Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder

Futbol boýunça 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek 19-njy Aziýa Kubogynyň 3-nji saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi.Bijä laýyklykda, 24 ýygyndy 4 toparly 6 toparça paýlandy.Türkmenistanyň milli ýygyndysy-da 2-nji torbadan bijä goşulyp, ildeşlerimiz “D” toparça düşdi.

Türkmen futbolçylary bu toparçada Tailandyň, Hytaý Taýpeýiniň hem-de Şri Lankanyň ýygyndylary bilen duşuşar.Her ýygyndy biri-biri bilen öz meýdançasynda hem-de myhmançylykda 2 gezek duşuşyk geçirer. 6 oýundan soň toparçalarda 1-nji orny eýelänler ýaryşyň final tapgyryna gatnaşarlar.

Duşuşyklar 2025-nji ýylyň 25-nji martyndan 2026-njy ýylyň 31-nji martyna çenli aralykda oýnalar. Ýagny 2025-nji ýylyň 25-nji martynda, 10-njy iýunynda, 9-njy we 14-nji oktýabrynda, 18-nji noýabrynda hem-de 2026-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriler. 19-njy Aziýa Kubogy 2027-nji ýylyň 15-nji ýanwary 8-nji fewraly aralygynda Saud Arabystanynda guralar.

Duşuşyklar 4 şäherde paýtagt Er-Riýaddaky 4, Jiddedäki 2, Al-Hubardaky 2 hem-de Dammamdaky 1, jemi 8 stadionda oýnalar. Çempionata gatnaşjak 24 ýygyndynyň 18-si belli bolup, olar -2-nji saýlama tapgyryndan soň bu hukuga eýe bolupdylar.

Olar ýer eýesi Saud Arabystanynyň, Awstraliýanyň, Yragyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Kataryň, BAE-niň, Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň, Omanyň, Palestinanyň, Bahreýniň, Iordaniýanyň, Hytaýyň, Indoneziýanyň, Demirgazyk Koreýanyň, Kuweýtiň hem-de Gyrgyzystanyň milli ýygyndylarydyr.

Ady agzalan bu 18 ýygyndy häzirki wagtda Dünýä Kubogy 2026-nyň Aziýa sebiti boýunça 3-nji saýlama tapgyrynda hem çykyş edýärler.AFK Aziýa Kubogy 2027-niň 3-nji saýlama tapgyrynyň toparçalary: “A”: Täjigistan, Filippinler, Maldiwler, Gündogar Timor “B”: Liwan, Ýemen, Butan, Bruneý “C”: Hindistan, Gonkong, Singapur, Bangladeş “D”: Tailand, TÜRKMENISTAN, Hytaý Taýpeýi, Şri Lanka “E”: Siriýa, Owganystan, Mýanma, Pakistan “F”: Wýetnam, Malaýziýa, Nepal, Laos /* custom css */ .td_uid_15_6756de17bfabe_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6756de17bfabe_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy
Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň ýetginjekler futbol ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine bäşinji torbadan gatnaşar
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy yklym çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine dördünji torbadan gatnaşar
Aziýa oýunlary barada gysgaça…
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy