Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi

Şu gün Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, bu forum biziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi.

Mejlisiň gün tertibine 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, geljekki 30 ýyl üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek, şeýle hem mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň beýleki möhüm soraglaryna garamak meseleleri girizildi.

Halk Maslahatynyň mejlisine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Ýygnananlaryň hatarynda Halk Maslahatynyň agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar bar.

Sanly ulgam arkaly mejlise Ahal welaýatynda “Türkmeniň ak öýi” binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň Ruhyýet köşklerinde ýygnanan ähli welaýatlaryň wekilleri hem goşuldylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden halk häkimiýetliliginiň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeler hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly parlamentiniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr, onuň düzümine Halk Maslahaty we Mejlis girýär, parlament ulgamynda geçirilen bu özgertme ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň taryhynda täze eýýamy açdy. 2021-nji ýylyň mart aýynda geçirilen Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen demokratik gymmatlyklara üýtgewsiz ygrarlydygynyň subutnamasydyr.

...Ir bilen milli Liderimiz paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüne geldi. Bu ýerde ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ör tutup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda ösüşiň we abadançylygyň täze belentligine tarap ynamly barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýen şygar astynda üstünlikli geçen 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, geljekki 30 ýyl üçin iň möhüm wezipeleriň kesgitleniljekdigini, şeýle hem mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek boýunça döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaljakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümet agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň gatnaşýandygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, oňa ýygnananlaryň ählisi hem uly ruhubelentlik bilen goşulýarlar.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini, onuň dowamynda Hökümetiň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleriniň jemleniljekdigini, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýat häkimleriniň hasabatlarynyň diňleniljekdigini hem-de olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha beriljekdigini, şeýle hem şu ýyl ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegowa söz berdi. Ol ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan 2021-nji ýylda meýilnamalaýyn görkezijileriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň parasatly we oýlanyşykly strategiýasy ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki ulgamlarynyň ösüşiniň ýokary derejesini üpjün etdi. Durmuşa geçirilýän çäreleriň netijesinde ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanyldy.

Ýylyň netijeleri boýunça 83,773 million kub metr tebigy gaz çykaryldy, onuň eksporty, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 34,8 göterim, elektrik energiýasynyň önümçiligi 11,6 göterim, onuň eksporty bolsa 36,4 göterim köpeldi. Şu döwürde benziniň öndürilişi 0,5 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 7,8 göterim, sementiň öndürilişi 4,5 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 6,3 göterim, gaýtadan işlenen hem-de gaplanan balyk we balyk önümleriniň öndürilişi 2,1 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 9,8 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 7,3 göterim, unaş önümleriniň öndürilişi 4,1 göterim, nah ýüplükleriň öndürilişi 24,8 göterim, nah matalaryň öndürilişi 6,4 göterim artdy.

2021-nji ýylyň netijeleri boýunça ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýerine ýetirilen ýük dolanyşygy 50 335,7 million tonna-kilometre, ýolagçy dolanyşygy bolsa 28 236,9 million ýolagçy-kilometre deň boldy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata edilýän hyzmatlar üçin girdejileriň möçberi 10,4 göterim ýokarlandy.

Oba hojalygynda-da oňyn ýagdaýlar hasaba alyndy. Geçen ýyl öndürilen gök önümler, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 5 göterim, miwe we ir-iýmişleriň öndürilişi 2,6 göterim, ýeralmanyň öndürilişi 9,2 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 0,9 göterim, süýdüň öndürilişi 0,9 göterim artdy.

Hasabat döwründe ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamlarynda hem ösüşler gazanyldy. Şunda unaş önümleriniň öndürilişi 12,9 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 9,1 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 8 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 6,7 göterim, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalaryň öndürilişi 33,2 göterim, gök önümleriň öndürilişi 5,2 göterim, miwe we ir-iýmişleriň öndürilişi 7,5 göterim, ýumurtganyň öndürilişi 1,2 göterim köpeldi.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly synaglaýyn ilat ýazuwynyň geçirilendigi barada hem hasabat berdi. Häzirki wagtda bu çäräni üstünlikli geçirmek boýunça zerur guramaçylyk we taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow 2021-nji ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 104,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim berjaý edildi.

Ýerli býujetiň girdeji bölegi 102,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe balans toparlarynyň 177, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 142 sany mejlisi geçirildi.

Geçen ýyl döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 95-si hususylaşdyryldy.

2021-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 31,7 milliard manat möçberde maýa goýumlar özleşdirildi ýa-da bu görkeziji jemi içerki önümiň 18,1 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 46,3 göterimi önümçilik, 53,7 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.

Ministr Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, 2021-nji ýylda 2 424,4 million manadyň özleşdirilendigini habar berdi.Geçen ýyl bu maksatnamanyň çäklerinde 1 hassahana, 1 saglyk öýi, 7 sany orta mekdep, 1 dik guýy, 293,3 kilometr inženerçilik ulgamlary, 529,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary, 597,6 kilometr aragatnaşyk ulgamlary guruldy. 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, 101 sany durmuş we medeni maksatly binalaryň, 35 sany suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, şeýle hem 2366,9 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň, 104,1 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Merkezi bankyň başlygy G.Müşşikow 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň banklary tarapyndan berlen karzlaryň galyndysynyň umumy möçberi 2021-nji ýylyň başyndaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, 7,3 göterim, döwlete degişli bolmadyk ulgama berlen karzlaryň galyndysy 32,1 göterim, ýeňillikli bank karzlarynyň galyndysy 4,6 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň galyndysy 82 göterim, uzak möhletleýin ýeňillikli karz serişdeleriniň galyndysynyň möçberi 8,2 göterim artdy.

Kiçi we orta telekeçiligiň maliýeleşdirilen taslamalarynyň möçberi 1874-e barabar boldy, döredilen iş ýerleriniň sany bolsa 16 610-a deň boldy ýa-da 1,7 göterim köpeldi.

Hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň döwlet we hususy ulgamyny ösdürmek üçin ABŞ-nyň 300 million dollaryna golaý möçberde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada karz ylalaşyklary baglaşyldy.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, şol sanda hususy ýaşaýyş jaýlaryny edinmek we öý hojalyk harytlaryny satyn almak üçin ýaş maşgalalara ýeňillikli karz serişdelerini bermek boýunça işler dowam edýär.

Edaralardan, kärhanalardan we raýatlardan çekilen maliýe serişdeleriniň möçberi 52,1 milliard manada barabar boldy.

2021-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň karz edaralarynyň gazanan peýdasy, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim köpeldi. Banklaryň jebislendirilen aktiwleriniň möçberi 138,8 milliard manada deň boldy.

2021-nji ýylda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 31 göterim ýokary boldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň netijeleri, şeýle hem 2022-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär, munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanylmagyna ýardam berýär.

Muňa geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri aýdyň şaýatlyk edýär, hususan-da, jemi içerki önümiň ösüşi durnukly häsiýete eýe boldy, bu babatdaky görkeziji, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6,2 göterim ýokarlandy.

Senagat toplumynda bu görkeziji 9,2 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 4,3 göterim, söwdada 8,8 göterim, oba hojalygynda 3,8 göterim, hyzmatlar ulgamynda 5,8 göterim boldy.

2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,7 göterim köpeldi, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek söwdanyň möçberi 16,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 20,5 göterim artdy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim ýokarlandy, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 276 desganyň 42-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 167-sinde bolsa gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany şygary bilen geçen we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli üstünliklere beslenen ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda gurluşygy tamamlanylmagy hem-de ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda, ýokary hilli tamamlanylmagy bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanyldy hem-de ýurdumyz boýunça 2021-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 73-si ulanmaga berildi.

Hasabatyň çäklerinde degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygy barada hem hasabat berildi.

Bu maksatnamada Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we sebitlerini kadaly we toplumlaýyn ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak hem-de durmuş ugurly syýasaty durmuşa geçirmek bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem resminamada şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, çäreler, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri anyk kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa hem-de ähli ýolbaşçylara ýüzlenip, pudaklary depginli ösdürmegiň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň we ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi.

Şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginini azyndan 6 göterime ýetirmegiň hem-de döwletimiziň girdejilerini artdyryp, bazar ykdysadyýetini ösdürmek boýunça degişli işleri amala aşyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň aýratyn gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtady hem-de içerki bazary ösdürmegi we ýurdumyzyň eksporta bagly bolmagyny azaltmagy dowam etmek barada görkezme berdi.

Şu ýyl biz ençeme ileri tutulýan ugurlara köp möçberde maýa goýumlary gönükdirmelidiris, esasy pudaklarymyzy tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga milliardlarça manat bolan serişdeleri maýa goýmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu ugurlar ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek we kompýuter tehnikalary, gurluşyk senagaty, deňiz we demir ýol ulaglary, oba hojalygy we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdyr. Şunuň bilen bir hatarda, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerine goýulýan maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, şeýle hem ykdysadyýeti dolandyrmagyň gurluşyny, täze, ýaş ýolbaşçy işgärleri taýýarlamagy dowam etmegiň zerurdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kiçi we orta kärhanalaryň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin olara döwlet tarapyndan goldaw bermegiň dowam etdiriljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, işewürligi alyp barmak üçin, amatly şertleri döretmek arkaly, hususy telekeçiligiň ösüşini çaltlandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.

Bank ulgamynyň esasy wezipeleri, ozalkysy ýaly, puluň hümmetsizlenmegini çaklanylýandan ýokary bolmadyk derejede saklap galmakdan, pul toplumyny düzgünleşdirmek we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini pul serişdeleriniň zerur bolan möçberi bilen üpjün etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň pul-karz ulgamyny gyşarnyksyz ösdürmelidigini, maliýe serişdelerini dolandyrmagy gowulandyrmalydygyny, milli pulumyzyň çalşylýan hümmetiniň durnukly bolmagyny gazanmalydygyny, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirilýän karz serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny we berlen bank karzlarynyň wagtynda üzülmegini üpjün etmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2027-nji ýyla çenli döwür üçin täze Milli maksatnamasyny hem taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu maksatnamany amala aşyrmak üçin mümkinçilige görä, has köp maýa goýumlary goýulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz, mälim bolşy ýaly, sebitleri ösdürmegiň strategiýasy islendik döwleti durnukly ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýar diýip, sözüni dowam etdi. Bu mesele çäkleriň tebigy-serişde mümkinçiligi we olary gaýtadan öndürmek, demografiýa hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuşynyň derejesi we hili ýaly örän möhüm soraglary öz içine alýar.

Işçi güýjüni netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň soraglaryny çözmek, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmagy üçin şertleri döretmek boýunça çäreler döwlet syýasatynda uly orun eýelemelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Soňra milli Liderimiz ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekdi.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow bu möhüm resminamanyň kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu maksatnamada kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşy, şeýle hem nebiti gaýtadan işlemegiň tehniki-ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe benzin öndürmek boýunça meýilnama 105 göterim, bitum öndürmek boýunça 142,3 göterim, polipropilen öndürmek boýunça 105,9 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylda tebigy we ugurdaş gaz çykarmagyň meýilnamasy 120,1 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmek boýunça meýilnama 129,8 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 109 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem dizel ýangyjynyň we suwuklandyrylan gazyň öndürilen möçberleri barada hasabat berildi.

Wise-premýer 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Garaşsyzlyk ýyllary içinde tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijiniň gazanylandygy, ýagny 83 milliard 772,9 million kub metr tebigy gazyň çykarylandygy barada hasabat berdi.

Şeýle hem geçen ýylda sadap hem-de alýumin çaýylan polipropilen örtüginiň, Jet A-1 kysymly uçar kerosininiň, “Turkmenoil Advance 5W-40” görnüşli ýarym sintetiki çalgy ýagynyň, gämi ýangyjynyň, alkilat benzinleriniň ýokary oktanly komponentiniň, Euro-6 standartlaryň kadalaryna laýyk gelýän A-98 görnüşli benziniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biriniň nebitgaz pudagyny ösdürmekden we ony döwrebap ýagdaýa getirmekden ybaratdygyny belledi.

Şeýle hem uglewodorodlary gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleri döretmekden, onuň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden, şeýle-de energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli turbageçiriji ulgamyny emele getirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilmelidir, täze känleri gözlemek, özleşdirmek we önümleri çykarmak, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça taslamalary ýerine ýetirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlary köp çekilmelidir.

Milli Liderimiz nebitiň, tebigy gazyň we gaz kondensatynyň gorlaryny artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, täze känleri gözlemek maksady bilen, Barsagelmez, Goturdepe, Demirgazyk Goturdepe, Nebitdag, Altyguýy, Uzynada, Günorta Uzynada, Keýmir, Akpatlawuk känleriniň işjeň ösdürilmelidigini, Galkynyş gaz käninde alnyp barylýan işleriň hem dowam etdirilmelidigini nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nebitiň düýpli gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak hem-de ýokary goşulan bahasy bolan täze önümleri öndürmek boýunça-da zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmak, türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak hem-de onuň täze ugurlarynyň hasabyna energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hem netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça strategik taýdan möhüm taslama işjeň amala aşyrylmalydyr, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça işler hem dowam etdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynda, Türkmenhimiýa döwlet konserninde 2021-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Şu döwürde gurluşyk-senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 136,5 göterim ýerine ýetirildi.

Hususan-da, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 113,6 göterim berjaý edildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 130,9 göterim amal edildi.

Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 133,9 göterim ýerine ýetirildi.

Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 111,5 göterime, ony eksport etmegiň ösüş depgini 136,4 göterime deň boldy.

Türkmenhimiýa döwlet konserni tarapyndan önümleri öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 143,9 göterim berjaý edildi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenen 2021-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça iri desgalaryň 73-si ulanmaga berildi.Olaryň hatarynda ýurdumyzyň häzirki wagtda döredilýän halkalaýyn energoulgamynyň Ahal — Balkan bölegi, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawata deň bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy bar.

Ak mermerli Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna gabatlanylyp, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumy açyldy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanandygyny aýtdy, oňa laýyklykda, uly möçberli maýa goýum serişdeleri senagat hem-de önümçilik däl maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw we gaz elektrik geçirijileriniň hem-de aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.

Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny tassyklamak hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Milli Liderimiz wise-premýer Ç.Purçekowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, häkimlere we ähli ýolbaşçylara ýüzlenip, şu ýyla meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň bu maksatnamasynyň çäklerinde köp işleri amala aşyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40 milliard manada golaý bolar. Zawodlary we fabrikleri, hassahanalary, saglyk öýlerini we merkezlerini, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, mekdepleri, medeniýet öýlerini, dolandyryş merkezini, täze şäherçeleri we ýaşaýyş toplumlaryny gurmak hem-de olaryň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy hem örän möhüm desgalaryň hatarynda görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazygynda gurulmagy meýilleşdirilýän Aşgabat-siti ýaşaýyş toplumyny dünýä derejeli tehnologiýalary hasaba almak bilen gurmagyň taslamasyny düzmek işlerini dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Ýurdumyzda sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy hem işjeň alnyp barylmalydyr. Şeýle hem gurluşyk serişdelerini, şol sanda sement, demir önümlerini, inert we timarlaýyş serişdelerini öndürýän kuwwatly pudagy döretmek boýunça zerur işler geçirilmelidir.

Ýurdumyzy ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan, gurluşykda döwlet çykdajy-ölçeg binýadyny taýýarlamak we nyrh emele getiriş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek çaltlandyrylmalydyr.

Biz energetika toplumynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda hem öňde uly wezipeler durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak we elektrik energetikasyny ösdürmek, täze elektrik stansiýalaryny gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek, şeýle hem ýurdumyzy elektrikleşdirmek işini tamamlamak hem-de goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak meselelerini ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Öňde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň halkara taslamasyny tamamlamak boýunça hem uly işler durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, himiýa senagatyny ösdürmek hem üns merkezinde saklanylar. Şunuň bilen baglylykda, himiýa we gazhimiýa senagatyny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge köp möçberde daşary ýurt maýa goýumlarynyň gönükdirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy. Durkuny täzelemek we döwrebap ýagdaýa getirmek arkaly Türkmenhimiýa döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň önümçilik kuwwaty hem artdyrylmalydyr.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy agrotehniki möhletlere laýyklykda zerur bolan mineral dökünler bilen üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz oba hojalyk pudagy üçin daşary ýurtlardan getirilýän mineral dökünleriň önümçiligini özümizde ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow bu möhüm resminama gol çekendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, özüniň hem-de gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň öňlerinde goýlan wajyp wezipeleri ýerine ýetirmek üçin güýç-gaýratlaryny aýamajakdyklaryna ynandyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew 2021-nji ýylda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe toplum tarapyndan hyzmatlar we önüm öndürmek boýunça meýilnama 107,4 göterim, maýa goýumlar boýunça 104,8 göterim berjaý edildi.

Ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýükleri daşamak boýunça meýilnama 112,8 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 107,1 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmendemirýollary agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 119,2 göterime deň boldy. Demir ýol ulagynda daşary ýurtlara ugradylan ýükler 138,7 göterim, ýurdumyza getirilen ýükler 126,1 göterim we ýurdumyzdan üstaşyr geçirilen ýükler 166,2 göterim artdy.

Türkmenawtoulaglary agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 142,3 göterime deň boldy. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyza gelen daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň möçberi 207,6 göterime, türkmen awtoulag serişdeleriniň daşary ýurtlara çykarylan möçberiniň ösüş depgini 163,5 göterime barabar boldy.

Türkmenhowaýollary agentligi boýunça degişli işler ýerine ýetirildi.

Türkmendeňizderýaýollary agentligi boýunça hasabat döwründe ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça 103,4 göterim ösüş depgini, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üsti bilen daşary ýurtlara ýükleri ugratmak boýunça 110,4 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenaragatnaşyk agentligi boýunça 2021-nji ýylda aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 110,4 göterime deň boldy.

Agentligiň Baş direktory hasabatynyň dowamynda geçen ýylda Owganystanyň çäginde Akina — Andhoý demir ýol beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýoluň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy aragatnaşygyň optiki-süýümli halkara ulgamynyň ulanylmaga berlendigini, Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň gurlandygyny, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulandygyny, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berlendigini habar berdi.

Hasabat döwründe täze Boeing 777-200LR kysymly ýolagçy howa gämisi, Ansat we MI-17-1W kysymly lukmançylyk dikuçarlary, Rahat atly täze ýokary tizlikli ýolagçy gämisi, Hyundai kysymly şäheriçi awtobuslary, Toyota Corolla kysymly ýeňil taksi awtoulaglary, bir sany ýük magistral we bir sany ýolagçy teplowozy satyn alyndy.

Türkmentel — 2021 atly halkara ylmy maslahatynyň, halkara çäreleriň we duşuşyklaryň geçirilendigi barada habar berildi. Şolaryň dowamynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ulag ulgamy boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agentligiň direktoryna we onuň garamagyndaky düzümleriň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, biziň ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işiň başyny başlandygymyzy hem-de pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly soraglaryň amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz häzirki döwürde sanly tehnologiýalar bütin dünýäde uly orny eýeleýär we döwleti dolandyrmagy gowulandyrmaga ýardam berip, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga şert döredýär diýip belledi hem-de täze tehnologiýalaryň ykdysadyýetiň adaty pudaklaryny özgerdýändigini, işewürligi amatly ýagdaýda alyp barmaga hem-de ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam edýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kärhanalary sanly ulgama goşmagyň, Bitewi penjire elektron görnüşinde ilata dürli döwlet hyzmatlarynyň edilmegini çaltlandyrmagyň, şeýle hem sanly ulgam üçin ýaş, zehinli hünärmenleri okatmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça Türkmentel — 2022 halkara sergisini hem-de maslahaty ýokary derejede guramaly.

Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň demir we awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek işlerini dowam etmek, maýa goýumlary tapyp, howa menzilleriniň gurluşygyny alyp barmak, aragatnaşyk serişdelerini ösdürmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz raýat howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze howa menziliniň gurluşygyna başlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ähli agzalan desgalar boýunça zerur bolan işgärleri taýýarlamaly hem-de halkara güwänamalary almaly, Halkara deňiz portumyzyň doly güýjünde ulanylmagyny gazanmaly, ulag-logistik merkezleri döretmegiň üstünde işlemeli diýip, sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz Aşgabat ylalaşygy, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça işler amala aşyrylanda döwrebap ýagdaýa getirilen ulag ýollarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmagyň hem zerur bolup durýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, beýleki döwletleriň we ýurdumyzyň harytlaryny halkara bazarlara eksport etmek, şeýle hem daşary ýurt harytlaryny örän gysga we amatly möhletlerde ýurdumyza getirmek üçin ulag ýollaryny netijeli peýdalanmaly.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda döredilen häzirki zaman ulag, aragatnaşyk we logistika pudaklarynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwletimiziň ykdysady we eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda we dokma senagaty toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şonuň ýaly-da, telekeçilik ulgamynyň 2021-nji ýyldaky işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 118,8 göterime, öndürilen önümleriň möçberi 111,6 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň ösüş depgini 125 göterime deň boldy. Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda ýokary tehnologiýaly dokma toplumlary açylyp, işe girizildi. Olar pudagyň öňünde eksporta niýetlenen önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça wezipelere laýyk gelýär.

Şeýle hem pudagyň hereket edýän kärhanalaryny döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak, olaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça işler amala aşyryldy we netijede, dokma önümleriniň eksportynyň ösüş depgini 138,4 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, geçen ýyl Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda täze haly önümçilik kärhanalary gurlup, işe girizildi. Netijede, birleşigiň kärhanalary tarapyndan 28351 inedördül metr haly we haly önümleri dokalyp, bu baradaky meýilnama 110,7 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe birža söwdalarynyň 300-si geçirilip, olara 159 sany daşary ýurt kompaniýalary gatnaşdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2021-nji ýylda 9 sany sergi we 49 maslahat guraldy. Şol sanda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçirilen halkara sergi, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli bölümi gurnaldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň ençemesi, şol sanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi, paýtagtymyzdaky “Aşgabat” söwda we dynç alyş merkezi, şonuň ýaly-da ýyladyşhanalar hem-de senagat ugurly desgalar gurlup, ulanmaga berildi.

Netijede, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 2021-nji ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 115,7 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 117,8 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere hem-de onuň gözegçilik edýän edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, azyk harytlarynyň ýurdumyzda öndürilýän möçberlerini artdyrmagy dowam etmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz içerki bazary azyk harytlary we ilkinji nobatda zerur bolan harytlar bilen bolelin üpjün etmek, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, ähli ýerde elektron söwdany we harytlary eltip bermegi ýola goýmak, şonuň ýaly-da bazarlarda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri alyp barmak babatynda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň dokma we haly pudaklaryna köp möçberde maýa goýumlaryň goýulýandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň önümçiliginiň netijeli hem-de girdejili bolmagyny ýokarlandyrmalydygyny belledi.

Önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ýerlemegiň täze bazarlaryny we görnüşlerini gözlemek boýunça ähli zerur çäreler görülmelidir.

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çäreler dowam etdirilmelidir, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz hususy taraplara täze bazarlary we ýerlemegiň görnüşlerini gözlemekde goldaw berip, ýurdumyzda öndürilen önümleriň alyjylar bazarynda ýerlenýän möçberleriniň artdyrylmalydygyny aýtdy.

Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, söwda we telekeçilik ugurlaryna degişli pudaklarda sanly ulgamy toplumlaýyn ornaşdyrmak dowam etdirilmelidir.

Şunuň bilen birlikde, innowasion başlangyçlary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň, şol sanda elektron işewürligi, harytlary sanly ulgam arkaly eltip bermek boýunça hyzmatlary giňeltmegiň hasabyna işewürlik hem-de jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp, köpdürlüligini gazanmak boýunça tabşyryklar berildi.

Ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, sebitlerde we Aşgabat şäherinde ýerleşen bazarlary, söwda merkezlerini we dükanlary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, meýilnamalaýyn tertipde döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen el halyçylyk sungatyny ösdürmek, milli el halylarymyzyň bütin dünýädäki meşhurlygyny artdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň dowamynda dabaralar we çäreler, maslahatlar, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, brifingler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwaly, “Aşgabadyň waspy kino sungatynda” atly kinofilmleriň hepdeligi geçirildi. Şeýle hem bu birleşik tarapyndan doly we gysga göwrümli çeper, çeper-publisistik, hronikal-dokumental filmleri hem-de multfilmi surata düşürmek işleri tamamlandy.

Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda Türkmeniň ak öýi binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Iýun aýynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi hem-de onuň çäklerinde “Gül — Bilbil” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli mazmunly medeni çäreler guraldy.

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sergiler we medeni çäreler geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy, şeýle hem bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi we çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi guramaçylykly geçirildi. Geçen ýylyň ahyrynda estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi hem ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberiniň täze toplumynyň açylyş dabarasy boldy, bu ýerde geçen ýylyň 27-nji sentýabrynda baýramçylyk dabaralary guraldy.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” we “Garaşsyzlyk — bagtymyz” kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” goşgusyna bagyşlanyp “Arkadagyň parahatlyk ýörelgesi — dünýä nusgalyk görelde” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Geçen ýyl teleradioýaýlymlarda döwletimizde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler giňden beýan edildi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna, milli däp-dessurlara bagyşlanan gepleşikler taýýarlanyldy.

Döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde “Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy” bölümleri döredildi. Toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky Düzgünnamada göz öňünde tutulan çäreleri kadalaşdyrmak boýunça hem degişli işler alnyp baryldy.

Möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ilatyň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri dowam etdirildi.

Sanly ulgam arkaly dürli duşuşyklar, maslahatlar guraldy, halkara hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Medeniýet ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara bäsleşiklere onlaýn görnüşinde gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Halkara onlaýn çäreleriň hatarynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny, “Dünýä dursun parahat!” atly türkmen aýdymyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşiň tanyşdyrylyş dabarasyny, Türkmenistanyň we türki dilli döwletleriň halk saz gurallary orkestrleriniň konsertini görkezmek bolar.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň bu abraýly halkara gurama bilen hyzmatdaşlygynyň oňyn netijesi boldy.

Taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologiýa gazuw-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde ýüze çykarylan gymmatly tapyndylar ylmy seljermeler we degişli rejeleýiş işleri geçirilenden soň, ýurdumyzyň degişli döwlet muzeýlerine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Gazet-žurnallary elektron görnüşinde ilata ýetirmek, şeýle hem olaryň käbirini birleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi.

Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşigi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, şeýle hem ozal baglaşylan resminamalara laýyklykda, sanly ulgam arkaly mediaforumlar we beýleki çäreler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere hem-de ulgamyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Halkyň Arkadagly zamanasy şygary bilen geçýän we Konstitusiýamyzyň 30 ýyllyk ýubileýi bellenilýän şu ýylda köp ugurlar, şol sanda ykdysadyýet, syýasat we taryh boýunça işlemek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz telewideniýäniň programmalaryny, teatrlaryň repertuaryny giňeltmek we täzelemek, muzeýleriň ekspozisiýalaryny artdyrmak hem-de dürli çeperçilik sergilerini guramak boýunça köp işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz baýramçylyklara bagyşlanan, täsirli çykyşlarynyň we gepleşikleriň taýýarlanylmalydygyny, teatrlarda täze sahna eserleriniň, pýesalaryň goýulmalydygyny we aýdym-saz çykyşlaryň guralmalydygyny aýtdy. Şeýle hem Watanymyzy hem-de merdana halkymyzy wasp edýän döredijilik duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary, sergileri, bäsleşikleri, teatrlaşdyrylan sahnalardyr aýdym-sazly baýramçylyklary köp guramak gerek.

Teleradioýaýlymlarda goýberilýän habarlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly üns berilmelidir. Bu habarlar jemgyýetimizde bolup geçýän oňyn özgertmeleri beýan etmelidir. Ýylyň şygaryna laýyklykda, geçen 30 ýylda ata Watanymyzyň gazanan uly üstünliklerini we belent sepgitlerini giňden ýaýmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýakynda bolup geçen şanly wakany — halkymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini ýatlatdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň biziň üçin uly abraýdygyny, halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän milli mirasynyň, medeni gymmatlyklarynyň halkara derejede ykrar edilmegini aňladýandygyny nygtap, ýygnananlary hem-de olaryň üsti bilen mähriban halkymyzy bu şatlykly waka bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz bu gürrüňi dowam edip, milli medeni mirasymyzy ÝUNESKO-nyň maddy we maddy däl mirasynyň ajaýyp nusgalarynyň sanawyna goşmak üçin degişli resminamalary taýýarlamagyň üstünde işlemegi dowam etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, bu ugurda degişli edaralar bilen zerur işler alnyp barylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Döwlet habarlar agentligi bilen dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça işleriň dowam etdirilmelidigini belledi.

Biziň ýurdumyz bilen sebitiň hem-de dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmek, gazanan üstünliklerimizi wagyz etmek, zehinli sungat işgärlerini ýüze çykarmak hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanatmak boýunça zerur işleri geçirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň beýleki döwletlerde, beýleki döwletleriň bolsa ýurdumyzda Medeniýet günlerini ýygy-ýygydan geçirmek barada görkezme berdi.

Ýurdumyzda dürli halkara medeni çäreleri guramaly hem-de degişli wekillerimizi, döredijilik toparlarymyzy, artistlerimizi halkara medeni çärelere gatnaşmak üçin daşary ýurtlara ibermeli diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda tabşyryk berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Medeniýet ministrligi bilen daşary ýurtlaryň iri merkezleriniň we uniwersitetleriniň arasynda gol çekilen Ylalaşyklara laýyklykda, ýurdumyzda ýerleşen taryhy hem-de medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş we barlag işlerini geçirmek dowam etdirilmelidir.

Biziň bütin dünýäde parahatçylygy we ýurdumyzyň Bitaraplygyny berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarymyzy, şeýle hem içeri we daşary syýasatymyzyň möhüm wakalaryny giňden wagyz edip, olaryň netijeli amala aşyrylmagyna ýardam bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem şahsy arassaçylygyň soraglaryny, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak babatda görülýän çäreleri ilata ýetirmek üçin giňden düşündiriş işlerini alyp barmak barada hem aýratyn görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda geçen ýyl ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly işler amala aşyryldy. Garaşsyz Watanymyzy gülledip ösdürjek ylymly-bilimli, hakyky watançy nesilleri terbiýelemek babatda belent ösüşler gazanyldy. Sanly bilimi ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, bilim bermegiň ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän hilini üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirildi.

Döwlet hünär-tehniki, orta hünär, ýokary hünär bilimi edaralary hakyndaky Düzgünnamalaryň tassyklanylmagy, ýokary okuw mekdepleriniň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegi bilen ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda berk binýat döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiren umumy okuw sapagy okuwçy hem-de talyp ýaşlar üçin watançylyk dersine, okuwlary guramakda nusgalyk tejribä öwrüldi. Milli Liderimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna Bilimli atly kompýuterleriň gowşurylmagy, täze döwrebap mekdepleriň açylmagy bilimler baýramçylygyna ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Hasabat döwründe umumybilim edaralarynda esasy okuw dersleri boýunça olimpiadalar geçirildi. Talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallary, dürli derejeli diplomlary gazandylar.

Hasabat döwründe täze kitaplar we okuw gollanmalary neşir edildi, ýaş alymlar aspiranturalara kabul edildi. Zehinli ýaş alymlaryň we talyplaryň 57-si ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Milli Liderimiziň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek hakyndaky başlangyjy halkara ylmy jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp boldy.

Saglygy goraýyş ulgamynda Saglyk Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama, Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek atly Milli strategiýa, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Milli Strategiýa tassyklanyldy.

Geçen ýyl tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşyklary dowam etdirildi. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Ýokanç keseller hassahanasy, Magtymguly etrap Köpugurly hassahanasy dabaraly açyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşyklaryna badalga berdi.

Welaýatlaryň ählisiniň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine täze Tiz kömek awtoulaglary berildi.

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de olimpiýa hereketi işjeň ösdürilýär, Türkmenistanyň dünýäniň sport älemindäki abraýy artýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy.

Hasabatda türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda, şeýle hem Tokio şäherinde (Ýaponiýa) geçirilen XXXII Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrandyklary bellenildi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bilim, ylym, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda halkara gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe we onuň gözegçilik edýän ulgamynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bellenilen uly özgertmeleri geçirmek işlerini dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Senagatlaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek, bazar ykdysadyýeti we telekeçilik hem-de hukuk ulgamynydyr ylmy ösdürmek bu ugurlarda köp sanly hünärmenleri talap edýär. Şoňa görä-de, sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy babatda hem hünärmenleri taýýarlamak boýunça iş alyp barmak zerurdyr.

Milli Liderimiz pandemiýa garamazdan, häzirki döwürde yza galmazlyk üçin, ýiti zerur bolan ugurlar, ýagny maliýe, oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça okuw meýilnamasynyň täze maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ünsüň jemlenilmelidigini belledi. Şu maksat bilen, öňdebaryjy milli we halkara tejribe hemişe öwrenilmelidir hem-de birleşdirilmelidir. Şeýle hem täze ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak üçin, dünýäniň abraýly uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde bilelikdäki bilim maksatnamalary durmuşa geçirilmelidir, bu işe biziň ylmy institutlarymyz hem çekilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz koronawirus bilen bagly häzirki ýagdaýdan ugur alyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmegiň dowam etdirilmelidigini belledi. Önümçilige öňdebaryjy lukmançylyk ylymlary giňden ornaşdyrylmalydyr.Dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň iň täze usullary öwrenilmelidir we ulanylmalydyr. Şu maksat bilen, bu ugurda bar bolan tejribeleri netijeli alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegiň, umumymilli derejede dürli sport-sagaldyş çärelerini hem-de halkara ýaryşlary geçirmegiň içeri syýasatymyzyň strategik ugry bolup durýandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz ylym ulgamyny kämilleşdirmek üçin maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak arkaly, milli ykdysadyýetimizde ylmyň, tehnologiýalaryň we sanly innowasiýalaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmäge, ylym babatda halkara guramalar, ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyryp, ýurdumyzda we dünýäde ylmyň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmagyň hem-de ylmy-tehniki maksatnamalary utgaşdyrmagy gowulandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, sürümli ýerleriň şoruny ýuwmaga, hapa suwlary tygşytlamaga we netijeli ulanmaga gönükdirilen barlaglary geçirmek, şorlaşan ýerlerde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman seýsmotektonik ýagdaýyň ösýän şertlerinde mümkin bolan ýertitreme zolaklaryny öwrenmek boýunça işleri güýçlendirmegiň, ýer gabygynyň seýsmiki, geodinamiki, elektromagnit, gidrodinamiki we geohimiki ölçeglerine gözegçilik etmegiň hem-de baha bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow welaýatda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.Hususan-da, sebitiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň kärhanalarynda senagat önümçiligi boýunça 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 134,3 göterim ösüş gazanyldy. Şeýle hem bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 116,4 göterime deň boldy.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşmak maksady bilen, 195 müň gektar meýdana güýzlük bugdaý ekilip, ondan 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu ýyl welaýat boýunça jemi 28 müň 310 gektarda ýeralma we beýleki ekinler ösdürilip ýetişdiriler.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň gurlup ulanmaga berlendigi barada hasabat berdi.

Olaryň hatarynda Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkezi, Awaza etrabynda “Ahal — Balkan” ýokary woltly iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisi, Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy, Magtymguly etrabynda köpugurly hassahana we saglyk öýi bar.

Mundan başga-da, Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkanabat şäheriniň Halkara howa menziliniň gurluşygyna badalga berlendigi barada aýdyldy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow welaýatda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, senagat kärhanalarynyň geçen ýyldaky önümçiliginde 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 111 göterim ösüş gazanyldy. Içerki bazarda haryt dolanyşygynyň möçberi 116,5 göterime deň boldy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasy 238,5 göterim ýerine ýetirildi.

2021-nji ýylda 145 müň gektara güýzlük bugdaý ekilip, ondan 265 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär. Ýazky möwsümde gowaça ekiljek ýerleriň meýdany 140 müň gektar bolup, ondan 275 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň çäklerinde maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasynyň 153,1 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi.

2021-nji ýylyň dowamynda “Malaý” gaz käninde kuwwaty ýylda 30 milliard kub metre barabar bolan gaz gysyjy desga, önümçilik kuwwatlylygy 432 megawat bolan gaz turbinaly elektrik bekedi, Kerki şäherinde täze Halkara howa menzili, Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasy, Farap etrabynda çagalar dynç alyş merkezi, şeýle hem ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, senagat kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň möçberleriniň 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 14,1 göterim artandygy barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim welaýatda 170 müň gektara güýzlük bugdaýyň ekilendigini, meýilnama laýyklykda ondan 345 müň tonna bugdaý hasylynyň alynmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Şu ýyl welaýat boýunça 165 müň gektara gowaça, 28 müň 170 gektara bolsa ýeralma, gök, bakja we beýleki ekinler ekiler. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant bolar.

Welaýatlaryň häkimleriniň çykyşlary tamamlanandan soňra arakesme yglan edildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar taryhy ähmiýete eýe bolan bu möhüm syýasy waka mynasybetli berlen toý sadakasyna gatnaşdylar.

...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka bermäge niýetlenen ýere gelip, özi üçin taýýarlanan ýörite ýere geçip oturdy.

Milli Liderimiz sadakadan öň Halk Maslahatynyň mejlisiniň aýratyn ähmiýetini nygtady, onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çözgütler kabul ediler.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilen ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen nygtap, olaryň ählisiniň Hökümetiň mejlisiniň barşynda beýan edilendigini, geçen 2021-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleriniň jemlenilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň müftüsi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara eýerip, toý sadakasynda tebärek çykdy. Onda Beýik Biribardan ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlyk derejesiniň ýokarlanmagy, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşleriň gazanylmagy dileg edildi. Munuň özi jemgyýetimiziň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan taryhy çäreleriň milli däp-dessurlar bilen utgaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Tebärek çykylandan soň, toý sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Bereketli desterhanlaryň başyna jem bolan adamlar parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty, ýurdumyzda asudalygyň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň berkidilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi üçin Arkadag Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Halkymyzyň milli aşhanasynyň datly tagamlary, olaryň köpdürlüligi türkmen halkynyň tagam taýýarlamakda, toý sadakalaryny agzybirlikde geçirmekde oňyn tejribe toplandygyny görkezýär.

Duz-tagam dadylandan soň, aýat-doga okaldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý sadakasynyň dowamynda dutar çalmak bilen, sadaka gatnaşanlara halk sazlarynyň jadylaýjy mukamlaryndan lezzet almaga mümkinçilik beren bagşy-sazandalara minnetdarlyk bildirdi. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň döreden we kämilleşdirýän milli ruhy gymmatlyklarynyň, sungatynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, dutar dünýäde ýeke-täk notasyz çalynýan saz guraly hökmünde bellidir. Bu sungatyň notasy ussat dutarçylaryň damaryndaky ganynda, türkmen halkynyň ar-namysyndaky we wyždanyndaky notadyr. Munuň özi çalnyşy babatda bolşy ýaly, özboluşly owazy babatda dünýä nusgalyk saz guralydyr.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, “Toýdan topukça” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzda toýa gelenlere toý paýyny bermek dessurynyň bardygyny belledi we bagşy-sazandalara çuňňur minnetdarlygyň nyşany hökmünde toý düwünçeklerini paýlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şu günki möhüm waka mynasybetli berlen toý sadakasy tamamlanandan soň, paýtagtymyzyň Hezreti Omar metjidinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň metjitlerinde okalýan juma namazlarynda ýagşy dilegleriň edilýändigini belledi.

Metjitlerde okalan juma namazlarynda Beýik Biribardan ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, bereketli türkmen topragynda abadan we bagtyýar durmuşyň berkarar bolmagy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän ähli asylly başlangyçlaryň üstünliklere beslenmegi barada dilegler edildi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem toý sadakalary berildi.

Toý sadakasyndan soňra, Hökümetiň giňişleýin mejlisi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi, wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, şonuň ýaly-da, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Tutuş oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 107,8 göterime deň boldy.Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 102,4 göterime deň boldy.

Mundan başga-da, ýurdumyzda 1 million 485 müň tonna bugdaý, 1 million 280 müň tonna pagta, 86 müň tonna şaly, 2 müň 131 tonna pile öndürilip, bellenilen meýilnamalar berjaý edildi.

Bugdaý hasylyny döwrebap derejede saklamak, gaýtadan işlemek hem-de ilatymyzy ýokary hilli un, çörek we çörek önümleri, dokma kärhanalaryny bolsa zerur bolan ýüplükler bilen üpjün etmek boýunça ähli çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy. Ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek babatynda berilýän döwlet kömeginiň netijesinde, şu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny hem-de 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin ýeralma we gök-bakja ekinlerini ekmäge bölünip berlen 106 müň gektar ýerde zerur çäreler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzda maldarçylygy hem-de guşçulygy ösdürmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, ilaty et-süýt önümleri bilen üpjün etmek babatynda netijeli işler amala aşyrylýar.

Şeýle hem howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň we ýurdumyzyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän işler hem-de ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, obasenagat ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de topluma häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzda azyk harytlarynyň öndürilişini giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, içerki bazaryň bu önümler bilen üpjün edilişini gowulandyrmak, azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, oba hojalygynyň netijeliligini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir.

Şu maksatlar bilen oba hojalyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, guşçulygy we et-süýt önümçiligini, oba hojalyk toplumynyň azyk we beýleki pudaklaryny ösdürmek esasy wezipeleriň biridir diýip, milli Liderimiz belledi.

Obasenagat toplumynda azyk, maldarçylyk, et we süýt senagaty ýaly kärhanalaryň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmek hem-de şertleri döretmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz örüleri we oba hojalyk maksatly sürümli ýerleri niýetlenilişine görä we netijeli ulanmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi. Halkara tejribeden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasylyny artdyrmak we tohumçylygy ösdürmek üçin zerur işler alnyp barylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz ýer kadastryny tamamlap, dürli oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň usuly gollanmalarynyň taýýarlanylmalydygyny belledi.

Pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmegiň hem-de önümçilige öňdebaryjy ylmy tejribeleri yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Ilatymyzy özümizde öndürilen azyk önümleri, şol sanda gök önümler bilen üpjün etmek, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberlerini azaltmak, döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, gök ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek zerurdyr.

Biz maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz mallar üçin ot-iýmlik ekinleriň meýdanyny hem giňeltmelidigini belledi.

Oba hojalyk ekinleriniň suw bilen üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de goşmaça gorlaryny döretmek üçin suw howdanlaryny gurmak we olaryň göwrümlerini giňeltmek işlerini hem alyp barmagyň zerurdygy bellenildi. Oba hojalyk ekinleri suwarylanda ulanylýan suw tygşytlaýjy häzirki zaman usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmalydyrys we bu ugurda iň gowy dünýä tejribesini ulanmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow 2021-nji ýylda paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Maýa goýumlary özleşdirmek, desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, hojalyk hasaplaşygynda işleýän edara-kärhanalaryň önümçilik meýilnamasynyň 146,3 göterim ýerine ýetirilendigi baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Geçen ýylda paýtagtymyzy yzygiderli abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek bilen bir hatarda, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi.Olaryň hatarynda 2 sany bankyň edara binasy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Halkara ahalteke atçylyk we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkeziniň binalar toplumy, “Arkadag” we “Garagum” otelleri, seýilgähler we seýilbaglar, ýerasty geçelgeler, “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezi, şeýle hem birnäçe ýaşaýyş jaý toplumlary we beýlekiler bar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2021-nji ýylda DIM-niň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.Ol sözüniň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagynyň on bäş ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de milli Liderimize Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, sebit hem-de halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksadalaýyk çäreleriň görlendigi bellenildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda döwlet we hökümet derejesinde hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.Geçen ýyl Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň Türkmenistana döwlet, resmi we iş saparlary, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, 28-nji noýabrda bolsa Aşgabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi.

Hasabat döwründe BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy, YHG-nyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretarlary ýurdumyza geldiler.

Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýe Respublikasyna we Russiýa Federasiýasyna saparlary amala aşyrdy.

2021-nji ýylyň dowamynda milli Liderimiz sanly ulgam arkaly birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitine, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahatyna, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine onlaýn tertipde gatnaşdy.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde, BMG-niň senagat meseleler boýunça maslahatynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym we tehnologiýalar boýunça sammitinde hem-de Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda çykyş etdi.

2021-nji ýylda milli Liderimiziň birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary hem-de Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi.

Hasabat döwründe DIM arkaly ýurdumyza jemi 97 sany wekiliýet sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 54 sany wekiliýet gitdi.

Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 1985-si geçirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gepleşikleriň 186-sy guraldy. Halkara resminamalaryň 208-sine gol çekildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça duşuşyklar we geňeşmeler yzygiderli geçirildi. 2021-nji ýylda birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen gepleşikler geçirildi.Türkmenistan DIM-niň derejesinde köptaraplaýyn duşuşyklara, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasyndaky C5+1, Merkezi Aziýa — Hytaý, Merkezi Aziýa — Russiýa, Merkezi Aziýa — Koreýa we Merkezi Aziýa — Hindistan görnüşindäki duşuşyklara hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahatyna, Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi ýokary derejeli dialogyna gatnaşdy.

Mundan başga-da, Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Geçen ýylda ýurdumyz Kongo Respublikasy we Niger Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimize Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Ukrainanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň we Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem-de BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenilen Hemişelik utgaşdyryjysy we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Şol döwürde Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Oman Soltanlygyndaky, Tunis Respublikasyndaky, Polşa Respublikasyndaky we Kuweýt Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri degişli döwletleriň Baştutanlaryna ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Garalýan döwürde ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça yzygiderli ädimler ädildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus, türkmen-eýran, türkmen-rus, türkmen-täjik, türkmen-özbek, türkmen-gyrgyz, türkmen-gazak toparlarynyň, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň, Senagat boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky duşuşyklarynyň geçirilendigini bellemek gerek. Şeýle hem daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine ýüzlenip, häzirki wagtda dünýäde bolup geçýän ýagdaýlardan ugur alyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatyny ösdürmegiň we onuň gerimini has giňeltmegiň talap edilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda iri halkara we sebit guramalary, şeýle hem dünýäniň döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri dowam etmek zerurdyr.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýetli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, bu guramanyň we beýleki köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde Dialog — parahatçylygyň kepili diýen ählumumy başlangyjy ösdürmek boýunça zerur işleri alyp barmak möhümdir.

Bu başlangyç 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady atly halkara maslahatyň çäklerinde häzirki döwrüň halkara gatnaşyklaryň filosofiýasy hökmünde teklip edildi.

Şeýle hem biziň milli ulag-logistika, ýangyç-energetika, tebigaty goramak we ekologiýa diplomatiýamyzy göz öňünde tutup, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulmazlyk Hereketi, Bütindünýä Söwda Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara hem-de sebit düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmek zerurdyr.

Bitarap Türkmenistanyň köptaraply diplomatiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň Merkezi Aziýa we golaýdaky hyzmatdaş döwletler bilen özara bähbitli we uzak möhletli hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn ähmiýet bermek wajypdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda 2021-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamany durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Hazarýaka sebitiň döwletleri bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilmelidir we hyzmatdaşlygyň täze usullary hem-de ugurlary işlenip taýýarlanylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Türkmenistanda Altynjy sammitini ýokary derejede we netijeli guramak üçin zerur işleri geçirmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.

Garaşsyz döwletimiziň Aziýa — Ýuwaş umman, Amerika we Ýewropa ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegi üpjün etmek möhümdir.

Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrligine hyzmatdaş döwletler we halkara guramalar bilen gatnaşyklarda ýurdumyzyň syýasy-ykdysady diplomatiýasyny işjeň alyp barmagy, ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bu meselede zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi, ol 2021-nji ýylda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barlan işler barada maglumat berdi.

Mejlisiň ýolbaşçysy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň häzirki mejlisiniň Türkmen döwletiniň täze taryhyndaky, onuň demokratik binýatlarynyň pugtalandyrylmagyndaky aýratyn ähmiýetini nygtap, şu gün kabul edilen çözgütleriň Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy, onuň täze taryhy eýýamda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy üçin berk binýat boljakdygyny belledi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçen 2021-nji ýylda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalary kanunçylyk taýdan üpjün etmek, milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Bu işler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mejlisiň deputatlary bilen 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda geçiren duşuşygynda hem-de Hökümetiň mejlislerinde öňde goýan wezipelerinden ugur almak arkaly amala aşyryldy.

Mejlisiň maslahatlarynyň dördüsi geçirilip, olarda döwletiň we jemgyýetiň dürli ulgamlaryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunlaryň hem-de kararlaryň jemi 123-si, şol sanda kanunlaryň 71-si, Mejlisiň kararlarynyň 52-si kabul edildi.

Mejlisiň we Halk Maslahatynyň agzalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen Türkmenistanyň täze kanunlarynyň birnäçesi kabul edildi, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, dürli ugurlara degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp baryldy.

Häzirki döwürde dünýäniň köp sanly döwletleriniň kanunçykaryjy edaralary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Parlamentara Bileleşigi we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy, Ýewropa döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň parlamentleri bilen dostluk toparlary döredildi. Häzirki wagtda şeýle toparlaryň 44-si hereket edýär.

Halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm bölekleri bilen gatnaşyklar üstünlikli dowam etdirilýär. 2021-nji ýylda Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, kanunçykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam edýän duşuşyklaryň hem-de maslahatlaryň 191-sine gatnaşdylar. Şolaryň 148-si sanly ulgam arkaly geçirildi.

Mejlisde dünýäniň 15 ýurdundan parlament ýolbaşçylarynyň 17-siniň gatnaşmagynda “Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny” atly sanly ulgam arkaly maslahat hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň önümçilik tejribelikleri geçirildi.

Ýurdumyzyň parahatsöýüjilik we netijeli daşary syýasat ugruny, Garaşsyzlygyň geçen 30 ýylynda ýetilen sepgitleri, kabul edilen kanunçylyk namalaryny wagyz etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Deputatlar ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen dürli çärelere gatnaşýarlar, saýlawçylar, şeýle hem ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary, öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýarlar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew bu düzümiň 2021-nji ýylda ýerine ýetiren toplumlaýyn işleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda geçirilýän mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň geljek otuz ýylyň içinde ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etjek işlere hem-de ýeten sepgitlerine mynasyp baha berilýär.

Demokratiýanyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyna hem-de bagtyýarlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasy bolan iki palataly parlamentiň döredilmegi geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň döredilen ilkinji günlerinden milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň hukuk we demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, kabul edilmegi meýilleşdirilýän kanun taslamalaryny seljermek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy.

Bu işleri ýerine ýetirmek üçin Milli Geňeşiň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, ylmy edaralar we ýokary okuw mekdepleri bilen işjeň aragatnaşyklar ýola goýuldy.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň dört mejlisi geçirildi. Olarda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň mundan beýläkki ösüşi, adamlaryň durmuş goraglylygy, telekeçilik, ylym-bilimi ösdürmek, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly we beýleki ugurlara degişli täze kanunlaryň onlarçasy ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

Halk Maslahatynyň agzalary ýurdumyzyň häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, önümçilik kärhanalarynyň, ylmy edaralarynyň hünärmenleri we bilermenleri, şeýle hem raýatlarymyz bilen gatnaşykda bolup, kanunçykaryjylyk işini yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda teklipleri işläp taýýarlamak bilen bagly işleri alyp bardylar.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek hem-de kanunçykaryjylyk işi barada tejribe alyşmak, Garaşsyz Diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny dünýä ýaýmak maksady bilen, Halk Maslahaty halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen degişli işleri alyp bardy.

Halk Maslahatynyň agzalary maslahatlara, duşuşyklara hem-de beýleki jemgyýetçilik çärelerine yzygiderli gatnaşyp, wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidirler. Şu meselede dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň oňyn tejribesine we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna goldanmalydyrlar diýip aýtdy.

Şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýar. Şoňa görä-de, biziň Esasy Kanunymyzyň mazmunyny, onda beýan edilen kadalary we ýörelgeleri, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça amala aşyrylýan anyk işleri düşündirmek we giňden wagyz etmek babatda çäreleriň toplumyny geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Geňeşiň Mejlisi we Halk Maslahaty Daşary işler ministrligi bilen bilelikde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gowy taýýarlyk görmeli.Bu forumy 2022-nji ýylyň maý aýynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogyny hem şu forumyň çäklerinde guramak meýilleşdirilýär. Şoňa görä-de, Parlamentara forumyň gün tertibiniň taslamasyny taýýarlamaly hem-de bu ugurda ýurdumyzyň Hökümeti bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahaty hem-de Mejlisi dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça işleri dowam etmelidir. Halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän guramalar bilen hyzmatdaşlyk has-da berkidilmelidir.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini wagyz etmek boýunça alyp barýan işlerini dowam etmeli. Wekilçilikli häkimiýetiň ýerli edaralaryna, öz-özüňi dolandyryş edaralaryna kanunçylygy öwrenmek boýunça guramaçylyk we usulyýet kömegini bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary umumylaşdyryp, geçen ýylyň netijelerini jemledi.

Geçen 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda biz ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny ägirt uly buýsanç duýgulary bilen giňden belläp geçdik diýip, milli Liderimiz nygtady we berkarar döwletimiziň baş baýramyny mynasyp garşylamak maksady bilen, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Watandaşlarymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bize bellän ähli meýilnamalarymyzy ýerine ýetirmek başartdy. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk.

Geçen ýyl jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, parahatçylygyň hem-de demokratiýanyň mizemez gymmatlyklaryny özünde jemleýän kanunlary işläp taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi.

Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda diýen ýaly önümçiligiň bellenen möçberleriniň aňryçäk ösüş depgini üpjün edildi. Bölek haryt söwda dolanyşygynyň we daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri ýokarlandy.

Döwlet Baştutanymyz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleriniň artdyrylandygyny belläp, Türkmenistanda 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylda ortaça zähmet hakynyň möçberiniň 366,3 göterim ýokarlanandygyny aýtdy.

Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemek üçin 2008 — 2021-nji ýyllarda goýberilen maliýe serişdeleri bolsa 1054 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan köp çagaly eneleriň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem anyk çäreler durmuşa geçirilip başlandy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 24,6 milliard manada barabar boldy.

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amatly taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge gönükdirilen netijeli işler alnyp baryldy, hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlary kesgitlendi.

Koronawirus pandemiýasy we köp ýurtlarda girizilen çäklendirmeler şertinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berildi. Garaşsyzlygymyzyň, howpsuz we asuda durmuşymyzyň kepili bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby hem berkidilýär.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda gallanyň we gowaçanyň gowy hasyly alyndy, iri zawod-fabrikleriň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Geçirýän özgertmelerimize laýyklykda, nebitgaz känleri özleşdirilýär, esasy gaz geçirijiler çekilýär. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň we beýleki durmuş desgalarynyň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz geçen ýyl göz öňünde tutulan 30 desganyň ýerine umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 sany iri desganyň ulanmaga berlendigini kanagatlanma bilen belledi.

Aşgabatda Hökümet binalar toplumy, Söwda merkezi we iki sany 7 ýyldyzly myhmanhana açyldy.Ahal welaýatynda iki sany iri dokma toplumy we ýokary tizlikli awtomobil ýoly, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýokanç keseller hassahanasy, Magtymguly etrabynda köpugurly hassahana we Bereket etrabynda uly suw howdany, Daşoguz welaýatynda haly fabrigi ulanmaga berildi. Şeýle hem ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde Türkmeniň ak öýi binalary, Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň täze üpjünçilik desgalary, Lebap welaýatynda Kerki Halkara howa menzili, iri elektrik we gaz basyş stansiýalary, Mary welaýatynda hem plastmassa turbalaryny öndürýän zawod işe girizildi.

Geçen ýyl Akina — Andhoý stansiýalarynyň arasynda 30 kilometrlik demir ýol ulgamy, Kerki — Şibirgan ugry boýunça 153 kilometrlik elektrik geçiriji, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ulanmaga berildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek we ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça işler hem kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda alnyp barylýar.

Saglygy goraýyş babatda hem öz wagtynda zerur çäreler görüldi.Sebäbi jemgyýetiň saglygy döwletiň berk esasydyr. Şoňa görä-de, biz adamlaryň saglygyny goramak we ömür dowamlylygyny artdyrmak, keselleriň öňüni almak hem-de sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barýarys.

Halkymyzyň, şol sanda ýaş nesillerimiziň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň şerti hökmünde bedenterbiýä hem-de sporta örän uly ähmiýet berýäris.Biz geçen ýyl Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanan üstünligimize örän buýsanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly halkara gatnaşyklar babatda hem şowly boldy.Biz dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly üns berýäris.Bu gatnaşyklar ynanyşmaga we özara düşünişmäge, dürli ugurlarda açyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýar.

Ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklar bilen birlikde, Bitarap Türkmenistan iri halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

Şeýlelikde, ozal hem bolşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy berkarar döwletimiziň esas goýujy kadalaryna, anyk aýdylanda bolsa, Bitaraplyk, parahatçylygy söýmek, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna laýyklykda amala aşyryldy. Ýurdumyzda halkara ähmiýetli çäreler ýokary derejede geçirildi. Şol çäreleriň arasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisine, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine aýratyn ähmiýet bermelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Parahatçylygy söýüji we netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesi halkara jemgyýetçilikde yzygiderli ýokarlanýar. Biziň ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarda öňe sürýän köp sanly başlangyçlaryna düşünilýär we olar giňden goldanylýar.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlyk etmäge uly goşant goşdy we goşmagyny dowam edýär.

Bularyň ählisi biziň dünýädäki ornumyzy berkitmäge hem-de Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga ýardam berdi diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Umuman, geçen ýyly häsiýetlendirip, men onuň köp sanly möhüm wakalar we üstünlikler bilen ýurdumyzyň taryhynda hem-de halkymyzyň hakydasynda hemişelik galjakdygyny ynam bilen aýdyp bilerin. 2021-nji ýylda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýen şygar bilen ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny peýdalanmak, uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek hem-de milletimiziň ruhy-medeni taýdan gülläp ösmegini gazanmak boýunça örän uly işler bitirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Men bu barada öň hem birnäçe gezek aýdypdym, ýene-de gaýtalamak isleýärin, biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam edip, Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň agzalaryna we ýygnananlaryň ählisine ýüzlenip, her ýylyň belli bir şygar boýunça geçirilýändigini ýatlatdy. Şu ýylyň şygary Halkyň Arkadagly zamanasy diýlip kesgitlenildi.Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär.

Bu şygar watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir.

Munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalaryň, täze pikirleriň we dolandyryş çözgütleriniň zerurdygyny belledi.

Şoňa görä-de, siz köp başlangyçlar bilen çykyş etmeli, işjeň zähmet çekmeli.

Ýene degişli makalalar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki eden çykyşy
ЗАВЕРШИЛСЯ ОФИЦИАЛЬНЫЙ ВИЗИТ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА В ОБЪЕДИНЁННЫЕ АРАБСКИЕ ЭМИРАТЫ
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine...
Milli ykdysadyýetiň girdejili pudagy
Türkmenistanyň günbatarynda tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy