň ulanylandygyny aýratyn bellemek gerek diýip, milli Liderimiz nygtady.
Biz mundan beýläk-de goňşy doganlyk Owganystana hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bereris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de wise-premýere meýilleşdirilen desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hem-de ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy we Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Malaý gaz käninde gurlan kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan gaz gysyjy desgany ulanmaga tabşyrmaga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň energetika syýasatyny, nebitgaz toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň dünýäniň energoulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilendigini belledi.
Tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportyny artdyrmak şol strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, olar döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak babatda ählumumy wezipeleri çözmek nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere Malaý gaz käninde gurlan gaz gysyjy desgany ulanmaga bermek mynasybetli geçiriljek dabaranyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer ýakyn wagtda ulanylmaga beriljek Lebap welaýatynyň Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli güýjenmesi 500 kW bolan täze elektrik geçiriji ulgam barada habar berdi. Munuň özi Türkmenistandan goňşy Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Wise-premýer milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýurdumyzda şu ýyl açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawy barada maglumat berdi.
Şol desgalarda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak maksady bilen, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat pudagara topary welaýatlarda iş saparynda boldy.
Desgalaryň buýrujylary we potratçylary bilen bilelikde iş meýilnamalaryna hem-de gurluşyk işlerini bellenilen möhletlerde we ýokary hil derejesinde tamamlamak üçin zerur serişdeleri we enjamlary daşary ýurtlardan getirmegiň möhletlerine seredildi.
Geçirilen seljerme işleriniň netijeleri boýunça ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda şu ýyl ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we durmuş maksatly binalary hem-de desgalary kesgitlemek boýunça maslahat geçirildi. Seçilip alnan desgalaryň sanawy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz maglumaty diňläp, senagat we durmuş-medeni maksatly täze desgalary ulanmaga bermegiň aýratyn möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz iri desgalaryň Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp özgertmeleriniň ýolunda ynamly gadamlarynyň nyşanlarydygyny belläp, degişli ýolbaşçylara gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň barşyna we hiline gözegçiligiň güýçlendirilmelidigine hem-de öz wagtynda tamamlanylmagynyň üpjün edilmegine juda jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkimlere aýratyn berk talap bildirdi.
Soňra Hökümetiň mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew çagyryldy. Ol milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň wekillerine ynanylan taslamalar barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge ýurdumyzyň işewür düzümleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşýandygyny hem-de goşýan goşandyny belläp, bellenilen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmaga degişli bolan hususy telekeçilere ynanylan desgalardaky işleriň ýokary hilini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň dokma senagaty ministri R.Rejebow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýolbaşçylyk edýän ministrliginde işleriň ýagdaýy hem-de beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky, hususan-da, Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda bina edilýän döwrebap dokma toplumlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Diýarymyzyň dokma senagatynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga hem-de möhüm durmuş meseleleriniň çözülmegine, hususan-da, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etjek ýeňil senagatyň gurulýan iri kärhanalarynyň örän wajypdygyny belläp, gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işleriň barşyna, möhletine we hiline degişli gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli edaralar, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimlikleri bilen bilelikde, döwlet eýeçiligindäki kärhanalar barada seljerme geçirilendigi hem-de hususylaşdyrylmaga degişli desgalaryň sanawynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.
Geçirilen işleriň netijeleri boýunça hormatly Prezidentimiziň garamagyna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde bellenilen tertipde garalan degişli sanaw hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanan hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegini göz öňünde tutýan durmuş ugurly ykdysady ulgamyň depginli ösüşiniň gazanylandygyny belledi.
Bu ulgamda düýpli özgertmeleri giňeltmek maksady bilen, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmegiň binýadynda desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak işleri geçirilýär.
Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň paýynyň artmagyna ýardam berýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň hödürlän teklibini we degişli sanawyny makullap, bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Dokma senagaty ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylda pagta süýümini satyn almak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan dokma toplumlaryny hem hasaba almak bilen, jemi 145,5 müň tonnadan gowrak nah pagta süýüminiň, 8 500 tonna ýüpek pagta süýüminiň, 200 tonna gysga süýümiň hem-de 200 tonna pagta übtüginiň zerurdygyny belledi.
Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, bellenilen bahalardan senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin pagta önümleriniň üpjünçiligi Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli möçberinden, şeýle hem döwlet ätiýaçlyk gorundan amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamynyň esasy pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň öňünde çykarylýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, täze, ýokary tehnologiýaly toplumlary kemala getirmek, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmagyň hasabyna bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň durandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça maksatnamalaryň wajypdygyny nygtap, önümleriň hil we ekologiýa babatda ähli görkezijilere kybap gelmelidigini aýtdy.
Munuň üçin dokma kärhanalaryny öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de bu babatda ilkinji nobatdaky wezipeleri takyk ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.
2013-nji ýylyň awgustynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda özgertmelere giň ýol açdy.
Ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmak, ýaş türkmenistanlylaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelere hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem olaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini has-da ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmek işlenip taýýarlanylan Maksatnamanyň esasy maksatlary bolup durýar.
Maksatnamanyň çäklerinde geçiriljek çäreler öz halkynyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil şahsyýeti kemala getirmäge gönükdiriler.
Ýaşlar syýasatynyň çäklerinde döwletimiziň ýaş nesliň beden we ruhy taýdan ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döretjekdigi, ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagy üçin olara döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge ýardam berjekdigi bellenildi.
Şeýle hem “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak hem-de hukuk we durmuş goraglylygy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Iri jemgyýetçilik guramasynyň Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň geljek bäş ýyl üçin Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandygy nygtaldy. Bu resminama geçirilýän işlerde ugur görkeziji bolup hyzmat eder.
“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda möhüm wezipeleriň toplumy göz öňünde tutulýar.Bu wezipeler ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlyga bolan höwesini artdyrmak ýaly wezipelerden ybaratdyr.
Resminamalaryň taslamalarynda ýaş telekeçileriň kemala gelmegine ýakyndan ýardam bermek, ýaşlar babatdaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu ugurda beýleki döwletleriň tejribesini öwrenmek, obalardaky orta mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek we ýaş maşgalalary goldamak ýaly wezipeler möhüm orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, onuň intellektual we döredijilik mümkinçilikleriniň, şeýle hem şahsy kämilliginiň doly açylmagy üçin amatly gurşawy döretmegiň aýratyn möhümdigini belledi.
Döwlet ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmaga gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şonuň üçin bu işe jemgyýetçilik guramalary hem-de degişli döwlet edaralary işjeň goşulmalydyr.
Watançylyk hem-de Watana bolan söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny hem-de döwlet syýasatynyň häzirki ugurlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň many-mazmunyny ýaşlaryň aňyna ýetirmek we düşündirmek bilen bagly işlere uly üns bermelidir.
Diňe umumadamzat we milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryna çuňňur sarpa goýýan, täze bilimlere ymtylýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bilen, biz geljegimize ynamly seredip bileris diýip, milli Liderimiz ýurdumyzyň ýaş raýatlaryna geljekde hem hemmetaraplaýyn goldaw berilmelidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, beden we ruhy taýdan ösmegi, höwes bildirýän hünärini seçip almagy üçin mümkinçilikleri döretmegiň, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň hem-de olaryň alan bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylym we döredijilik ulgamlarynda ulanmagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem bu ulgamda özara tejribe alyşmak hem-de täze bilelikdäki maksatnamalar işläp taýýarlamak üçin halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary, türkmençilik ýoluny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmegiň wajypdygyny nygtap, ýaşlary terbiýelemekde şu ýörelgelerden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň ähmiýeti barada aýdyp, bu işiň ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ruhubelentlik, bilesigelijilik hem-de bilimlere ymtylmak ýaly häsiýetleri kemala getirmäge gönükdirilendigini, munuň ylmyň we bilimiň adamzadyň ösüşiniň esasyny düzüp, islendik döwletiň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýändigini nygtady.
Şu maksat bilen ýurdumyzda döwrebap okuw-tehniki enjamlar, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze ýokary we orta okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar. Bu bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de onuň hilini dünýä derejesine ýetirmäge, ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy belleniljek “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda geçiriljek ähli çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmalydygyny aýdyp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen maksatnamany makullap, degişli Karara gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi, şeýle hem ony amala aşyrmak boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri hem-de ýaz ekişine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şu günler güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça ähli zerur agrotehniki çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki ideg çärelerini ak ekinleriň ösüş ýagdaýyna laýyklykda geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şu ýylda ýurdumyzda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de bu ekinleriň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, welaýatlarda ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki möhlete laýyklykda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda sebitleriň ekerançylyk meýdanlaryny möwsüme taýýarlamak işleri dowam edýär.
Häzirki wagtda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda hem-de daýhan birleşiklerinde ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle-de ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin şu günler ýurdumyzyň welaýatlaryndaky pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek hem-de tohumlyk çigitleri taýýarlamak işleri utgaşykly dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, sürüm ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, olary suw bilen üpjün etmek meselelerine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň azyk ulgamyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň, ilatyň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümlerine islegini doly kanagatlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, sebitlerde ýörite döredilen ýer gaznalaryndan kärendeçilere bölünip berlen ýerleriň netijeli özleşdirilmegine aýratyn üns bermek hem-de ekerançylyga agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak we ýyladyşhana ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wise-premýere hem-de häkimlere birnäçe degişli görkezmeler berildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi