Türkmenistanyň Milli Lideri Kurtulmuşy Kabul Etdi

Türkmenistanyň Milli Lideri Kurtulmuşy Kabul Etdi

Duşuşykda Türkiýe bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklary hem-de parlamentara gatnaşyklary hakynda pikir alyşyldy. Şeýle hem Gazanyň başda durmagynda Palestinadaky pajygaly hüjümleri bilen Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleri, aktual meseleler seljerildi.

Kurtulmuş duşuşykda türkmeniň milli buýsanjy, danalygy we pähim-paýhasy bilen bütin türki dünýä şöhle saçýan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelendigini beýan etdi.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň taryhy we medeni köklere eýe doganlyk ýurtlardygyny beýan eden Numan Kurtulmuş, gadymy doganlyk gatnaşyklarynyň iki taraply sarpa goýmagyň, düşünişmegiň we bähbitliligiň esasynda ösýändigini aýtdy.

TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş Türkmenistanyň Milli Lideri we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň hormatyna akylly şäher Arkadag şäherinde beren naharyna hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

TBMM-nyň başlygy Kot-d'Iwuarly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan "Palestinanyň Geljegi" atly maslahatda çykyş etdi
Arap Bileleşigi: "Ysraýyl Gazanyň demirgazygynda genosidi we deportasiýa etmegi maksat edinýär"
Prezident Erdogan, Albaniýada we Serbiýada Saparda Bolar