Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatynda çykyş eder

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatynda çykyş eder

Şu gün, 5-nji martda Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ligasyna badalga berlip, ol 6-njy martda tamamlanar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, şu möwsümde ýerli çempionatda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Rahat Japarow hem çykyş eder.Türkmenistanly derwezeçi şu ýylyň ýanwar aýynda Abdyş-Ata toparynyň düzümine goşuldy.

Abdyş-Ata topary birinji tapgyryň çäginde Kara-Balta topary bilen duşuşar.Bu duşuşyk 5-nji martda Kant şäherinde geçiriler.Abdyş-Ata topary ikinji tapgyrda öz meýdanynda Bişkek şäheriniň Alga topary bilen güýç synanyşar.

Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatynyň şu möwsümi toparlaryň 10-synyň (Neftçi, Abdyş-Ata, Alaý, Kanagat, Alga, Dordoý, Ilbirs, Kara-Balta, şeýle-de çempionatyň iki sany täze wekili — Talant DÝUSŞ IBS we Nur-Batken) gatnaşmagynda geçiriler.

Belläp geçsek, ýurduň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde Bişkek şäheriniň Dordoý toparynyň ýeňiji bolmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Süleýman Muhadow "Alaý" topary bilen şertnama baglaşdy
Türkmenistanly hüjümçi Gyrgyzystanyň çempionatynda bir duşuşygyň iň gowy futbolçysy saýlanyldy
Süleýman Muhadow Alaýyň düzüminde ilkinji resmi duşuşygyna çykdy
Ahalyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklaryna gyrgyz janköýerleri hem üns berer
Gyrgyzystanyň futbol çempionatynda 10 topar ýaryşar
“Ahal” Futbol Kluby AFK-nyň kubogynyň jemleýji tapgyryna geçdi
Rahat Japarowyň topary wagtyndan öň Gyrgyzystanyň çempiony boldy