Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Oňa Milli Geňeşiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy.

Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de amala aşyrylan işlere baha berildi, Türkmenistanyň Prezidentiniň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe söz berdi.Ol 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň alty aýynda hojalyk düzümlerine berlen karz serişdeleriniň möçberi artdy.

Kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek üçin berilýän ýeňillikli karz serişdeleriniň möçberi 2,6 göterim, hususy önüm öndürijilere berlen karz serişdeleriniň möçberi bolsa 1,4 esse ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda “Internet-bank” töleg ulgamy arkaly şahsy taraplar we hususy telekeçiler tarapyndan geçirilen hasaplaşyklaryň möçberi köpeldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, M.Annadurdyýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin, Merkezi bankyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewe käýinç yglan etdi.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri barada hasabat berdi. 1-nji iýul ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdejileriniň meýilnamasy 119,1 göterim, çykdajylarynyň meýilnamasy bolsa 97,3 göterim ýerine ýetirildi. 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerli býujetler boýunça girdejileriň meýilnamasy 102,4 göterim, çykdajylaryň meýilnamasy bolsa 97,8 göterim berjaý edildi.

Hasabat döwründe balans toparlarynyň 107, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 93 mejlisi geçirildi.Alty aýyň dowamynda döwlet emlägine degişli desgalaryň 70-si hususylaşdyryldy. 2021-nji ýylyň 1-nji iýuny ýagdaýyna görä, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň mukdary jemi içerki önümiň 15,9 göterimine barabar boldy. 2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 28 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlary önümçilik hem-de durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.

Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işine nägilelik bildirdi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu edaralaryň hasabyna gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň möçberi azaldy diýip, milli Liderimiz aýtdy we wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedowa, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa duýduryş yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz haýsydyr bir edara walýuta boýunça tabşyrygy ýerine ýetirmese, onuň gelip gowuşýan möçberiniň azalmagyna ýol berse, onda ýylyň jemleri boýunça eýeleýän wezipesinden boşatmaga çenli berk çäre görüljekdigini duýdurdy.

Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak babatda maliýe we ykdysadyýet ministrine anyk tabşyryklar berdi.Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Buýruklara gol çekdi.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2021-nji ýylyň birinji ýarymyndaky ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.Senagat, ulag-aragatnaşyk we obasenagat toplumlarynda hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda oňyn netijeler gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, statistika ulgamynyň öňünde goýlan gaýragoýulmasyz wezipelerden ugur alyp, degişli tabşyryklar berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 2021-nji ýylyň alty aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,2 göterim ýokarlandy. Ýanwar — iýun aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 3,5 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim köpeldi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek hem-de “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk gurluşyny üýtgetmek barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi we milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, berlen tabşyryklara laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek we “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk gurluşyny üýtgetmek hakyndaky teklipleri makullady we degişli resminamalara gol çekdi.

Giňişleýin mejlisiň dowamynda milli Liderimiz G.Müşşikowy Merkezi bankyň başlygy wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedow şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň dürli künjeklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň ýagdaýy boýunça geçirilen seljerme işleri, şeýle hem Daşoguz welaýatyna amala aşyrylan iş saparynyň netijeleri barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle hem wise-premýer Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Aşgabat şäherinde Söwda we dynç-alyş, işewürlik merkezleri hem-de ýaşaýyş jaýlary, “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhana, A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerasty geçelgeler, paýtagtymyzyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we beýleki desgalar şu ýylyň dowamynda ulanylmaga berler. Ýubileý ýylynda açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dokma toplumy, Babadaýhan etrabynda tikinçilik önümlerini öndürýän toplum, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi, Änew şäherinde, Ak bugdaý, Tejen, Babadaýhan etraplarynda umumybilim berýän mekdepleriň, Balkanabat şäherinde 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň binalary, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana, 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy bar. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasy hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýy, Daşoguz şäherinde birnäçe döwrebap ýaşaýyş jaýlary, Gubadag etrabynda bolsa haly önümleri kärhanasy, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda häzirki zaman gazturbinaly elektrik stansiýasy, Saýat etrabynyň çäklerinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-si ulanmaga berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden dabaralandyrylýan şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagy we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklar berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz S.Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmak hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminden çykarmak barada karara gelendigini aýtdy we oňa işinde üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýylyň ahyryna çenli bellenen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady.Milli Liderimiz S.Berdimuhamedowa, ilkinji nobatda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen ýygnanyp, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kabul eden maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy boýunça maslahat geçirmegi, 2022-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasyna düýpli seredip, ony taýýarlamagy hem-de tassyklamagy tabşyrdy.

Indiki ýylyň býujeti barada aýdylanda bolsa, bu işi tamamlap, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Milli Geňeşiň garamagyna ibermeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmaly, täze ýylyň Döwlet býujetinde her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri hem bellemeli. Şeýlelikde, bu ugurda ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny ösdürmek hem-de maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak üçin olaryň ýolbaşçylary bilen zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz täze iş ýerlerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň doly möçberde ýerine ýetirilmändigini belläp, şu ýyl tamamlanansoň, bu meselelere aýratynlykda serediljekdigini ähli ýolbaşçylara duýdurdy.Döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Berdimuhamedowa dünýädäki häzirki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini düýpli seljerip, pudaklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem pudagara algy-bergileri yzygiderli seljerip durmak, özara bergileriň köpelmeginiň öňüni almak, hasaplaşyklary wagtynda geçirmek üçin zerur çäreleri görmek möhümdir.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge uly üns bermek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum taslamalary üçin halkara maliýe institutlaryndan, hyzmatdaş banklardan amatly şertlerde karzlary we göni maýa goýumlaryny çekmek boýunça işleri dowam etmek möhümdir. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy meýilleşdirilýän, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurulýan binalaryň we desgalaryň öz möhletinde ulanmaga berilmegi üçin wagtynda maliýeleşdirilmegini berk gözegçilikde saklamak wajypdyr. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmagy we Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine D.Täşliýewi belläp, ony şu edaranyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýewe söz berildi.

Ol öz çykyşynda paýtagtymyzyň hojalyk düzümlerinde alnyp barylýan işleriň jemlerine hem-de “Türkmendemirýollary” agentliginiň edaralarynyň işlerine geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri barada hasabat berdi.Bu düzümleriň işlerine geçirilen seljermeleriň dowamynda şu edaralarda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesiniň pesdiginiň hem-de birnäçe kemçiliklere ýol berilýändiginiň üsti açyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, beýleki düzümlerde degişli seljeriş işlerini geçirmek dowam edýär.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän gurluşyk-senagat toplumynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň ösüşiniň 115,2 göterime barabar bolandygyny aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, Ş.Durdylyýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Gurluşyk boýunça baý tejribe toplandygy göz öňünde tutulyp, Ş.Durdylyýew “Aşgabat-siti” şäheriniň gurluşyk kärhanalarynyň direksiýasyna işe iberildi. Ý.Gylyjow başga işe geçmegi sebäpli, Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Milli Liderimiz bu wezipä R.Gandymowy belläp, ony gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşatdy.Milli Liderimiz gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine G.Orunowy belläp, ony şu ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow olara işde üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.Soňra energetika ministri Ç.Purçekow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, ýurdumyzyň energiýa üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, senagat we energetika toplumyna, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine hem-de paýtagtymyzyň häkimligine gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Ç.Purçekowy belläp, ony energetika ministri wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň ýagdaýyny gysga wagtyň içinde seljermegi tabşyrdy. Ýubileý ýylynda meýilleşdirilen ähli desgalar öz wagtynda we ýokary hilli gurlup, ulanylmaga berilmelidir. 2022-nji ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyny kesgitlemek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biz täze şäherleriň we şäherçeleriň gurluşygyna giň gerim bilen başladyk we bu işi hiç bir ýagdaýa garamazdan, depginli dowam ederis. Şunuň bilen baglylykda, bize gurluşyk serişdelerini, şol sanda sementi, demir gurnamalaryny, köp mukdarda timarlaýyş serişdelerini öndürýän kuwwatly senagat gerek.

Biz bu ugurda işlere başladyk, ýöne ony çaltlandyrmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Çig mal känleriniň ýeterlik bardygy bilen baglylykda, mineral dökünleri öndürýän täze zawodlary gurmagyň üstünde hem işlemek wajypdyr.

Bu bolsa ýerden goşmaça hasyl almaga, oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dökünler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.Wise-premýere elektrik energiýasyny öndürmek we eksport etmek, awtoulag ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça taslamalar bilen bagly işleri dowam etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ç.Gylyjow bilen bilelikde şol meseleleri çalt seljermek, bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini hem işjeň çekmek barada tabşyryk berdi.Döwlet Baştutanymyz Permana gol çekip, wise-premýere işinde üstünlikleri arzuw edip, ýakyn wagtda energetika ministri wezipesine bellemek üçin mynasyp adamy hem hödürlemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe şu toplum boýunça önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça önümçilik meýilnamasy 118,3 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň ykdysadyýetde strategik ugrumyz, Konstitusiýamyzda bellenişi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçmek bolup durýar diýip nygtady. Şoňa görä-de, ähli döwlet kärhanalary ýuwaş-ýuwaşdan hususylaşdyrylýar ýa-da olaryň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilýär.

Häzirki döwürde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň garamagyndaky ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilip, olar agentliklere öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini ýapmak barada karara gelendigini aýtdy we B.Öwezowa eden işleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Ýapylýan düzümdäki Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goragy bölümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowyň garamagyna berildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ýanynda ministrligiň hukuklarynda Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmek barada karara gelendigini hem-de bu agentligiň baş direktory wezipesine M.Çakyýewi belleýändigini habar berdi.Milli Liderimiz täze düzümiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, ýurdumyzda elektron senagaty döretmek işiniň başlanandygyny, ýöne, ilkinji nobatda, degişli hünärmenleriň ýokdugy sebäpli, onuň ýeterlik depginde alnyp barylmaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Geldinyýazow bilen bilelikde elektron senagatyň geljekki wezipelerini çözmäge ukyply işgärleri taýýarlamagyň ulgamyny döretmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ulag kärhanalarynyň işini gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.Sebäbi bu kärhanalar, dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli, häzirki kynçylykly döwürde mejbury çäklendirmeleri başdan geçirýär. Şoňa görä-de, COVID-19 bilen bagly ýagdaý tamamlanýança, häzirki döwürde olaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin maliýe taýdan durnukly ýagdaýyny saklamak esasy wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Zähmet haklaryny tölemekleri we maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmekleri üçin serişdeleri bolar ýaly, ulag kompaniýalaryny goldap durmaly. Ýurdumyzyň demir ýollarynyň durkuny täzelemek işlerini hem dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiziň M.Çakyýewe işinde üstünlikleri arzuw edip, oňa ýakyn wagtda agentligiň merkezi edarasyny ýerleşdirmek we onuň işgärleri baradaky teklipleri bermegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmendemirýollary agentliginiň başlygy A.Atamyradowa berk käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak ulgamynda hem-de nebiti gaýtadan işlemekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi.

Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 100,8 göterim, polipropilen öndürmek boýunça meýilnama 130,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça meýilnama 114,9 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 115 göterim berjaý edildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüşi 123,4 göterime, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň ösüşi bolsa 137,2 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, şu ýylyň alty aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmengaz döwlet konserni boýunça polietileniň we polipropileniň, Türkmennebit döwlet konserni boýunça bolsa nebitiň çykarylyşynyň azalandygyny belledi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda käbir nebit önümleriniň öndürilişi peseldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýa desgasynyň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy hem-de çig nebitiň, gaz kondensatynyň çykarylýan möçberlerini häzirki zaman tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly artdyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit guýularyny abatlamak işlerini öz wagtynda geçirip, harytlyk nebitiň gaýtadan işleýän kärhanalara bökdençsiz ugradylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.Tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak we sarp edijileriň bu önüm bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny ýokarlandyrmak üçin ýerasty gaz saklawhanalaryny gurmak meselesine işjeň çemeleşmek zerurdyr.

Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy boýunça geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak wajypdyr.Hormatly Prezidentimiz innowasion tehnologiýalar arkaly Hazar deňziniň geljegi uly bolan kenarýaka sebitlerinde alnyp barylýan geologik gözlegleri işjeňleşdirip, täze ýataklary açmak we özleşdirmek üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu işe öňdebaryjy iri nebitgaz kompaniýalaryny we maýadarlary çekmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, iki aý möhletde degişli teklipleri hödürlemek barada görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gyýanlydaky polimer zawodynyň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň işini gowulandyrmak hem-de Türkmengaz döwlet konsernini özüne mahsus bolmadyk wezipelerden boşatmak üçin, bu zawodlary Türkmenhimiýa döwlet konserniniň garamagyna bermek barada karara gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ýokarda agzalan konsernleriň ýolbaşçylaryna bu kärhanalary hasapdan-hasaba bermek hakyndaky ähli namalary gysga möhletde resmileşdirmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,7 göterime, öndürilen önümleriň ösüşi bolsa 111,8 göterime barabar boldy.Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 112,4 göterime, nah matalaryň öndürilişi 102,3 göterime, tikin we örme önümleriniň önümçiligi 123,4 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 103,6 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 113 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar — iýun aýlarynda birža söwdalarynyň 148-si geçirilip, 16 müň 143 şertnama hasaba alyndy.Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 108,9 göterime barabar boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 136,3 göterime, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 119 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sarp ediş harytlarynyň, aýratyn-da, olaryň oba hojalyk pudagynda öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň heniz haýal alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe, maddy-tehniki kömegi bermek hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlaryny döretmek meselelerine ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde netijeli işleri alyp barmagyň wajypdygyny belledi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, halkara söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek üçin daşarky bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini öwrenmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ähli ugurlarda telekeçileri giňden goldamak syýasatynyň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, içerki bazaryň azyk we beýleki ilkinji nobatda zerur bolan harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga degişli anyk tabşyryklary berdi.Bar bolan önümçilikleri netijeli ulanyp, öndürilýän önümleriň, edilýän hyzmatlaryň möçberini we görnüşlerini artdyrmak zerurdyr. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny ygtybarly üpjün etmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde hususy taraplaryň önümçilikleriniň gerimini mundan beýläk hem giňeltmek, ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli ýerli gök-bakja önümlerini, miweleri, ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmekde, ýer böleklerini resmileşdirmekde we azyk harytlaryny öndürmekde olara ýardam bermek babatda degişli görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyryp, dünýä bazarlarynda we hyzmatdaş ýurtlarda harytlaryň birža bahalarynyň üýtgemegine yzygiderli syn edip durmagy wise-premýerden talap etdi. Şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän önümleriň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýokary bäsleşik esasynda amatly bahalardan eksport edilmegini gazanmak wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmegi hem-de sergide Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini giňden görkezmegi tabşyrdy. Şeýle hem sanly ulgam arkaly ýerli we daşary ýurtly alyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sanawy, hili, bahasy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylyň başyndan bäri dürli medeni çäreler, şol sanda baýramçylyk senelerine bagyşlanan döredijilik bäsleşikleri, duşuşyklar, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi.

Daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.Medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gurluşynda sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölümleri döredildi. Şeýle hem medeniýet ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ugurlary açmak, okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, sanly ulgamy kämilleşdirmek boýunça hem işler ýerine ýetirildi. Şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, medeniýet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň medeni kuwwatyny artdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ynsanperwer ugry hökmünde medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň tebigy zehinini we sungata höwesini ösdürmek, aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna görä guramagyň zerurdygyny nygtady.Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilýän döwlet we medeni-köpçülik çärelerini, baýramçylyk hem-de teatrlaşdyrylan dabaralary döwrebap guramaga taýýarlyk görmek babatda hem tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz soňky ýyllarda döredilen pudak düzüminden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýdyp, elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadyny we sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmegi tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz medeniýet edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň hem-de elektron petekleri we hasaba alyş kartlaryny girizmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady.

Ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda bilimini artdyrmak boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barmak möhümdir.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýaşlary ylmy-döredijilik işine giňden çekmek maksady bilen, sanly bilimiň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, okuw dersleri boýunça bäsleşikler geçirildi. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi edaralarynyň gurluşlary kämilleşdirildi.

Saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýa hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasy kabul edildi.

Tejribe alyşmak maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalary bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp baryldy.Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamalaryny hem-de diňleýjileri kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibini tassyklamak hakyndaky Buýrugyň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakyndaky Buýrugyň hem-de 2021-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýrugyň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ýaly durmuş ähmiýetli ulgamlaryň kämilleşdirilmegine üns bermegiň möhümdigini aýtdy.Ilatyň bagtyýarlygy we abadançylygy, diýmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli özgertmeleriniň üstünligi hem şol ulgamlaryň ösüşine gös-göni baglydyr. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryndan başga-da, täze okuw ýylyna hem gowy taýýarlyk görüp başlamaly.

Orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmeli.Sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alşyny talabalaýyk guramaly.Hökümetiň bilim işgärleri bilen geçiriljek maslahatyna gowy taýýarlyk görmek meselesine aýratyn üns berildi.

Bu maslahatda bilim ulgamyny özgertmek boýunça nobatdaky çärelere serediler.Wise-premýere ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmek, şeýle hem ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary geçirmäge taýýarlanmak tabşyryldy.

Bu işde esasy orun Ylymlar akademiýasyna degişli bolmalydyr.Döwlet Baştutanymyz çagalaryň tebigy zehinini hem-de başarnygyny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna görä guramagy we kämilleşdirmegi, sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri ýetişdirmek üçin bilim edaralarynda okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary, kitaplary we gollanmalary gaýtadan seljerip, ösen halkara tejribä laýyklykda taýýarlamak üçin gyssagly çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Ykdysadyýetiň pudaklaryny zerur bolan taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek üçin ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek tabşyryldy.Mümkinçilikleri çäkli çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi, jemgyýete uýgunlaşmagy, saglygynyň berkidilmegi üçin ýörite bilim edaralarynda zerur şertleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Olary saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary, şeýle hem kadalara laýyklykda iýmit, okuw enjamlarydyr esbaplary, serişdeler bilen öz wagtynda we yzygiderli üpjün edip durmaly.Wise-premýere ilata goýberilýän derman serişdeleriniň hem-de çagalar üçin ene süýdüniň ornuny tutýan goşmaça iýmit serişdeleriniň elýeterli we bahasynyň amatly bolmagyny üpjün etmekde ähli zerur çäreleri geçirmek we bu işleri gözegçilikde saklamak, şeýle hem sanly lukmançylyk we bilim ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirip, telelukmançylygy has-da ösdürmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda degişli resminamalara gol çekip, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, Açyk gapylar, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek kadalaryna esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna ünsi çekdi.

Biziň ýurdumyz döwletara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, köptaraply görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz eýerýändigini görkezip gelýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz mejlise gatnaşýan daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewe ýüzlenip, şu ýylyň ikinji ýarymynda birnäçe halkara çäreleriň we maslahatlaryň hem-de beýleki döwletleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparlarynyň meýilleşdirilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.Soňra ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň — “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk hem-de gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda edilýän ideg işleri barada hasabat berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri hem-de gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada habar berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek, Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Oba hojalyk toplumy boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüşi 105,2 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 105,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 101,3 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,6 göterime deň boldy.

Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 125,9 göterim ýerine ýetirildi.Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen möhletinde talabalaýyk ýerine ýetirmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygyny ösdürmek, aýratyn-da, pagtanyň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzir galla oragy tamamlandy diýen ýaly. Ýygnalyp alnan dänäniň möçberi 1 million 400 müň tonnadan hem geçdi.Bu bolsa ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini tassyklaýar.

Gallanyň özümizden artýan bölegini, gerek bolsa, daşary ýurtlara-da eksport edip bolar.Meýdanlarda gowaçanyň hem bol hasyly ýetişdirilýär.Pagtanyň örän möhümdigini göz öňünde tutup, onuň bol hasylyny almak üçin zerur bolan ähli agrotehniki işleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmeli.

Oba hojalyk tehnikalaryny hem ýygyma gowy taýýarlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz wise-premýerler M.Geldinyýazowa we E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, olaryň ünsüni pandemiýa bilen bagly meselelere çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ylmy edaralaryň häzirki döwürde oba hojalyk, aýratyn-da, suw meselesiniň, şeýle hem ekinleriň hasylyny ýokarlandyrmagyň, täze ýerleri özleşdirmegiň üstünde has köp işlemelidigi bellenildi.

Biz suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmalydyrys.Bu işde beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini giňden peýdalanmalydyrys.Garagum sähramyzyň ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça bellän maksatnamamyzy durmuşa geçirmegi çaltlandyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady. Şu ýylyň alty aýynda käbir azyk harytlarynyň öndürilýän möçberiniň azalmagy bilen bagly, içerki bazary doly möçberde ýerli gök-bakja, miwe önümleri, ýeralma, mal we guş eti, ýumurtga, ösümlik ýagy hem-de beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmekde zerur işleri tapgyrlaýyn we maksatnamalaýyn durmuşa geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk maksatly ekin we öri meýdanlarynyň maksadalaýyk hem-de netijeli ulanylmagyny gazanmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.Oňyn halkara tejribeden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýokarlandyrmak we tohumçylygyny gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli.

Pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmaly hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin usuly-gollanma kitapçalaryny taýýarlamaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Döwlet Baştutanymyz her welaýatda ýer bölekleriniň gaznasyny döretmek hem-de önümçilik maksatly taslamalara maýa goýmaga isleg bildiren taraplara bökdençsiz ýer böleklerini bölüp bermegi we bu işleri çaltlandyrylan tertipde resmileşdirmegi ýola goýmagy tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, içerki bazaryň ýagdaýyndan ugur alyp, döwlet tabşyrygy esasynda gowaça we bugdaý meýdanlarynyň möçberlerine gaýtadan seljermeleri geçirmeli.Ekin meýdanlarynyň hasylyny ýokarlandyryp, beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişini hem artdyrmaly.

Halkara tejribeden ugur alyp, iri suw geçirijilerini, howdanlary we kölleri ulanmagyň iň täze tilsimatlaryny ornaşdyrmaly.Suw tygşytlaýjy usullary giňden ulanyp, sarp edilýän suw serişdeleriniň doly hasaba alynmagyny we bu işe sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny üpjün etmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan maýa goýumlarynyň özleşdirilmegini Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça çaltlandyrmagy tabşyrdy.Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça birinji ýarym ýyllykda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Geçen alty aýyň dowamynda Mejlisiň maslahatlarynyň ikisi geçirilip, Türkmenistanyň kanunlarynyň 40-sy hem-de Mejlisiň kararlarynyň 41-si kabul edildi. Ýylyň başyndan bäri kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça degişli seljerme işleri yzygiderli alnyp baryldy.

Iş toparlarynda birnäçe ugurlar boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.Halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we kanunçykaryjylyk babatda dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň wekilhanalary bilen gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri barada habar berildi. Ýylyň birinji ýarymynyň dowamynda Mejlisde kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly okuw maslahatlary geçirildi. Şeýle hem Mejlisiň wekilleri iri halkara düzümler bilen bilelikde guralan çärelere gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk hukuk binýadyny döretmekde deputatlaryň işiniň ähmiýetini belledi.Milli Liderimiz mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik gymmatlyklaryny hem-de kanunçykaryjylyk babatda halkara tejribäni nazara almak bilen, döwletiň hukuk we ykdysady esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edýän täze Kanunlary işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisinde Mejlis tarapyndan kabul edilen täze Kanunlara hem-de hereket edýän käbir resminamalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky resminamalara garaldy hem-de makullanyldy.

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hem-de Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, olardan gelip çykýan wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça teklipler öwrenilýär.

Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisde kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredilen iş toparynyň mejlislerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda milli kanunçylygyň esaslary boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak barada meýilnama esasynda guralan okuwlara gatnaşdylar.

Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýerlerde döwletimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, milli kanunçylygy, raýatlaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmek, milli däp-dessurlary, sagdyn durmuş ýörelgelerini, tebigaty goramak barada wagyz-nesihat etmek çärelerini geçirdiler.

Hormatly Prezidentimiz türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik ýörelgeleri berkarar etmek boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň örän wajypdygyny belledi.Milli Liderimiz Garaşsyz Türkmenistanyň düýpli özgertmeler ýoluna düşüp, Kanunyň hökmürowanlygyny, jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde yglan edendigini nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň alty aýynda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijelerini jemledi.Hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, nesip bolsa, sentýabrda möhüm waka — berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden belleniler. Şunuň bilen baglylykda, bu şanly senä bagyşlanan esasy mejlis 25-nji sentýabrda geçirilse, 26-njy sentýabrda bolsa zähmetde gazanan üstünlikleri üçin sylaglara mynasyp bolan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçirilse, 27-nji sentýabrda hem ata Watanymyzyň baş baýramyny — Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly ýubileýini uly dabaralara besläp belläp geçsek, maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Koronawirus pandemiýasynyň ýurdumyzyň içerki ykdysady işjeňligine ýetirýän ýaramaz täsiri dowam edýär.Muňa garamazdan, statistik maglumatlar dünýä ykdysadyýetindäki meseleler bilen bagly Hökümetiň netijeli çäreleri görýändigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdür

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary