Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady.Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap hem-de şäher Halk Maslahatlarynyň agzalary gatnaşýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň işi iki bölekden ybarat bolup, onuň irden başlan birinji böleginde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi.Mejlisiň dowamynda Hökümetiň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemi jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi hem-de olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi, şeýle hem şu ýyl ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz jemi içerki önümiň ösüşini azyndan 6 göterime ýetirmek hem-de döwletimiziň girdejilerini artdyryp, bazar ykdysadyýetini ösdürmek boýunça degişli işleri amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2027-nji ýyla çenli döwür üçin täze Milli Maksatnamany hem taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Bu Maksatnamany amala aşyrmak üçin mümkinçilige görä, has köp maýa goýumlary goýulmalydyr.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamany tassyklamak baradaky resminama gol çekdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda 2021-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemländigini belledi. Şonuň esasynda ýeňijiniň kesgitlenendigi habar berlip, ol yglan edildi.Döwlet Baştutanymyz bäsleşikde ýeňiji bolan Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky buýruga gol çekdi.

Häzir mejlisiň işinde arakesme yglan edildi.Arakesme wagtynda toý sadakasy berilýär.Sadaka tamamlanandan soň, Halk Maslahatynyň mejlisi dowam eder. Şonuň barşynda 2022 2052-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Bu Maksatnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň milli ösüşiniň senenamasynda taryhy waka öwrüler.

Ýene degişli makalalar

Gökdepede Gurbanguly Berdimuhamedowyň Käbä zyýaratyna bagyşlanyp sadaka berildi
Sadakalar üçin çadyrlaryň kireýiniň bahasy Aşgabatda gymmatlady
Balkanda ýene bir hassahana diňe koronawirus näsaglaryny kabul edip başlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Marylylar S.Berdimuhamedowyň amala aşmadyk saparyna berk taýýarlyk gördi
Türkmenistanyň Prezidenti atasynyň belli güni mynasybetli sadaka berdi